ÝUNISEF barada
ÝUNISEF dünýäniň 190 döwletinde, şol sanda Türkmenistanda, çagalaryň hukuklaryny öňe sürýän we goraýan global liderdir.

ÝUNISEF-iň ynamy
Dünýäniň ýaşaýyş üçin has oňaýly ýere öwrülmegi üçin, ähli çagalaryň ýaşamaga, ösmäge we öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge bolan hukugy bardyr
Biziň wezipämiz
ÝUNISEF her bir çaganyň hukuklarynyň dolulygyna berjaý edilýän dünýäni gurmaga ýardam berýär. Biz çagalara ideg etmegiň we olary terbiýelemegiň adamzadyň ösüşi üçin esas bolup hyzmat edýändigine berk ynanýarys.
ÝUNISEF, çagalaryň ösmegine böwet bolýan garyplyk, sütem, keseller we hukuk kemsitmeleri ýaly päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin bilelikde işlemek maksady bilen, 1946-njy ýylda esaslandyryldy. Iň täzeçil pikirleri durmuşa geçirmek üçin, ÝUNISEF-e ýokary derejede çözgüt kabul edýän taraplara we has aşaky gatlakda ýerleşýän hyzmatdaşlara täsir edýän global ygtyýarlyklary berildi.


Biz kim
1994-nji ýyldan bäri ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde iş alyp barýar. ÝUNISEF bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurduň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýa we Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakyndaky konwensiýa laýyklykda çagalaryň hukuklaryny berjaý etmek boýunça üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ýardam berýär.
Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasynda 2016-2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Ýurt boýunça maksatnamasyna laýyklykda, hukuk namalaryny, syýasatlary we tejribäni halkara ülňülerine laýyk getirmek arkaly, ÝUNISEF çaganyň hukuklarynyň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmegini tizleşdirmekde Türkmenistanyň Hökümetine goldaw berýär. Kiçi ýaşly çagalaryň we maýyplygy bolan çagalaryň ýaşamaga we ösmäge bolan hukuklaryny goramak bu tagallalaryň özenini düzýär.
ÝUNISEF saglygy goraýyş, bilim we durmuş taýdan gorag ulgamlarynda iş alyp barýar. Biz çaganyň irki ösüşi, howanyň üýtgemegi, maýyplygy bolan çagalar we çagalaryň işjeňligi boýunça pudagara meseleleri çözmek ugrunda tagalla edýäris.