ÝUNISEF we Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy çagalar üçin netijeleri gazanmak ugrunda hyzmatdaşlyga girişdiler
2025-nji ýylyň 31-nji marty, Aşgabat – ÝUNISEF we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Türkmenistanda çagalaryň abadançylygyny we hukuklaryny üpjün etmek boýunça tagallalary pugtalandyrmak ugrunda täze hyzmatdaşlyga badalga berýärler. “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň dowamynda gol çekilen bu hyzmatdaşlyk ýurtda saglygy goraýyşy, bilimi ösdürmegiň, çagalary goramagyň we olaryň sosial integrasiýasy ýolunda ädilen wajyp ädimi alamatlandyrýar.
“Haýyr-sahawat gaznasynyň işi, goldawa mätäçlere kömek etmek däbiniň ajaýyp mysaly bolup durýar. 2021-nji ýylda döredilen pursatyndan başlap ol bütin ýurt boýunça howandarlyga mätäç çagalara bejeriş we lukmançylyk goldawyny üpjün edip gelýär. Gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy gününde onuň bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak biziň üçin uly mertebedir», diýip ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna belläp geçdi.
Ondan başga-da, Haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen birlikde, ÝUNISEF Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Adalatçynyň edarasy bilen 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryna, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Tennis federasiýasy bilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekdi.
Halkara maslahat halkara bilermenler, şol sanda, ÝUNISEF-iň sebit edarasynyň hünärmenleri we bilermenleri, syýasatçylar we hyzmatdaşlar üçin çagalaryň hukuklary we abadançylygy hakynda pikirleri we tejribäni alyşmak üçin mümkinçiligi üpjün etdi.
Her bir çaganyň gorag astynda, bilimli bolan we hukugy üpjün edilen gelejegiň umumy umumy görnüşini öňe sürmek üçin ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümeti, ministrlikler we Haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydyr.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.