ÝUNISEF barada

ÝUNISEF dünýäniň 190 döwletinde, şol sanda Türkmenistanda, çagalaryň hukuklaryny öňe sürýän we goraýan global liderdir.

Parents playing with their baby

ÝUNISEF-iň ynamy

Dünýäniň ýaşaýyş üçin has oňaýly ýere öwrülmegi üçin, ähli çagalaryň ýaşamaga, ösmäge we öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge bolan hukugy bardyr

Biziň wezipämiz

ÝUNISEF her bir çaganyň hukuklarynyň dolulygyna berjaý edilýän dünýäni gurmaga ýardam berýär. Biz çagalara ideg etmegiň we olary terbiýelemegiň adamzadyň ösüşi üçin esas bolup hyzmat edýändigine berk ynanýarys.

ÝUNISEF, çagalaryň ösmegine böwet bolýan garyplyk, sütem, keseller we hukuk kemsitmeleri ýaly päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin bilelikde işlemek maksady bilen, 1946-njy ýylda esaslandyryldy. Iň täzeçil pikirleri durmuşa geçirmek üçin, ÝUNISEF-e ýokary derejede çözgüt kabul edýän taraplara we has aşaky gatlakda ýerleşýän hyzmatdaşlara täsir edýän global ygtyýarlyklary berildi.

 

A boy holds UNICEF_supplied blanket in Greece
UNICEF 1950 ý. Oglanjyk ÝUNISEF tarapyndan paýlanan epli ýorgany elinde saklap dur. ÝUNISEF Gresiýanyň demirgazyk-günbataryndaky Kastoriýa şäherçesiniň ýaşaýjylaryny gündelik esasda süýt önümleri, balyk ýagy we çagalar we ene süýdi bilen iýmitlendirýän eneler üçin beýleki azyk önümler, şeýle-de maşgalalary, şol sanda II Jahan urşy sebäpli ýaşaýan ýerinden göçmäge mejbur bolan çagalary ýorgan, sabyn bilen üpjün edýär.
Women health workers in China distribute UNICEF-supplied vitamins
UNICEF 1981-nji ýylda zenanlaryň saglygyny goraýyş işgärleri ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa hyzmatlarynyň çäklerinde Hytaýyň Hubeý welaýatynda ýaşaýan zenanlara we olaryň çagalaryna ÝUNISEF tarapyndan üpjün edilen witaminleri paýlaýarlar.

Biz kim

1994-nji ýyldan bäri ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde iş alyp barýar. ÝUNISEF bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurduň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýa we Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakyndaky konwensiýa laýyklykda çagalaryň hukuklaryny berjaý etmek boýunça üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ýardam berýär.

Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasynda 2016-2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Ýurt boýunça maksatnamasyna laýyklykda, hukuk namalaryny, syýasatlary we tejribäni halkara ülňülerine laýyk getirmek arkaly, ÝUNISEF çaganyň hukuklarynyň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmegini tizleşdirmekde Türkmenistanyň Hökümetine goldaw berýär. Kiçi ýaşly çagalaryň we maýyplygy bolan çagalaryň ýaşamaga we ösmäge bolan hukuklaryny goramak bu tagallalaryň özenini düzýär.

ÝUNISEF saglygy goraýyş, bilim we durmuş taýdan gorag ulgamlarynda iş alyp barýar. Biz çaganyň irki ösüşi, howanyň üýtgemegi, maýyplygy bolan çagalar we çagalaryň işjeňligi boýunça pudagara meseleleri çözmek ugrunda tagalla edýäris.