Innowasiýalaryň kömegi bilen çagalar üçin maglumat toplamak

ÝUNISEF ýurtda çagalaryň we zenanlaryň ýagdaýyna baha bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Hökümetine Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlagy geçirmäge ýardam berýär.

Juli Pudlowski
tuk-1-June-2018-event
UNICEF Turkmenistan 2018
15 Maý 2018

2015-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Ilat boýunça bölüminiň müdiri Gurbangözel Çaryýewa, Ahal welaýatynyň Döwlet statistika bölüminiň oba hojalyk bölüminiň müdiri Eziz Gurbansahetow Türkmenistanda Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlagy (MICS-5) üçin maglumat toplamaga girişdiriler.

Bu çagany dünýä indirmek we terbiýelemek ýaly ägirt uly jogapkärçilik boldy.

Gurbangözel Çaryýewa

lat arasynda sorag-jogap alyşmaga başlamazdan öň, Gurbangözel we onuň barlag topary Panama, Taýland we Türkiýe ýaly ýurtlara gidip, Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlagy geçirmek boýunça ÝUNISEF-iň sebitleýin seminarlaryna gatnaşdylar. Olar barlag we onuň düzüm bölekleri barada, şeýle-de barlag meýilnamalaryny işläp taýýarlamagyň we maliýeleşdirmegiň, hasabat taýýarlamagyň usullary barada öwrendiler. Mundan başga-da dünýäniň ähli künjeginden gelen kärdeşleri bilen öz pikirleri we käbir meseleleriň çözgütleri barada teklipleri bilen paýlaşdylar.

Her welaýata we Aşgabat şäherine bir topardan ýeter ýaly, okuw geçen hünärmenler 6 topara bölündi. Munuň maksady ýurduň her künjeginde barlag geçirmekden ybarat boldy. Her topar 1 ýolbaşçydan, 4-5 sany ilat bilen gürrüňdeş bolýan hünärmenden we çagalaryň agramyny we boýuny ölçeýjiden düzüldi. Iki günüň dowamynda toparlar 20 maşgala bilen işledi. Her gürrüňdeş bolýan hünärmen 5 hojalygy öz üstüne aldy. Netijede, 37 hünärmen ýurt boýunça 6000 adam bilen gürrüňdeş boldy.

Women and girls in traditional Turkmen clothing
UNICEF/Julie Pudlowski
Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlagy boýunça hünärmen Ahal welaýatynda ýaşaýan maşgala bilen gürrüňdeş bolýar

Gurbangözeliň aýtmagyna görä, bu iş örän täzeçil tejribe boldy. Bu sebitde planşet ulanmak bilen geçirilen ilkinji Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlagy bolup, kagyzda geçirilýän barlaglardan tapawutlylykda, has ýeňil we anyk maglumatlary almaga mümkinçilik berdi. Eger gürrüňdeş bolýan hünärmen ýalňyşlyk goýberse, ulgam awtomatik ýagdaýda onuň hasaba durmagyna ýol bermeýär. Işleriň elektron enjamlar bilen ýerine ýetirilmegi, daşky gurşawa hoşniýetli bolup, wagt hem-de pul çykdajylaryny azaltdy. Gürrüňdeş bolýan hünärmeniň ulgama girizýän maglumatlary dessine Merkezi Statistika bölüminiň barlagçy toparyna elýeterli bolýar. 

Eziz soraglaryň özi hem maşgalalary öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdyrýandygy barada belledi. Gürrüňdeşligiň dowamynda ene-atalara “Göwreliligiň öňüni nädip almalydygyny bilýärsiňizmi?”, “Doglan wagty çagaňyzyň agramy näçedi?”, “Lukmanlaryňyz kimdi?”, “Howp alamatlary barada bilýärsiňizmi we haçan saglygy goraýyş işgärine ýüz tutmalydygyny bilýärsiňizmi?” diýen soraglar berildi.

Sorag berilýän maşgalalaryň arasynda kontraseptiw serişdeleriň ulanylyşy baradaky soraglara jogap bermekden çekinenler boldy. Dürli öýkünme oýunlary öz içine alan okuw maslahatynyň kömegi bilen, gürrüňdeş bolýan hünärmenler ynamly gatnaşyk gurmagy, çylşyrymly soraglary delillendirmegi we gerekli jogaby almak üçin sypaýyçylykly çemeleşmegi we ýokary hünär başarnyklaryny ulanmagy öwrenýärler.

MICS-5 barlagy geçirmäge gatnaşmak we logistikany we usulyýeti guramak biziň üçin uly tejribe boldy. Biziň toplan maglumatlarymyz örän ähmiýetli. Ol Hökümete haýsy meselelerde ünsi jemlemek gerekdigini anyklamaga ýardam berdi. Barlagyň indiki tapgyrynyň geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Gurbangözel Çaryýewa