Türkmenistan MICS Plus ulgamyny ornaşdyrmak bilen çagalaryň ýagdaýy baradaky maglumatlary toplamak işini kämilleşdirýär
2025-nji ýylyň 13-nji maýy, Aşgabat - Köp görkezijiler boýunça klasterleýin synyň soňky tapgyrynyň netijeleriniň tanyşdyrylyşyndan soň (MICS7), Türkmenistan çagalar we maşgalalar barada maglumatlary toplamak ulgamyny ösdürmekde nobatdaky ädimi ätdi. 2025-nji ýylyň 5-nji maýyndan 9-njy maýyna çenli aralykda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda MICS Plus maglumatlaryny toplamak boýunça geljekki hünärmenleri üçin seminarlary geçirdi. Bu syn üçin maglumat ýygnamaga 2025-nij ýylyň maý–iýun aýlarynda badalga bermek meýilleşdirilýär.
MICS Plus — bu MICS-iň (Köp görkezijili klasterleýin syn) adaty formatyna esaslanýan ÝUNISEF tarapyndan işlenip düzülen synynyň ýokary tizlikli platformasydyr. Adaty MICS-lerden tapawutlykda, MICS Plus pikir soraşmalary telefon söhbetdeşlikleri arkaly geçirilýär, bu bolsa hökümetlere çalt özgerýän dünýäde subutnamalara esaslanýan çözgütleri kabul etmäge kömek etmek bilen, çalt we az harajatlar bilen dürli ugurlar boýunça görkezijileri öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistan dünýäde MICS Plus synyny durmuşa geçirýän ilkinji ýurtlaryň biri boldy we şonuň bilen birlikde özüniň sanly tehnologiýalary ulanmaga we çagalaryň we maşgalalaryň ýagdaýlary barada ygtybarly we iň soňky maglumatlary yzygider ýygnamak üçin milli strategik ulgamlary pugtalandyrmaga ygrarlylygyny tassyklady.
Bäş günlük seminar Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Ilaty hasaba alyş müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan, ÝUNISEF-iň Maglumatlar we seljeriş bölüminiň statistika we gözegçilik boýunça hünärmeni Tatýana Karaulasyň tehniki goldaw bermeginde geçirildi. Gatnaşyjylar MICS Plus usulyýeti, şol sanda, söhbetdeşlik geçirmek üçin sanly gurallary we bilim boýunça modullary, öý hojalyklary barada maglumatlary ulanma, öý hojalyklarynda elektrik energiýasynyň, suw üpjünçiliginiň we arassaçylygyň, ýaşamak üçin zerur çeşmeleriň elýeterliligi we klimate üýtgemegi boýunça amaly iş tejribesini aldylar. Maglumatlaryň ýokary hilini we jogap bermegiň ýokary derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýän telefon arkaly jogap almalaryň algoritmleri ýaly köpgezeklik pikir soraşmalaryň usullaryna aýratyn üns berildi.
«MICS Plus — bu ýöne bir tehniki gural bolman, eýsem maglumatlara esaslanýan dolandyryşa bolan ygrarlylykdyr», diýip Tatýana Karaulas nygtady. — «Ol Türkmenistan ýaly ýurtlara haklyky wagt çäklerinde çagalaryň we maşgalalaryň ýagdaýlaryna gözegçilik etmäge we syýasaty bu meselelere laýyklykda uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Statistika baradaky döwlet komiteti bu döwrebap çemeleşmäni girizmek bilen öňdebaryjylygy görkezdi».
Statistika baradaky döwlet komiteti we ÝUNISEF saýlanyp alnan öý hojalyklaryny telefon arkaly pikir soraşmalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrýar. Bu barlag Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda maglumatlary toplamak we çaganyň hukuklary babatda subutnamalary almak boýunça milli mümkinçilikleri pugtalandyrmak“ atly taslamanyň çäklerinde geçirilýär. Ygtybarly maglumatlary toplamak we ulanmak boýunça milli mümkinçilikleri kämilleşdirmek arkaly, bu taslama Türkmenistanyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde we çaganyň hukuklaryny ilerletmekde tagallalaryny goldaýar.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.