ÝUNISEF we Bilim ministrligi Türkmenistanda okuw robototehnikasy boýunça ilkinji ýaryşy geçirdiler we çagalary innowasiýalara ruhlandyrdylar

25 Sentýabr 2023
UNICEF and the Ministry of Education conducted the first Educational Robotics Competition in Turkmenistan inspiring innovation among children
UNICEF Turkmenistan

2023-nji ýylyň 25-nji sentýabry, Aşgabat - Türkmenistanda robot tehnikasy boýunça ilkinji ýaryşlary guramak üçin ÝUNISEF we Bilim ministrligi tagallalaryny bir ýere jemlediler. Çäre 2023-nji ýylyň 23-24-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäheriniň 97-nji orta mekdebinde geçirildi we ol Türkmenistanda bilimi ösdürmekde ädilen ähmiýetli ädimleriň biri boldy.

Okuw robot tehnikasynyň ýaryşy iki maksada gulluk etdi: okuw robototehnikasynyň terbiýeçilik taýdan artykmaçlyklary barada okuwçylaryň, mugallymlaryň we ene-atalaryň habarlylygyny ýokarlandyrmak we bilimiň şu gyzykly ugruny öwrenmäge olary ruhlandyrmak. Şunlukda, ýaryş bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň döwrebap usullary arkaly bilime bolan höwesi ösdürmäge çalyşdy.

Türkmenistanyň ähli sebitlerinden gelen gyzlar we oglanlar alty ugur boýunça ýaryşdylar we ugurlaryň her biri döredijilik ukybyny we meseleleri çözmek boýunça endikleri ösdürmäge gönükdirildi. Olar “Robotlaryň ýaryşy”, awtomatlaşdyrylan robotlaryň dinamik ýaryşy we emeli ýerlerde hereket edýän robotlardan we doly päsgelçiliklerden ybarat “Marsohodyň” ýaryşyny öz içine aldy. Ondan başga-da, ýaşlar STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) bilen baglanyşykly taslamalaryny, ylym, tehnologiýalar we matematika boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Täzeçillikleriň neslini ruhlandyrjak we zerur endikler we gurallar bilen üpjün etjek iň gowy taslamalara birnäçe baýraklar bellenildi. Ýaryşa gatnaşyjylara telewizorlar, planşetler, robot tehnikasy boýunça bukjalar we akylly sagatlar berildi.  

ÝUNISEF we Bilim ministrligi tarapyndan bilim dünýäsine guralan bu syýahat Türkmenistanyň ýaşlary gelejegiň çagyryşlaryna taýýarlaýan dünýä derejesinde bilimi üpjün etmäge bolan ygrarlylygyny tassyklaýar. Okuw robot tehnikasy boýunça ýaryşa gatnaşyjylaryň sanynyň ýokarydygy çagalaryň tehnologiýalara we innowasiýalara bolan gyzyklanmasyny, şeýle-de ýurduň okatmagyň döwrebaplaşdyrylan usullaryny girizmäge we okuwçylaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini ulanmaga bolan yzygiderli tagallasyny görkezýär.

Ashgabat, 25 September 2023 – UNICEF and the Ministry of Education joined forces to organize the first Educational Robotics Competition in Turkmenistan. The event took place on 23-24 September 2023, at School No. 97 in Ashgabat, marking a significant step forward in Turkmenistan's educational advancement. The Educational Robotics Competition served a dual purpose: to raise awareness among pupils, teachers, and parents about the pedagogical benefits of educational robotics and to motivate them to explore thi

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.