Çagalar üçin dolandyryş.

Çagalar üçin dolandyryş, bar bolan serişdeleriň has netijeli we ýerlikli ulanmagyny üpjün etmek arkaly çagalar üçin borçnamalary durmuşa geçirmek.

Çagalar üçin dolandyryş
UNICEF Turkmenistan

2025-nji ýyla çenli bar bolan serişdelerini doly, netijeli we dogry ulanmak arkaly Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýany, Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny, Sendaý çarçuwaly maksatnamasyny, Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýany we çagalar babatda beýleki halkara borçnamalaryny  durmuşa geçirmekde düýpli öňegidişlik gazanmagy üçin ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümetine goldaw berer.

Maglumatlar:

Ýyllaryň dowamynda ösüş gazanylan hem bolsa, esaslandyrylan syýasy çözgütleri kabul etmek we ösüş maksatnamalaryny taýýarlamak üçin degişli statistika we maglumatlary toplamak işleri Türkmenistanda mundan beýläk hem bu ulgamyň ýene-de kämilleşmegini talap edýär. Çözgütleri kabul etmekde maglumatlary we netijeli barlag mehanizmlerini yzygiderli ulanmagyň medeniýetiniň kämilleşdirilmegini talap edýär. Sanly ulgama geçme milli derejede ileri tutulýandygy sebäpli, bilim we saglyk pudaklarynda anyk pudaga mahsus barlag ulgamlarynyň we täze tehnologiýalarynyň ikisini hem girizmäge mümkinçilik bar. Ondan başga-da, döwlet-maliýe serişdelerini dolandyrmagyň ulgamlary çagalar üçin milli serişdeler bilen adalatly we durnukly netijeleriň arasynda berk baglanşygy esaslandyrmagy talap edýär. Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin işleriň milli meýilnamasy kabul edilen hukuk we syýasy resminamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge çagyrýar we şol bir wagtda, çagalar üçin bar bolan serişdeleri ulanmagy has ýokarlandyrmagy we biri-birinden bölünen maglumatlaryň, hususan-da, Durnukly Ösüşiň Maksatlaryna degişli maglumatlaryň üpjünçiligini we elýeterliligini artdyrmagy talap edýär.

Hyzmatdaşlary bilen birlikde, ÝUNISEF bu netijäni gazanmaga goşant goşmak üçin bilelikdäki hyzmatdaşlygyň üç sany esasy ugurlara üns berer:

ÝUNISEF gazanylan netijeleriň esasynda strategik meýilleşdiriş, büjeti işläp düzmek we maliýeleşdirmek ulgamyny girizmekde pudak ministrliklerine syýasy maslahatlary berer.

  • Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny durmuşa geçirmegiň bir bölegi hökmünde, durmuş pudagynyň mundan beýläk hem ösmegini goldamak.
  • Döwlet büjeti düzülende hasaplama we maýa goýumlaryny saýlamaklygyň täsirlerini seljermek boýunça milli hünärmenleriň bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmak.
  • Çagalar, aýallar we maşgalalar üçin durnukly netijeleri gazanmak üçin ýerli serişdeleri netijeli ulanmagy gowulandyrmak.

Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa laýyklykda “çaganyň iň esasy bähbitleri” atly ýörelge esasynda ÝUNISEF mundan beýläk hem hukuk we kadalaşdyryjy namalaryň kämilleşdirilmegine goldaw berer.

  • Özleriniň hukuklary bozulan ýagdaýlarynda çagalara arzlaryny, ýüzlenmelerini we haýyşnamalaryny ibermäge mümkinçilik berýän habarlaşmagyň tertibi hakynda ÇHK-niň Goşmaça Protokolyna Hökümetiň goşulmagyna ýardam bermek.
  • Çaganyň hukuklary bilen baglanşykly milli strategiýalaryň netijeli durmuşa geçirilmegi we barlagy üçin milli, welaýat we etrap derejesinde utgaşdyryjy mehanizmleri güýçlendirmek.
  • Çaganyň hukuklaryny goramak, olaryň durmuşa geçirilişini barlamak we olar barada habarlylyk boýunça durnukly institusional mümkinçilikleri kesgitlemek.
  • Çözgütleri kabul etmäge we öz durmuşlaryna täsir edýän strategiýalara gözegçilik etmäge raýat jemgyeýtiniň, çagalaryň we ýaşlaryň çynlakaý gatnaşmagyny wagyz etmek.

ÝUNISEF mundan beýläk hem takyk we öz wagtynda maglumatlaryň toplanmagynda, seljerilmeginde we berilmeginde milli statistika ulgamynyň mümkinçilikleriniň ösmegine goldaw bermegini dowam eder.

  • Takyk we öz wagtynda maglumatlaryň toplanmagynda, seljerilmeginde we berilmeginde Köpdürli görkezijiler bilen klaster barlag-gözleg işleri (MICS) ýaly milli statistika ulgamyny güýçlendirmek.
  • Pudaklary dolandyryş maglumat ulgamlaryny kämilleşdirmek arkaly ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek boýunça milli strategiýanyň durmuşa geçirilmegine goşant goşmak.
  • Durmuş-ykdysady töwekgelçilikleriň faktorlaryna garşy çäreleri görmek üçin meýilleşdirme we maýa goýumlary üçin biri-birinden aýyrylan we bölünen maglumatlary ulanmakda bilimleri we başarnyklary artdyrmak.
  • Çagalaryň durmuşyna täsir edýän esasy ösüş strategiýalaryna baha bermekde Hökümet bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek.