Çaganyň saglygy, sagdyn iýmitlenmegi we irki ösüşi
Çaganyň saglygy, sagdyn iýmitlenmegi we irki ösüşi, ilkinji günlerden başlap durnukly we ýokary hilli lukmançylyk we sagdyn iýmitlenme hyzmatlarynyň deň derejede elýeterliligini gazanmak we çaganyň ösüşini goldamak.

Doly netije gazanmak üçin, 2025-nji ýyla çenli Türkmenistanda her bir täze doglan bäbege, çaga, ýetginjege we reproduktiw döwründäki aýala, hususan-da, raýatlaryň iň ejiz toparlarya durnukly we ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň, sagdyn iýmitlenmegiň we irki çaga ösüşi hyzmatlarynyň deň derejede we has elýeter bolmagyny üpjün etmekde ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümetine goldaw berer.
Maglumatlar:
Türkmenistanda çagalar üçin lukmançylyk hyzmatlary giňden elýeterdir. Ähli çagalar diýen ýaly bäbekhanalarda dogulýar. Hökümet tarapyndan doly maliýeleşdirilýän we olaryň üpjünçiligi ÝUNISEF tarapyndan goldanylýan immunizasiýa maksatnamasy kiçi ýaşly çagalaryň 95 göterimi üçin elýeterdir we ol Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryna doly laýyk gelýär. Garaşsyzlygyň alnany bäri mese-mälim azalan hem bolsa, bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň arasynda we neonatal ölümiň ýüze çykmagy dowam edýär we onuň esasy sebäpleri perinatal ýagdaýlar, dogabitdi ösüş şikeslilikleri we dem alyş ýollarynyň ýokançlarydyr. Ölümiň derejesini orta girdejili ýurtlaryň derejelerine çenli azaltmak üçin saglygy goraýyş işgärleriniň bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmak, lukmançylyk edaralarynda enelere we çagalara edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, şeýle-de öz çagalary hakynda talaba laýyk alada etmekleri üçin ene-atalara bilim bermek zerurdyr. Ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegi edaralaryna goşmaça üns bermek bilen, işgärleriň gorunyň mümkinçiliklerini ösdürmek we saglygy goraýyşyň çykdajylary üçin ulgamlaryň ösdürilmegi wajypdyr.
Diňe ene süýdi bilen iýmitlendirme giňden durmuşa geçirilýän hem bolsa, doýa iýmezlik jemgyýetçilik saglygy üçin howp bolup durýar. ÝUNISEF-iň üpjünçilik goldawy bilen, Türkmenistan ýokary hilli we birinji hilli uny baýlaşdyrmagy doly maliýeleşdirýär. Aýallaryň we çagalaryň arasynda derejesi ýokary bolan (2012, ÝUNISEF) gan azlyga baýlaşdyrma maksatnamasynyň täsirine baha bermek meýilleşdirilýär. Pese düşýänligine garamazdan, çagalaryň arasynda gysga boýlylyk we aşa semizlik heniz hem gabat gelýär.
Saglygy goraýyş we bilim pudaklarynyň ikisinde hem ähliumumy irki çaga ösüşi (IÇÖ) boýunça hyzmatlar durmuşa geçirilýär, emma olaryň giň gerimde alnyp barylmagy uly maýa goýumlary talap edýär. Täze kabul edilen Çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 - 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýada ähli pudaklarda işgärleriň gorunyň mümkinçiliklerini ösdürmek üçin pudagara utgaşma, maglumat we monitoring ulgamlarynyň we iň ejiz çagalar, maşgalalar we ilat toparlary üçin maksadalaýyk goldawyň zerurlygy nygtalýar.
Hyzmatdaşlary bilen birlikde, ÝUNISEF bu netijäni gazanmaga goşant goşmak üçin bilelikdäki hyzmatdaşlygyň üç sany esasy ugurlara üns berer:
Çaganyň saglygy: ÝUNISEF Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen täze doglan çagalara, kiçi ýaşly çagalara we enelere, hususan-da, ilatyň ýoksul toparlaryna edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin ministrligiň mümkinçiliklerini, hukuk binýadyny we gurallaryny berkitmekde hyzmatdaşlyk eder.
