ÝUNISEF we Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi çagalar bilen hoşniýetli söhbetdeşlik usullaryny ornaşdyrýarlar

05 Noýabr 2024
Training of trainers on child-friendly interview techniques
UNICEF Turkmenistan/ Muhammet Kadyrov/ 2024

5-nji noýabr, Aşgabat, Türkmenistan — Şu gün, BMG-niň binasynda, ÝUNISEF we Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan gurnalan, kämillik ýaşyna ýetmedik jebir çekenleriň ýa-da şaýatlaryň gatnaşmagyndaky jenaýatlar derňelende hoşniýetli usullary ulanmak boýunça dört günlük tälimçileriň okuw maslahaty tamamlandy. Bu okuw maslahata Aşgabatdan we ähli welaýatlardan içeri işler edaralarynyň sülçileri, şeýle hem Içeri işler ministrliginiň institutynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň psihologiýa fakultetiniň mugallymlary gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar çaganyň bähbidini nazara almak bilen waka baha bermek, maglumatlary toplamak we zerurlyklary kesgitlemek boýunça usullary we gurallary içgin öwrendiler. Okuw sapaklary sorag etmeklige gatnaşýan çaganyň özüni alyp barşyny seljermegi, derňewleriň psihologik taraplaryny we kämillik ýaşyna ýetmediklere garşy jenaýatlar bilen işleýän edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygyň zerurlygyny görkezdi we şol sanda ýörite bilimli hünärmenler we psihologlar bilen işlemegi öz içine aldy.

Training of trainers on child-friendly interview techniques
UNICEF Turkmenistan/ Muhammet Kadyrov/ 2024

Maslahatyň dowamynda, gatnaşyjylar "çagalara hoşniýetli adalat" çemeleşmesiniň möhümdigini nygtadylar. Bu çemeleşme derňew geçirilýän döwründe çaganyň kämillik derejesini we işiň ýagdaýyny nazara almak bilen, çaganyň hukuklaryna hormat goýulmagyny we olaryň goralmagyny üpjün edýär. Bu usullar çagalaryň has ejizligi we olaryň gürrüňdeşlik geçirilýän döwründe özlerini howpsuz duýmaklaryna mätäçligi, munuň bolsa olara aýratyn üns berilmegini talap edýänligi sebäpli örän möhümdir.

Bu okuw maslahaty Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasyna laýyklykda, kämillik ýaşyna ýetmedik jebir çeken çagalaryň ýa-da çaga şaýatlaryň gatnaşmagyndaky jenaýatlary derňemek işine gatnaşyjylaryň tejribesini kämilleşdirmek üçin okuw maslahatynda özleşdirilen usullary hünär okuw modullaryna goşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga ýol açdy.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.