Çagalaryň hekaýalaryny mertebeli beýan etmek: ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky media etikasy boýunça seminarlary
2025-nji ýylyň 19-njy maýy, Aşgabat – 12-nji maýdan 17-nji maýa çenli aralykda ÝUNISEF Türkmenistanda “Çagalar üçin we çagalar barada media etikanyň talaplaryna laýyk habar beriş” atly gysga okuwy geçirdi. Döwlet we hususy köpçüliklýeýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri, sanly mazmun döredijiler hem-de inflýuenserler media etikasynyň nädip çagalaryň hukuklaryny gorap we öňe sürüp biljekdigini, şeýle hem çagalar baradaky maglumatlara jemgyýetiň ynamyny artdyryp biljekdigini öwrenmek üçin Aşgabatdaky BMG-nyň binasynda jemlendiler.
Okuw ÝUNISEF we metbugat etikasy we hukuk kadalary babatynda baý tejribesi bolan Gazagystanyň “Legal Media Center” jemgyýetçilik guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçirildi. Alty günüň dowamynda gatnaşyjylar diňe nazary sapaklar bilen çäklenmän eýsem: razylyk almak, şahsyýeti goramak, stereotipleriň howpy we çagalar bilen bagly habarlary hormat we seresaplylyk bilen beýam etmegiň usullary ýaly amaly temalary içgin öwrendirler. Olar halkara standartlaryny we milli hukuk goraglaryny gözden geçirdiler, metbugat guramalarynyň redaksiýa jogapkärçiligini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem sanly maglumat beriş serişdeleriniň — şol sanda emeli aňyň — mümkinçiliklerini we howplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Sessiýalar adaty KHBS hünärmenlereniň we jemgyýetçilik pikirlerini emele getirmekde we ýaşlara täsir etmekde uly rol oýnaýan sosial media inflýuenserleriň zerurlyklaryna laýyklykda taýýarlanyldy.
Tutuş hepdäniň gaýtalanan esasy pikir şeýle boldy: çagalar diňe bir wakalaryň gahrymanlary däl-de, olar hukuklary bolan şahslardyr. Žurnalistleriň wezipesi bolsa olaryň mertebesini goramakdan, hususan-da, ejiz toparlar, şol sanda, maýyplygy bolan çagalar ýa-da şikes alan çagalar bilen iş salyşylanda juda seresaplylyk görkezmekden ybaratdyr.
Gatnaşyjylar interaktiw ýumuşlara hem gatnaşdylar — rollaýyn oýunlardan başlap içerki redaksion ülňeleri işläp düzmäge çenli ýumuşlary ýerine ýetirdiler. Sahnalaşdyrylan gepleşigiň barşynda olar çagalaryň pikirlerini we olaryň özbaşdaklygyny göz öňünde tutmak bilen söhbetdeşlik geçirmegiň usullaryny özleşdirdiler. Oňyn ene-atalyk, kiberbulling, we çagalar üçin howpsuz sanly giňişlik ýaly temalar boýunça hekaýalary döretdiler.
Media etikasy boýunça bu okuw ýaş žurnalistleri hem öz içine aldy. Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary üçin hem iňlis dilinde aýratyn 2 ýörite seminarlary geçirildi. Bu sapaklar olaryň hünär ýolunyň başlangyjynda media etikasy bilen tanyşmaga ýardam etdi.
Hepdäniň aýagyna çenli gatnaşyjylar diňe bir materiallaryň hiliniň ýokarlanmagy hakynda däl-de, eýsem Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny goraýan, ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeldýän we olary ruhlandyrýan we goraýan wakalary beýan edýän medianyň täze medeniýetiniň döremegi hakynda gürrüň etdiler.
Seminara gatnaşyjylaryň biri Aýgül şeýle diýdi: "Indi biz çaga barada ýazýan habarymyzyň diňe bir jemgyýetiň pikirine däl-de, eýsem çaganyň özüni nähili kabul etjekligine hem täsir edýänligine düşünýäris”.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.