Ýokary hilli inklýuziw bilim
Ýokary hilli inklýuziw bilim, ähli çagalar üçin ýokary hilli inklýuziw bilim we okuw mümkinçilikleriniň elýeterliligini ýokarlandyrmak.

Türkmenistandaky ähli oglanlaryň we gyzlaryň , hususan-da, maýyplygy bolanlaryň mümkinçiliklerini ösdürmek we olaryň hal ýagdaýlaryny gowulandyrmak üçin deň derejede ýokary hilli inklýuziw bilim we öwrenmek mümkinçiliklerinden peýdalanmaklarynda 2025-nji ýyla çenli doly netije gazanmakda ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümetini goldaw berer.
Maglumatlar:
12 ýyllyk hökmany orta bilime geçmeklik Türkmenistana okatmagyň we bilim almagyň hilini gowulandyrmakda aýgytly ädimleri ätmage mümkinçilik berdi. Mugallymlara ähli gyzlaryň we oglanlaryň, şol sanda maýyplygy bolan çagalaryň zerurlyklaryny göz öňünde tutýan çagalaryň we ýetginjekleriň ösüşi hakynda goşmaça tejribe, bilim we interaktiw usulyýetler döwrüň talaby bolup durýar. Häzirki zaman jemgyýetiň we ykdysadyýetiň bildirýän talaplaryna laýyklykda, çagalary ösdürip ýetişdirmek üçin zerur başarnyklary kämilleşdirmegi goldamak boýunça okuw maksatnamasyny we okatmagyň usullaryny, şol sanda kämil sanly bilim mümkinçiliklerini mundan beýläk hem ösdürmek zerurdyr. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak ýaly mowzuklar kem-kemden mekdep okuw maksatnamasyna girizilýär. Ýaş zenanlaryň 99,6 göterimi sowatly bolsa-da, oglanlar bilen deňeşdirilende az sanly gyzlar öz bilimlerini ýokary okuw jaýlarynda dowam etdirýärler.
Mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň ýarysy guramaçylykly bilim almaga gatnaşýarlar. Mundan başga-da, şeýle bilim edaralaryna gatnamaýan çagalar üçin şenbe güni hereket edýän mekdepler hem bar. Okatmagyň usullaryny mundan beýläk hem ösdürmek, goşmaça işgär we maliýe serişdelerini talap edýär. Onda ileri tutulýan zat, häzirki wagtda 3-4 ýaşlaryndaky çagalaryň arifmetiki hasaplaýyş boýunça pikirleniş mümkinçiligi boýunça Irki çaga ösüş (IÇÖ) görkezijisiniň 20 göterime deň bolan ýagdaýyndan, ony ýurt boýunça beden, ruhy we durmuş ösüşi boýunça 95 göterime golaý derejä ýetirmekdir. 2 ýaşdan 4 ýaşa çenli aralykdaky kiçi ýaşly çagalaryň 90 göterimi üçin uly ýaşlylar irki höweslendirmäni we jogapkärçilikli idegi ösdürmek üçin dört ýa-da ondan köp çärelere gatnaşýar. Kakalaryň ýurt boýunça şeýle çärelere gatnaşygy 13 göterim bolup, üç welaýatda bu görkeziji 5 göterimden hem pesdir.
Ösüşden yza galýan çagalaryň durmuşa goşulyşmagy uly mesele bolmagynda galýar. Maýyplygy bolan 4000 töweregi çagalaryň köpüsine maşgalalary bilen bolmaga we adaty mekdeplere gatnamaga kömek etmäge mümkinçilik bar. Maýyplyk hakyndaky, hususan-da, gyzlar babatda nädogry düşünjäni aradan aýyrmaga we “lukmançylyk” nusgasyny “durmuş” nusgasy bilen çalyşmak zerurlygy ýüze çykýar. 2020-2025-nji ýyllar üçin milli IÇÖ Strategiýasy boýunça irki söhbetdeşlik, beden we zähmet terapiýasy, ruhy we durmuş goldawy, okuw dersleriniň dürli ugurlarynyň arasyndaky hyzmaty ýaly täze sapaklaryň girizilmegi durmuşa goşulyşmaklary üçin maýyplygy bolan çagalara we olaryň maşgalalaryna hemme taraplaýyn hyzmat üpjünçiliginiň kepillendirilmegine gönükdirilendir. DÖM boýunça bilelikdäki maksatnama arkaly işe girizilen Türkmenistanda durmuş işi boýunça hünäriň ösdürilmegi hem maýyplygy bolan çagalaryna ideg etmek üçin maşgalalary goldamaga gönükdirilen jemgyýetçilik esasly durmuş hyzmatlaryny ösdürmek arkaly gözegçilikdäki çagalaryň öýlerine iberilmegini goldar.
ÝUNISEF-iň hyzmatdaşlary bilen alyp barýan işi bu netijäni gazanmak üçin iki esasy ugur boýunça goşant goşmaga gönükdiriler:
Ýerli maliýeleşdirmäniň hasabyna ÝUNISEF ähliumumy bir ýyllyk mekdebe çenli taýýarlyk maksatnamasyny işe girizmekde Bilim ministrligine syýasy maslahaty we tehniki goldawy bermegi güýçlendirer.
- Çagalara bilim berýän hünärmenleriň deslapky we iş ýerlerinde bilimlerini artdyrmagy güýçlendirmek.
- Türkmenistanyň DÖM 4.2 borçnamasyna laýyklykda,1 ýyllyk ýarym günlük mekdebe çenli başlangyç bilim maksatnamasyny durmuşa geçirmek.
- Irki bilim we mekdebe çenli başlangyç bilim hyzmatlarynyň hil gözegçiligini we barlagyny güýçlendirmek.
- Ösüşden yza galýan çagalaryň ähliumumy çagalar baglaryna goşulyşmagyny goldamak
- Milli DÖM Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi üçin pudagara we ministrlikleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy goldamak.
Halkara ülňilere we kadalara laýyklykda okuw maksatnamasyny gaýtadan işlemek we üstüni ýetirmek, esasy we geçirip bolýan durmuş başarnyklarynyň we ukyplarynyň ösüşini goldaýan tejribelere laýyklykda has interaktiw, çagalara gönükdirilen okatmagyň usullaryny girizmek bilen, ÝUNISEF başlangyç we orta mekdeplerde bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna goldaw berer.
- Ygtybarly bilimi bahalandyryş ulgamlaryny düzmek we ulanmak boýunça mümkinçilikleri artdyrmagy goldamak.
- Halkara ülňileriň we milli ileri tutulýan ugurlaryň esasynda bilimi dolandyryş maglumat ulgamynyň mundan beýläk hem ösmegini goldamak.
- Uzak aralykdan we garyşyk bilim platformalaryna goldaw bermek arkaly bilim almagyň mümkinçiliklerini giňeltmek.
- Mekdeplerde ukyplaryna görä okatmagyň usullaryň girizilmegini goldamak.
- Inklýuziw bilim we inklýuziw bilim syýasatyny ösdürmek hakyndaky konsepsiýany işläp düzmegi goldamak.
- Çagalaryň we jemgyýetçiligiň işjeň gatnaşmagynda, “Ýaşyl mekdep” konsepsiýasynyň nusgasyny döretmek arkaly betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmany we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy mekdep okuw maksatnamasyna girizmek.