Mugallymlar üçin okuwçylar bilen koronawirusyň keseli (COVID-19) barada gürleşmegiň ýollary

Ýaş aýratynlygyna baglylykda, çagalara ruhy goldaw bermek we goramak üçin olar bilen gürrüňdeş bolmagyň ýollary barada maslahatlar

ÝUNISEF
tuk-covid-teachers
UNICEF
04 Sentýabr 2020

Bütin dünýäde adamlar özüni, maşgalalaryny we jemgyýetini koronawirusyň keselinden (COVID-19) goramak üçin çäreleri görýär. Şeýle-de bolsa, çagalaryň oňaýly, hoşniýetli, inklýuziw we goldaw berýän gurşawda bilim almagyny dowam etmegi zerur.

Muny durmuşa geçirmekde mekdepler we mugallymlar uly orny eýeleýär. Koronawirusyň keseli (COVID-19) barada anyk we ylma esaslanan maglumatlaryň alyş-çalşygy çagalarda kesel bilen bagly gorkyny we howsalany azaltmaga, olara durmuşynda bolup geçýän beýleki ýagdaýlaryň hötdesinden gelmäge ýardam berer.

Bu makalada mugallymlar üçin dürli ýaşdaky (mekdebe çenli, başlangyç, orta we ýokary synp) çagalary koronawirusyň keseliniň (COVID-19) we beýleki wiruslaryň öňüni almaga we ýaýraýşyny gözegçilikde saklamaga goşant goşmaga itergi berjek maslahatlar beýan edilýär. Islendik gürrüňdeşlikler we çäreler çagalaryň kesgitli zerurlyklaryny, mekdep, ýerli we/ýa-da milli häkimiýetiň maslahatlaryny nazara almaly we ÝUNISEF we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýaly ynamly maglumat çeşmelerine esaslanmaly.

 

Mekdebe çenli ýaşdaky çagalar

  • Oňaýly saglyk endikleri, mysal üçin, asgyrylanda ýa-da üsgürilende agzymyzy tirsegimiz bilen ýapmalydygy we elimizi ýygy-ýygydan ýuwmalydygy barada aýdyň. Keseliň ýokuşma howpunyň öňüni almak barada şu ýerde has giňişleýin okaň.
  • Çagany koronawirusyň keselinden we beýleki kesellerden goramagyň netijeli usullarynyň biri ýygy-ýygydan azyndan 20 sekundyň dowamynda elimizi ýuwmagy öwretmekdir. Muny tabşyryk beriji äheňde däl-de, onuň üçin gyzykly boljak şekilde öwrediň. Mysal üçin, eliňizi ýuwýan wagtyňyz, The Wiggles topary bilen aýdym aýdyň we bu tans hereketlerini gaýtalaň. El ýuwmak barada has giňişleýin maglumaty şu ýerden alyň.
  • Çagalaryň elini ýuwuşyna gözegçilik ediň we olary ýygy-ýygydan/wagtynda elini ýuwmaga höweslendiriň.
  • Gurjaklary ulanmak arkaly, keseliň alamatlaryny (asgyrmak, üsgürmek, gyzdyrma) görkeziň, çaga özüni ýaramaz duýan ýagdaýynda (mysal üçin kellesi, garny agyrsa ýa-da gyzdyrsa, ysgynsyz bolsa) näme etmelidigini we kesellän adama goldaw bermegi (duýgudaşlyk we howpsuz endikler) öwrediň.
  • Bir ýerde toplanylanda, çagalary biri-birinden uzak aralykda oturdyň. Munuň üçin elleriňizi uzatmak ýa-da “ganat kakmak” ýaly usullary ulanyň. Çagalaryň elleri biri-biriniňkä galtaşmaz ýaly uzaklykda bolmaly.

