Biz näme edýäris
ÝUNISEF 190 ýurtda, şol sanda Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny öňe sürýän we goraýan guramadyr.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky işjeňligi
Geljek bäş ýylyň dowamynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça işleriň milli meýilnamasynda bellenilen Türkmenistanyň Hökümetiniň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýadan (ÇHK) gelip çykýan borçnamasyny ýerine ýetirmekde goldaw berer. 2021-2025-nji ýyllar üçin ÝUNISEF-iň Ýurt boýunça Maksatnamasy BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň üç sany wajyp ileri tutýan ugurlaryň ählisi boýunça degişli işleri durmuşa geçirmegi göz öňünde tutar.
Ýurduň öňki maksatnamalarynyň netijelerine esaslanmak bilen, ÝUNISEF-iň işi geljekde Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlygyň giň gerimini öz içine alar. Durnukly we ýokary hilli lukmançylyk, sagdyn iýmitlenme we irki çaga ösüşi boýunça hyzmatlaryň deň derejede elýeterligini üpjün etmek; çagalary zorlugyň ähli görnüşlerinden, ýaramaz daraşmalardan, durmuş-ykdysady kynçylyklardan goramak; şeýle-de Türkmenistandaky çagalara we ýaşlara ýokary hilli inlýuziw bilim we okuw mümkinçilikleriniň elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin ÝUNISEF öňküsinden hem köp edaralar bilen hyzmatdaşlyk eder.
ÝUNISEF özüniň işini aşakdaky düzüm böleklere gönükdirer:
Şeýle hem, ÝUNISEF milli immunizasiýany we uny baýlaşdyrma maksatnamalaryny goldamak üçin üpjünçilik hyzmatlaryny amala aşyrmagy dowam eder we olary ýurduň zerurlyklaryna laýyklykda, şol sanda adatdan daşary ýagdaýlara görä yzygiderli uýgunlaşdyrar.
ÝUNISEF işiniň dowamynda esasy ünsüni aşakdakylara gönükdirer:

Gender

Ýaşlaryň gatnaşygy

Maýyplyk

Hakykata esaslanýan wagyz we aragatnaşyk
Biziň işimizi goldamak we köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, şol sanda raýat jemgyýeti hem-de hususy pudak bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin ÝUNISEF özüniň wagyz we hyzmatdaşlyk strategiýalaryny yzygiderli sazlap durýar.