Türkmenistandaky çagalar
ÝUNISEF has ejiz çagalary üns merkezine almak bilen, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny goraýar
Türkmenistandaky çagalar
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň gurak howaly ýurdy bolup, 491 inedördül metrden gowrak territoriýany tutýar. Türkmenistanyň ilatynyň umumy sany 5.6 million adama deňdir. 2017-nji ýylda ilatyň 50.2 göterimini zenanlar, 33.3 göterimini bolsa 18 ýaşa ýetmedik adamlar eýeleýärdi. 2017-nji ýylda ýurtda çaga dogluşynyň ýokary görkezijisi hasaba alyndy, ýagny bir zenan maşgala 2.84 çagadan düşýärdi. Garaşlylyk koeffisiýenti 54 göterime deňdir.
Türkmenistan adam ösüşi gurşawynda aýdyň netijeleri gazandy. 1990-2015-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda dogluş pursatynda ömür dowamlylygy 2.9 ýyla çenli artdy, okuw ýyllarynyň garaşylýan dowamlylygy 0.6 ýyla çenli artdy. 1990-2015-nji ýyllar aralygynda adam başyna düşýän umumy girdeji 86 göterime golaý artdy.
Türkmenistanda diri galýan çagalaryň sany artýar. 1990-2015-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda çaga ölümçiliginiň görkezijisi her 1000 diri dogluşda 95.6 çagadan 51.5 çaga çenli azaldy. Ýöne çaga ölümçiliginiň görkezijisi maddy ýagdaýy pes we oba ýerlerinde ýaşaýan maşgalalarda ýokary bolmagynda galýar.
1990-2016-njy ýyllar aralygynda çaga ölümçiliginiň görkezijisi her 1000 diri dogluşda 70-den 43-e çenli azaldy.
Türkmenistan 1993-nji ýylda Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýany tassyklady, 2005-nji ýylda Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň çagalaryň harby çaknyşyklarda ulanylmagyna degişli goşmaça teswirnamasyny we Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň çaga söwdasyna, çaga prostitusiýasyna we çaga pornografiýasyna degişli goşmaça teswirnamasyny tassyklady. Türkmenistan çagalar üçin sagdyn ýaşaýyş gurşawyny, olaryň talabalaýyk idegini we zähmet ekspluatasiýasyndan goraglylygyny kepillendirýän “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakyndaky” kanuny kabul etdi. Ýaşlaryň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşa doly gatnaşmagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, “2015-2020-nji ýyllar üçin ýaşlar syýasaty hakynda döwlet maksatnamasyny” kabul etdi. Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy ileri tutulýan esasy 6 ugry öz içine alýar we özgertmeleri herekete getiriji güýç hökmünde çagalaryň öz hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegini nazara alýar.
2001-nji ýyldan bäri milli waksinasiýa we onuň satyn alynmagy dolulygyna döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýär we muňa dowamly döwlet býujetinden serişdeler sarp edilýär. Ýurduň Hökümeti immunizasiýa ýylda 11 million ABŞ dollaryndan gowrak serişde bölüp berýär. Ähli sanjymlar tölegsiz esasda ýerine ýetirilýändigi üçin, hojalyklaryň maddy ýagdaýyna garamazdan, ähli çagalary sanjym bilen gurşap almagyň görkezijisi ýokary. Bir ýaşa çenli maslahat berilýän ähli sanjymlary alan çagalaryň görkezijisi 95%-e deňdir. Türkmenistana poliomiýelitden we gyzzyrmadan azat ýurt hökmünde şahadatnama berildi. Ýurduň Hökümeti her bir çaganyň sanjymlar bilen üpjün edilmegini gazanmak boýunça borçlaryny ýerine ýetirýär we täze sanjymlary girizmegi meýilleşdirýär.
6 aýlyk ýaşdan kiçi çagalary diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň derejesi 2006-njy ýyldaky 10.9% görkeziji bilen deňeşdirilende, 2015-nji ýylda 58.9%-e çenli artdy. Türkmenistan diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmekde sebit boýunça iň ýokary görkezijilere eýe bolup, beýleki ýurtlara garanyňda ene süýdi bilen iýmitlendirmek has artýar.
Türkmenistanda 5 ýaşdan kiçi çagalaryň 3.2 göterimi kem agramly, 0.7 göterimi bolsa aşa hor diýlip kesgitlenildi. Deňeşdirip aýtsak, 2006-njy ýylda 5 ýaşdan kiçi çagalaryň 9.2 göterimi kem agramly, 2.6 göterimi bolsa aşa hor diýlip kesgitlenildi. Çagalaryň 11.5 göterimi ösüşde yza galýar we olaryň öz ýaşyna görä boýy pes. Olaryň 4.2 göterimi öz boýuna görä aşa hor. Deňeşdirsek, 2006-njy ýylda çagalaryň 18.9 göterimi ösüşde yza galan ýa-da öz ýaşyna görä pes boýlydy,7.2 göterimi bolsa öz boýuna görä aşa hordy.