 

Başlangyç synp okuwçylary

  • Çagalaryň başdan geçirýän ýagdaýy barada gyzyklanyň we olaryň ýaş aýratynlygyna esaslanyp, soraglaryna jogap beriň, olara artykmaç maglumat bilen agram salmaň. Olary öz duýgulary bilen paýlaşmaga iteriň. Başdan geçirýän duýgulary barada gürleşiň we adatdan daşary ýagdaýda şeýle bolmagy adaty zatdygyny düşündiriň.
  • Özüni we beýlekileri goramak üçin çagalaryň köp zat edip bilýändigini aýdyň. Mysal üçin, adamlaryň arasynda araçägi saklamak (dostlarynyň ýanyndan uzakda durmak, köpçülik ýerlerine barmazlyk, zerur bolmasa adamlar bilen galtaşmazlyk we ş.m.) barada düşündiriň. Mundan başga-da, asgyrylanda, üsgürilende agzymyzy tirsegimiz bilen ýapmak, elimizi ýygy-ýygydan ýuwmak ýaly oňaýly saglyk endikleri barada aýdyň. Keseliň ýokuşma howpunyň öňüni almak barada şu ýerde has giňişleýin okaň.
  • Keselleriň öňüni almak we gözegçilik etmek barada çagalara umumy düşünje beriň. Munuň üçin mikroblaryň ýaýraýşyny görkezýän tejribeleri görkeziň. Mysal üçin, suw pürküjili çüýşä reňkli suw guýup, ak kagyza suw sepmek bilen, damjajyklaryň howada nähili uzaklykda ýaýraýandygyna gözegçilik edip bilersiňiz.
  • Näme üçin elimizi 20 sekundyň dowamynda ýuwmalydygyny görkeziň. Mysal üçin, çaganyň eline birnäçe ýyldyrawuk ýelmeşdiriň we olary diňe suw bilen ýuwup aýyrmaklaryny soraň we netijede çaganyň elinde galan ýyldyrawuklary görkeziň. Soňra ondan elini 20 sekuntlap ýuwmagy soraň we ýyldyrawuklaryň aýrylandygyny görkeziň.
  • Keseliň ýokuşmak howpuny artdyrýan endikleri seljermek üçin çagalara tekst okadyň we olary üýtgetmegiň ýollaryny maslahat beriň. Mysal üçin, dümewli mugallym mekdebe gelýär. Asgyranda agzyny eli bilen ýapýar. Kärdeşi bilen elleşip salamlaşýar. Soňra elini elýaglyga süpürip, ders okatmak üçin synpa girýär. Mugallym keseliň ýaýramak ähtimallygyny artdyrýan haýsy hereketleri ýerine ýetirdi? Ol munuň ýerine näme etmelidi?

 