- Hökümetiň saglygy goraýyş ulgamyny, hususan-da, enäniň we çaganyň saglygyny goramagy kämilleşdirmekde edýän tagallalaryny goldamak.
- Täze doglan çagalaryň talabalaýyk bejergi almagy we çaga keselleriniň öňüniň almak üçin eneligi goramak we ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegini beriş edaralarynda dolandyryş we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleriniň bilimlerini, başarnyklaryny we tejribelerini artdyrmak.
- Immunizasiýa we ýokanç keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek, şol sanda, eneden çaga geçýän AIW-nyň öňüni almak ýaly çäreleri goldamak.
- Çagaly maşgalalara lukmançylyk hyzmatlarynyň salýan agramyny azaltmak üçin tölegsiz esasy saglyk ätiýaçlandyryş bukjasyny ýaňadan gözden geçirmek we hasaplamak üçin tehniki goldaw bermek.
Çaganyň iýmitlenmegi: ÝUNISEF 2020-2025-nji ýyllar üçin Ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça milli maksatnamany durmuşa geçirmäge we çagalaryň sagdyn iýmitlenme derejesini gowulandyrmak üçin pudagara utgaşdyrma, durmuşa geçirme we barlag mehanizmlerini güýçlendirmäge goldaw berer.
- Ýetginjek gyzlaryň, göwreli we emdirýän aýallaryň sagdyn iýmitlenmegi bilen baglanyşykly zerurlyklaryny kanagatlandyrmak.
- Bäbekleriň we kiçi ýaşly çagalaryň sagdyn iýmitlenmegini wagyz etmek we monitoring etmek üçin ulgamy güýçlendirmek.
- Ilatyň arasynda sagdyn iýmitlenmek boýunça ýokary hilli maslahatlary geçirmek we sagdyn iýmitlenmegi we arassaçylygyň düzgünlerini wagyz etmek üçin saglygy goraýyş işgärlerini okatmak.
- Uny baýlaşdyrmagyň formulasyna täzeden seretmek we täze goşundylary goşmagyň meýilnamalaryny girizmek boýunça maslahat bermek.
- Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitinde iýmitleniş ýagdaýyny gowulandyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça sebitleýin platformanyň sekretariaty hökmünde, Türkmenistanyň ornuna esaslanmak we beýleki ýurtlar bilen pikirleri we maglumatlary alyşmaga we Türkmenistanyň gazanan oňyn tejribesini resmileşdirmäge kömek etmek.
- Çagalaryň sagdyn iýmitlenme derejesini gowulandyrmak üçin sagdyn iýmitlenmek bilen baglanşykly maglumatlaryň alynmagyny we seljerilmegini goldamak.
Çaganyň irki ösüşi: ilkini lukmançylyk we sanitariýa kömegine aýratyn üns bermek bilen, ÝUNISEF Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine her bir çaganyň saglygy goraýyş ulgamynyň çäklerinde öz ukyplaryny amala aşyrmagy üçin ulgamy döretmekde godaw berýär.
- Çaganyň irki ösüşini, saglygyny we maslahat bermegi gowulandyrmak üçin wajyp platforma hökmünde öýlere baryp howandarlyk etmek gulluklaryny güýçlendirmek.
- Döwrebap gurallary ulanmak we irki döwürlerde ösüşde yza galýan çagalar üçin anyk gönükdirme mehanizmlerini kesgitlemek bilen, ösüş nogsanlyklarynyň we maýyplygyň irki döwürde ýüze çykarylyşyny ýokarlandyrmak.
- Kiçi ýaşly çagalara iň gowy ideg etmek üçin olary ruhlandymak bilen, maşgalalara gender bilen baglanşykly maglumatlary hödürlemek.