Çaganyň hukuklary
BMG-nyň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyna laýyklykda dünýä jemgyýeti çagalaryň diri galmaga, ösmäge, we mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge bolan hukuklaryny goramak we berjaý etmek üçin ähli çäreleri görjekdigi barada çagalara wada berdi
Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýa
1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Birleşen milletler guramasynyň Baş assambleýasy Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýany kabul etdi. Bu resminama ähli çagalar üçin adam hukuklaryny kanuny esasda hökman durmuşa geçirmek baradaky halkara konwensiýadyr. Türkmenistan 1991-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Beýik milli ýygnagyň karary bilen konwensiýany tassyklady. 1991-nji ýylyň iýun aýyndan başlap, konwensiýa ýurduň milli kanunçylygynyň bölegi hökmünde güýje girizildi.
BMG-nyň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasynyň doly görnüşi
BMG-nyň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyna berlen umumy teswirler:
1-nji umumy teswir (2001 ý.) 29-njy MADDA (1): Bilimiň maksatlary
3-nji umumy teswir (2003 ý.) AIW/AIDS we çaganyň hukuklary
7-nji umumy teswir (2005 ý.) Irki çagalyk ýyllarynda çaganyň hukuklaryny berjaý etmek
9-njy umumy teswir (2006 ý.) Maýyplygy bolan çagalaryň hukuklary
12-nji umumy teswir (2009 ý.) Çaganyň öz pikirini diňletmek hukugy
13-nji umumy teswir (2011 ý.) Çaganyň sütemiň ähli görnüşlerinden azat bolmak hukugy
20-nji umumy teswir (2016 ý.) Çaganyň ýetginjeklik ýyllarynda hukuklaryny berjaý etmek hakynda
21-nji umumy teswir (2018 ý.) Köçe şertlerinde bolan çagalar hakynda