Durmuş we çaga goragy
Durmuş we çaga goragy, çagalary zorlugyň ähli görnüşlerinden, ýaramaz daraşmalardan we durmuş-ykdysady kynçylyklardan goramak.
2025-nji ýyla çenli durmuş taýdan gowşak goralýan maşgalalardan bolan we ýatymlaýyn çagalar edaralaryndaky we kanuny bozan Türkmenistandaky çagalaryň, hususan-da, oglanlaryň we gyzlaryň zorlugyň ähli görnüşlerinden, ýaramaz daraşmakdan , durmuş-ykdysady kynçylyklardan goralmagyny has-da ýokarlandyrmak we olaryň ýokary hilli durmuş goragy hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümetine doly netije gazanmakda goldaw berer.
Maglumatlar:
Türkmenistanda durmuş goragy ulgamy durmuş taýdan goramak boýunça giňden ýaýbaňlandyrylan birnäçe syýasy çärelerden we maksatnamalaryň (tölegli we tölegsiz) toplumyndan ybarat bolup, ol köp raýatlara elýeterdir. Durmuş goragy meýilnamalaryna ähliumumy çaga doglanda berilýän kömek puly, üç ýaşyna çenli çagalara berilýän ähliumumy kömek puly we ýetim we maýyplygy bolan çagalara berilýän kömek pullary degişlidir. Global pandemiýa we onuň bilen baglanyşykly ykdysady kynçylyklar döwründe onuň netijeliligini kepillendirmek üçin durmuş goragy ulgamyny mundan beýläk hem güýçlendirmegiň ýollaryny kesgitlemek zerurdyr. Mundan başga-da, bar bolan nagt pul bilen baglanyşykly kömegiň üstüni inklýuziw ýerli öz-özüni dolandyryş bilen baglanyşykly durmuş hyzmatlary bilen ýetirmek we ähli pudaklaryň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek wajypdyr. Şonuň üçin, täze hünär hökmünde durmuş işini girizmek we ösdürmek bu geçiş döwrüni durmuşa geçirmegiň açarydyr.
Çagalary goramak we hususan-da, çagalar babatda adalatlylygy üpjün etmek 2021-2025-nji ýyllar üçin ýurt boýunça täze hyzmatdaşlyk maksatnamasynda anyk ileri tutulýan ugur hökmünde görkezildi we şeýlelikde, ol çagalara rehimsiz daraşmagyň, olara garşy kemsitmeleriň we zorluklaryň öňüni almak ýaly netijeli çäreleri ileri tutýan 2018-2022-nji ýyllar üçin çaganyň hukuklary boýunça Işleriň Milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegini goldaýar. Kanuny bozan çagalar bilen işleşmek boýunça çaganyň hukuklaryna esaslanýan çemeleşmäni işläp düzmek babatda düýpli öňegidişlik gazanyldy we ol 2012-2016-njy ýyllar üçin Ýetginjekleriň adalat ulgamyny ösdürmek boýunça 2018-nji ýylyň bahalandyrmasynda öz beýanyny tapdy. Bu bahalandyrmanyň netijesinde, ejir çeken çagalary we jenaýatçylygyň şaýatlaryny öz içine alýan çagalara hoşniýetli adalat konsepsiýasyny özgertmek, täzeden dikeltmek we işe girizmek we giňeltmek üçin ýerli derejede hyzmatlary mundan beýläk hem ösdürmek maslahat berildi. Çagalaryň goralmagy hakyndaky zerurlyklara has giňişleýin seredilmegi üçin milli we ýerli derejelerde Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça toparyň, we hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň mümkinçilikleri ýokarlandyrylar we maşgalasyndan jyda düşen çagalar üçin maşgaladan daşary alternatiw idegi ösdürmekde goşmaça hyzmatdaşlar gözlener.