Zenanlaryň we çagalaryň iýmitleniş ýagdaýyny gowulandyrmakda gazanylan üstünliklere garamazdan, çagalaryň ýeterliksiz iýmitlenmegi esasy saglyk meseleleriniň biri bolmagynda galýar. Üstesine-de, semizlik meselesi hem has ýitileşýär. 2016-njy ýylda 5 ýaşdan kiçi çagalaryň 5.9 %-i öz boýuna görä artykmaç beden agramly bolan bolsa, 2006-njy ýylda bu görkeziji 4.5%-e deňdi. Artykmaç beden agramly çagalaryň ýaşy ýokarlandygyça, olaryň göterim paýy hem artýar, ýagny 7 ýaşly çagalaryň arasynda bu görkeziji (oglanlar we gyzlar üçin birmeňzeş) ýurt boýunça 11.5%-e, Aşgabat şäherinde bolsa 19.1%-e deň.
Ganazlyk hem saglygy goraýşyň esasy meseleleriniň biri bolup durýar. Täze maglumatlaryň ýokdugyna seretmezden, 2011-nji ýylda ýurtda ganazlygyň ýaýraýşy 6-59 aýlyk ýaşdaky çagalaryň 44%-ine, göwreli däl zenanlaryň 57%-ine deňdi.
Suw serişdeleriniň elýeterliligi mesele bolup, adalatly jemgyýet üçin uly bökdençlik döredýär. Umuman, ilatyň 83 göterimi arassa agyz suwundan peýdalanýar. Şäher ilatynyň 98 göterimine, oba ilatynyň 73 göterimine arassa agyz suwy elýeterlidir.
Orta bilim tölegsiz bolup, 6-18 ýaşly okuwçylar üçin umumy we hökmanydyr. Ýurt 12 ýyllyk bilim ulgamyna geçdi. Mekdebe çenli bilim bilen gurşap almagyň derejesi 46 göterim. Ähli çagalary mekdebe çenli bilim bilen üpjün etmek üçin, mekdebe çenli ýaşdaky çagalar, şol sanda mekdebe çenli bilim edaralaryna gatnamaýan maýyplygy bolan çagalar we olaryň ene-atalary üçin gysga wagtlyk iş günli ene-atalar bilim merkezleri we olaryň şahamçalary açylýar. Merkezler ÝUNISEF-iň ýardam bermeginde şäherlerde we obalarda hereket edýän çagalar baglarynda we orta mekdeplerde açyldy.
Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda çagalary ýatymlaýyn ideg ediş edaralaryna ýerleşdirmegiň görkezijisi pes. Muňa garamazdan, 2005-nji ýylda edaralara ýerleşdirilýän çagalaryň sany 2398-e deň bolan bolsa, bu 2016-njy ýylda 3716-a çenli ýokarlandy. Bu esasan çagalar öýlerine ýerleşdirilýän maýyplygy bolan çagalaryň artmagy bilen düşündirilýär.
Maşgala Türkmenistanda esasy milli gymmatlyklaryň biri bolup, asyrlar boýy dowam edip gelýän gadymy dessurlara we milli düşünjelere kök urýar. Türkmen maşgalalary jebis we uly bolýar. Bu esasan hem ene-atalar bilen ýaş maşgalalaryň bile ýaşaýan oba ýerlerinde köp duş gelýär. ÝUNISEF-iň geçiren barlagyna laýyklykda, çagalaryň çagalar öýlerine ýerleşdirilmeginiň esasy sebäbi maýyplygy bolan çagadan ene-atanyň ýüz öwürmegi we bu sebäpli onuň çagalar öýlerine wagtlaýyn ýerleşdirilmegidir. Çagalar öýlerinde saklanýanlaryň 62%-ini maýyplygy bolan çagalar düzýär.
Türkmenistanda bilim deň derejede elýeterli bolup, başlangyç we orta bilim bilen gurşap almakda gyzlaryň we oglanlaryň arasynda gender deňligi saklanylýar. Şeýle-de bolsa, ýörite orta we ýokary bilim ulgamynda oglanlara garanyňda gyzlaryň bilim almak boýunça görkezijileri pesdir.
Türkmenistanyň adam ösüşi boýunça milli derejede gazanan üstünlikleri ýurduň adam ösüşiniň orta derejeli toparynda ynamly orun eýelemegine getirdi. Ýurtda diri galýan we saglygy goraýyş, bilim hyzmatlary elýeterli bolan çagalaryň sanynyň artmagy bilen, çagalaryň hukuklaryny berkitmekde uly sepgitlere ýetildi.