Orta synp okuwçylary

  • Okuwçylary aladalandyrýan meseleleri hökman diňläň we olaryň soraglaryna jogap beriň.
  • Okuwçylar özüni we beýlekileri goramak üçin köp za edip bilýändigini belläň. Mysal üçin, adamlaryň arasynda araçägi saklamalydygyny düşündiriň. Mundan başga-da, asgyrylanda, üsgürilende agzymyzy tirsegimiz bilen ýapmak, elimizi ýygy-ýygydan ýuwmak ýaly oňaýly saglyk endikleri barada aýdyň. Keseliň ýokuşma howpunyň öňüni almak barada şu ýerde has giňişleýin okaň.
  • Dogry saglyk endikleri barada öwrenenlerini öz maşgala agzalaryna gürrüň bermelidigi barada okuwçylara ýatladyň.
  • Okuwçylary tagmaly pikirlere garşy durmaga we onuň öňüni almaga iteriň. Kemsidiji ýagdaýlar bilen bagly başdan geçirmegi mümkin bolan duýgulary barada gürleşiň we adatdan daşary ýagdaýlarda munuň adaty zatdygyny düşündiriň. Olary öz duýgulary bilen paýlaşmaga we beýan etmäge iteriň, şeýle-de gorkynyň we tagmaly pikirleriň ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrýandygy barada aýdyň. Sözleriňize üns beriň, bar bolan tagmaly pikirleri berkidýän sözleri ulanmakdan saklanyň. Bu adamlaryň özüni goramagy üçin zerur çäreleri görmegine böwet bolup biler. Çagalar bilen koronawirus hakynda gürleşmegiň ýollary hakynda maslahatlary okaň.
  • Okuwçylaryň toparyny dörediň we olardan saglygy goramak boýunça maglumatlary ýaýratmagy soraň.
  • Beýleki derslerde hem saglygy goramaga degişli düzgünler barada düşünje beriň. Tebigy ylymlary öwredýän derslerde wiruslar, keselleriň geçişi we sanjymlaryň zerurlygy barada öwredip bilersiňiz. Jemgyýetçilik ylymlarynda pandemiýanyň taryhy we saglygy goraýyş we howpsuzlyk boýunça syýasatlaryň ýyllaryň dowamynda özgerişi barada sapak geçmek bolar.
  • Okuwçylara mekdep bildirişleri we posterler arkaly, jemgyýet üçin bildirişleri taýýarlamagy ýumuş beriň.
  • Media sowatlylyk dersleri çagalara seljermek, jemgyýet bilen netijeli aragatnaşyk etmek başarnyklaryny ele almaga we işjeň raýat bolup ýetişmäge ýardam berer. Bu öz gezeginde olara ýalan maglumatlary kesgitlemäge kömek eder.

 

Ýokary synp okuwçylary

  • Okuwçylary aladalandyrýan meseleleri hökman diňläň we olaryň soraglaryna jogap beriň
  • Özüni we beýlekileri goramak üçin, çagalaryň köp zat edip bilýändigini belläň. Mysal üçin, adamlaryň arasynda araçägi saklamak barada düşündiriň. Mundan başga-da, asgyrylanda, üsgürilende agzymyzy tirsegimiz bilen ýapmak, elimizi ýygy-ýygydan ýuwmak ýaly oňaýly saglyk endikleri barada aýdyň. Keseliň ýokuşma howpunyň öňüni almak barada şu ýerde has giňişleýin okaň.
  • Okuwçylary tagmaly pikirlere garşy durmaga we onuň öňüni almaga iteriň. Kemsidiji ýagdaýlar bilen bagly başdan geçirmegi mümkin bolan duýgulary barada aýdyň we adatdan daşary ýagdaýlarda munuň adaty zatdygyny düşündiriň. Olary öz duýgulary bilen paýlaşmaga we beýan etmäge iteriň, şeýle-de gorkynyň we tagmaly pikirleriň ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrýandygy barada aýdyň. Sözleriňize üns beriň, bar bolan tagmaly pikirleri berkidýän sözleri ulanmakdan saklanyň. Bu adamlaryň özüni goramagy üçin zerur çäreleri görmegine böwet bolup biler. Çagalar bilen koronawirus hakynda gürleşmegiň ýollary hakynda maslahatlary okaň.
  • Beýleki derslerde hem saglygy goramaga degişli düzgünler barada düşünje beriň. Tebigy ylymlary öwredýän derslerde wiruslar, keselleriň geçişi we sanjymlaryň zerurlygy barada öwredip bilersiňiz. Jemgyýetçilik ylymlarynda taryhda bolup geçen pandemiýalar we olaryň soňky täsiri, şeýle-de çydamlylygy we jemgyýetiň jebisligini ösdürmekde döwlet syýasatynyň ähmiýeti barada sapak geçmek bolar.
  • Okuwçylardan sosial torlarda, radioda ýa-da ýerli teleýaýlymda bildirişli çykyşlary etmegi soraň.
  • Media sowatlylyk dersleri çagalara seljermek, jemgyýet bilen netijeli aragatnaşyk etmek başarnyklaryny ele almaga we işjeň raýat bolup ýetişmäge ýardam berer. Bu öz gezeginde olara ýalan maglumatlary kesgitlemäge kömek eder.