Türkmenistanyň tomusky dynç alyş merkezlerinde Çaga Hukuklary boýunça wagyz-nesihat çäreleri
2025-nji ýylyň 28-nji iýuly, Aşgabat – Türkmenistanyň Mejlisi we ÝUNISEF, BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň Wekilhanasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň Sebit edarasy (OHCHR), Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasy bilen hyzmatdaşlykda, çagalaryň hukuklary boýunça habardarlygy ýokarlandyrmak maksady bilen her ýyl guralýan interaktiw sessiýalar ýurduň tomusky dynç alyş merkezlerinde geçirdiler.
Ilkinji sessiýa Aşgabadyň etegindäki Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Ýaşlyk” çagalaryň tomusky dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirildi. Soňra çäreler Daşoguz welaýatyndaky “Bagtyýar Nesil” hem-de Mary welaýatyndaky “Arkadagyň Bagtyýar Nesilleri” merkezlerinde dowam etdirildi. 8–12 ýaş aralygyndaky çagalar Çaga Hukuklary baradaky Konwensiýa (ÇHK) degişli temalar boýunça oýunlara, interaktiw maşklara gatnaşdylar we multfilm görnüşindäki wideolara tomaşa etdiler. Bu çäreleriň maksady çagalaryň hukuklaryny gyzykly, ýaş aýratynlyklaryna laýyk we höweslendiriji usullar arkaly düşündirmek hem-de BMG-niň Çaga Hukuklary baradaky Konwensiýasynyň we Adam Hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň esasy ýörelgelerini wagyz etmek boldy.
Her sessiýa ýaş gatnaşyjylaryň özlerini açyk we rahat duýmagy üçin mähirli salamlaşyklar we interaktiw tanyşlyk oýunlary bilen başlandy. Çagalar bilim, gorag, gatnaşmak we diskriminasiýa edilmezlik ýaly esasy hukuklary toparlaýyn bäsleşikler, sorag-jogap oýunlary we döredijilikli ýaryşlar arkaly öwrenip, öz pikirlerini açyk beýan etdiler. Şeýle hem bu çäreler ÝUNISEF-iň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, OHCHR-niň we Adalatçynyň edarasy ýaly möhüm guramalaryň ýurdumyzda çaga hukuklaryny goramakdaky wezipeleri bilen tanyşdyrdy.
“Men öň şeýle köp hukugymyň bardygyny bilmeýärdim – meselem, pikiriňi açyk beýan etmek we howpsuz ýaşamak hukugym barada,” diýip, 10 ýaşly Selbi ýylgyryp aýtdy. “Indi bir zat ýalňyş bolsa, muny aýdyp biljekdigime ynanýaryn we joralaryma hukuklaryny öwretmek isleýärin.”
Bu bilelikdäki başlangyç çagalaryň pikirlerini erkin beýan edip, howpsuz we goldaýjy gurşawlaryny döretmekde umumy ygrarlylygy subut etdi. Adam hukuklary baradaky bilimi elýeterli we gyzykly etmek arkaly bu sessiýalar çagalary maglumat, özüne ynam we beýlekileriň hukuklaryna hormat goýmak ukyby bilen güýçlendirdi.
“Her bir çaga goralmaga, eşidilmege we goldanylmaga mynasypdyr – bu bolsa olaryň öz hukuklaryny bilmekden başlanýar,” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna aýtdy. “Biz çagalaryň ýanynda oturyp, olary diňlänimizde we pikirleriniň hem-de duýgularynyň möhümdigini düşündirenimizde, olaryň özüne bolan ynamlaryny we hormatyny berkidýäris”.
Bu çäreler ÇHK Komitetiniň netije bellikleriniň, hususan-da Konwensiýanyň we onuň goşmaça Teswirnamalarynyň çagalara, maşgalalara hem-de jemgyýete wagyz nesihat edilmegine degişli tekliplerini durmuşa geçirmäge Türkmenistanyň edýän tagallalaryny goldaýar.
Çagalaryň tomusky dynç alyş we sagaldyş merkezlerindäki bu sessiýalar Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda Milli Çaga Hukuklary boýunça maglumat we subutnama ýygnamak ukyplaryny hem-de ulgamlaryny güýçlendirmek” atly taslamanyň çäklerinde guraldy. Taslama Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek we çaga hukuklaryny ilerletmek boýunça ösüşi yzarlamak üçin ýokary hilli maglumatlary toplamak we peýdalanmak boýunça milli tagallalary goldaýar.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.