COVID-19 öňüni almak we dessin çäreleri görmek

COVID-19 öňüni almak we dessin çäreleri görmek, ýurtda ýokanjyň ýaýramagyndan maşgalalary we çagalary goramak.

COVID-19 öňüni almak we dessin çäreleri görmek
UNICEF Turkmenistan

Ýurtda ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek üçin töwekgelçilikler hakynda habarlary ýaýratmak we lukmançylyk edaralaryny esasy arassaçylyk serişdeleri bilen üpjün etmek bilen, ÝUNISEF çagalara we olaryň maşgalalaryna gönükdirilen esasy bilelikdäki hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Hökümetine goldaw berer.

Maglumatlar:

Global COVID-19 pandemiýasy çagalaryň janyna we saglygyna, abadançylygyna we bilimine ýaramaz täsir etdi. Bu resminamanyň çap edilen wagtynda Türkmenistanda COVID-19 boýunça hiç hili resmi hasaba alnan ýagdaýlar ýok bolsa-da, ilaty goramak we ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin zerur çäreler sebäpli ýüze çykan durmuş-ykdysady kynçylyklar köp maşgalalara, hususan-da, iň gowşak goralýan maşgalalara uly zyýan ýetirdi. Pandemiýanyň täsirine garşy çäreleri görmek üçin Türkmenistanda ÝUNISEF, hökümet edaralaryndan bolan hyzmatdaşlary we BMG-niň beýleki gulluklary bilen birlikde hyzmatdaşlyk edip gelýär. Bu görülip-eşidilmedik kyn döwürde çagalaryň we olaryň maşgalalarynyň zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagyny üpjün etmek üçin Taýýarlyk we degişli çäre görüş milli maksatnamasy we Durmuş-ykdysady taýdan dessin çäreleri görmegiň Meýilnamasy işlenip düzüldi.

Bu meýilnamalaryň çäklerinde, töwekgelçilikler barada habar bermek we ilat toparlary bilen özara gatnaşyk saklamak boýunça BMG-niň esasy agentligi hökmünde, ÝUNISEF  milli habar beriş serişdeleri we ÝUNISEF-iň ýaýlymlary arkaly çagalara we olaryň maşgalalaryna öňüni alyş çäreleri baradaky habarlaryny, şol sanda mahabatlary we animasiýalary ýetirmekde Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňelder. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmak, olara pandemiýanyň töwekgelçilikleri we olaryň öňüni almagyň iň netijeli ýollary hakynda anyk habarlary taýýarlamaga kömek eder. ÝUNISEF-iň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine berýän üpjünçilik goldawy ähli çagalaryň waksinalar bilen yzygiderli üpjün edilmegine, şeýle hem hassahanalaryň esasy lukmançylyk we arassaçylyk serişdeleri bilen üpjünçilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Sanly we uzak aralykdan bilim almak ulgamyny işe girizmekde, şunuň bilen bir hatarda ähli mekdep okuwçylary üçin sagdyn durmuş ýörelgeleri hakynda bilim bermekde ÝUNISEF-iň Bilim ministrligine berýän ýardamy ýurtda bilim ulgamynyň hiliniň ýokary we durnukly bolmagyny üpjün eder. Bu goldawa ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny ösdürmek we has ejiz maşgalalara we olaryň çagalaryna pandemiýanyň durmuş-ykdysady taýdan ýaramaz täsiriniň garşysyna çäreleri görmek boýunça Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlygy hem öz içine alýar.

Hyzmatdaşlary bilen birlikde, ÝUNISEF bu netijäni gazanmaga goşant goşmak üçin esasy iki ugra ünsi gönükdirer:

Ygtybarly maglumatlaryň ýaýradylmagy, ene-atalar, saglygy goraýyş we bilim işgärlerine  degişli gollanmanyň ýetirilmegi üçin ÝUNISEF töwekgelçilikler barada habar bermek we ilat toparlary bilen özara gatnaşyk saklamak boýunça başlangyçlary durmuşa geçirýär we ýerlerdäki hyzmatdaşlary bilen çagalaryň sagdyn bolmagy we bilim almagy üçin zerur maglumatlaryň we serişdeleriň olara elýeter bolmagyny üpjün edýär.

  • Ýurtda COVID-19 öňüni alma we waksina sanjymlary boýunça çäreleriniň dowam edýänligi hakynda ygtybarly maglumatlary bermekde Türkmenisatnyň habar beriş serişdelerini goldamak, şeýle hem habar bermek boýunça sebitiň iň gowy tejribelerini paýlaşmak.
  • Milli habar beriş serişdeleri we ÝUNISEF-iň sanly aragatnaşyk ýollary arkaly töwekgelçilikler hakynda habarlary we arassaçylyk we ýokanjyň öňüni almak barada iň wajyp maglumatlary ene-atalara, ýaşlara we çagalara ýetirmek.
  • Elleriň arassaçylygynyň we özüňi alyp barmagyň sagdyn ýörelgeleriniň wajyplygyny wagyz etmek boýunça çagalaryň arasynda habarlylygy ýokarlandyrmak çärelerini guramak we saglyk hakynda maglumat berýän ündew suratlary jemgyýetçilik edaralarynda we mekdeplerde ýaýratmak.

Çagalary we maşgalalary, saglygy goraýyş işgärlerini, mugallymlary we ýerlerde köpçülik bilen göni aragatnaşykda bolýan hünärmenleri goramak we olary bilim we başarnyklar, gurallar, şeýle-de waksina sanjymlary we olara degişli enjamlar bilen üpjün etmek üçin ÝUNISEF maglumatlary, gollanmalary, hünärmenleri, we üpjünçilik hyzmatlary berýär.

  • Bilim ulgamynyň hilini we taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin sanly we uzak aralykdan bilim bermegi işe girizmekde Hökümeti goldamak.
  • Howpsuz mekdep ýörelgelerini durmuşa geçirmekde we COVID-19 garşy çäreler hakynda mekdep okuwçylaryna we hyzmatlar bilen üpjün edýän taraplara habar bermekde Bilim ministrligine ýardam etmek.
  • Çagalaryň arasynda ýokanç keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin meýilleşdirilen immunizasiýanyň dowam etdirilmegi üçin Hökümeti waksina sanjymlary we olar bilen baglanşykly enjamlar bilen üpjün etmek.
  • Ileri tutulýan zerurlyklara esaslanyp, lukmançylyk we bilim edaralaryny esasy lukmançylyk enjamlary we arassaçylyk serişdeleri bilen üpjün etmek.
  • Pandemiýanyň ejiz maşgalalara we olaryň çagalaryna ýetirýän ýaramaz täsirine garşy çäreleri görmek, şol sanda, anyk bolan belli bir ýagdaýlaryň dolandyrylmagyny we psihososial maslahatlary bermegi üpjün etmek üçin ýerli derejelerde durmuş hyzmatlaryny ösdürmekde Hökümet bilen hyzmatdaşlyk etmek.