ÝUNISEF çagalara hoşniýetli adalat ulgamynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň wekilýetiniň Gruziýa saparyny amala aşyrmaga ýardam berýär
2023-nji ýylyň 27-nji oktýabry, Gruziýa - Türkmenistanyň dürli döwlet edaralaryndan bolan sekiz hökümet wekili 2023-nji ýylyň 23–27-nji oktýabry aralygynda Gruziýa sapary amala aşyrdy we ol ýerde topar milli hyzmatdaşlar bilen duşuşyp, ýurduň çagalara hoşniýetli dalat ulgamy barada gymmatly maglumatlary aldylar. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky we Gruziýadaky wekilhanalary Tblisidäki hökümet hyzmatdaşlary bilen bilelikde özara tanyşmak bilen saparyň guralmagyna ýardam berdiler.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Gruziýanyň esasy hökümet edaralarynyň wekilleri, şol sanda Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturanyň we Içeri işler ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyklar geçirdi we ýurtda kanun bilen galtaşykly çagalar bilen işlemek üçin ulanylýan usullary we çäreleri ara alyp maslahatlaşdy, jebir çekenleri we şaýatlary goramak boýunça ýöriteleşdirilen gulluklaryň Barnhaus (Çagalar öýi) ýaly işine, şeýle-de kanun bilen dawaly çagalara alternatiw höküme hem-de öňüni alyş çärelerine aýratyn üns berildi.
Wekilýetiň agzalary hukuk binýady, guramaçylyk düzümleri, ýörite hünär taýýarlygy bolan durmuş işi boýunça işgärleri we psihologlary çekmek arkaly şahsy işleri alyp barmaga bolan dersara çemeleşme, şeýle-de öňdebaryjy iş tejribesi we çagalar adalatlylygy ulgamynda gazanylan netijeler bilen hem tanyşdylar. Gruziýanyň baý iş tejribesine daýanyp, jenaýatçylyklarda ejir çekenler we şaýatlar, şeýle-de kanun bilen dawaly ýagdaýdaky çagalaryň abadançylygyna aýratyn üns bermek bilen, wekiliýet Türkmenistandaky zerurlyklaryň we ýagdaýlaryň nukdaýnazaryndan bu iş tejribesine baha berer.
Bu sapar Germaniýanyň Daşary işler ministrligi we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde amala aşyryldy. ÝUNISEF çagalara hoşniýetli adalat ulgamyny we çäreleri berkitmegiň üstünde Içeri işler ministrligi we hyzmatdaş-gatnaşyjylar bilen işlemegi dowam eder.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.