ÝUNISEF-iň hyzmatdaşlary bilen alyp barýan işi bu netijäni gazanmak üçin iki esasy ugur boýunça goşant goşmaga gönükdiriler:
2020-2022-nji ýyllar üçin Ýerli derejede durmuş hyzmatlary baradaky DÖM-nyň Gaznasynyň Bilelikdäki Maksatnamasy boýunça badalga alan tagallalary dowam etmek bilen, ÝUNISEF durmuş işiniň mundan beýläk hem ösmegini we giňemegini , has giň durmuş goraglylygy ulgamy bilen gatnaşyklary esaslandyrylmagyny goldar.
- Jemgyýetçilik durmuş işleri boýunça täze işgärleriň hökümet ulgamyna we büjetine girizilmegini we bu prosesiň ilerlemegine tehniki goldawyň berilmegini wagyz etmek
- Durmuş işleri boýunça hünäri, ýokary bilim ulgamyna girizmek we durmuş hyzmatlary gullugynyň işçi güýjüniň mundan beýläk ösüşini we hünär taýdan kämilleşmegini gazanmak
- Bar bolan durmuş goragy gurallaryny seljermek, çagalaryň we olaryň maşgalalarynyň kynçylyklaryny ýeňilleşdirmekde onuň netijeliligini pugtalandyrmak üçin durmuş goraglylygynyň özgermesi üçin hereketleriň meýilnamasyny işläp düzmegi goldamak
- Çagalar we olaryň maşgalalary üçin hemmetaraplaýyn durmuş goldawy gulluklaryny goldamak üçin durmuş goraglylygy, saglyk we bilim edaralarynyň arasynda milli we ýerli derejelerde pudakara hyzmatdaşlygy ösdürmek
- Maýyplygyň “durmuş” nusgasyna geçýän ähli çagalara yzygiderli köpugurly goldaw bermek we ýatymlaýyn çagalar edaralaryna çagalaryň ýerleşdirilmeginiň azalmagyny gazanmak
- Durmuşyň duýdansyz döräp biläýjek agyr kynçylyklarynyň hötdesinden gemek başarnygyny üpjün etmek üçin durmuş goraglylygy ulgamynyň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny güýçlendirmek
Çagalara garşy zorlugy aradan aýyrmak, şeýle-de kanuny bozan çagalar üçin düzgünler we hyzmatlar üçin öňüni almak we degişli çäre görmek mehanizmlerini berkitmekde ÝUNISEF hökümet edaralaryndan bolan hyzmatdaşlaryna goldaw berer.
- Kanuny bozan çagalara degişli kanunçylygy gaýtadan gözden geçirmek, seljermek we ony halkara ülňilerine laýyk getirmek üçin amaly maslahatlary işläp düzmekde goldaw bermek
- Häzirki zaman çemeleşmelere we düzgünlerine laýyklykda, kazyýet we durmuş goraglylygyny üpjün edýän edaralaryň işgärleri üçin okuw maksatnamalaryny işläp düzmegi goldamak
- Kanuny bozan çagalaryň azatlykdan mahrum edilmegini kem-kemden ýatyrmak maksady bilen tussag etmegiň deregine jenaýat jogapkärçiliginiň düzediş täsirli alternatiw görnüşlerini ulanmak, terbiýe we ündew bilen dogry ýola salmak we ony düzetmek ýaly alternatiw çäreleri goldamak
- Işlere kazyýetiň garamagyna çenli tapgyrda ejir çeken çagalaryň we jenaýatçylygyň şaýady bolan çagalaryň işleri üçin çagalara hoşniýetli sorag edilýän otaglaryny taýýarlamak bilen bir hatarda, çagalar üçin uýgunlaşdyrylan we hoşniýetli garaýyşly bolan derňewleriň üpjün edilmegi üçin mehanizmleri we düzgünleri kesgitlemek
- Ýatymlaýyn çagalar edaralaryna ýollamalary azaltmak we ýerli derejedäki goldaw hyzmatlaryny gowulandyrmak üçin Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada Toparyň, Hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň tutýan ornuny güýçlendirmek
- Oňyn terbiýe arkaly we zorluk ulanmazdan çäre görmäni goldamak üçin pudagara hyzmatlary üpjün edijiler we aragatnaşyk ýollary arkaly özüňi alyp barmagy üýtgetmegiň strategiýalaryny işläp düzmek we güýçlendirmek