ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Türkmenistana resmi saparyny tamamlady
Sebit direktory Hökümetiň we hyzmatdaşlaryň çagalaryň hukuklaryny goramaga we olaryň abadançylygyny üpjün etmäge bolan ýokary ygrarlylygyny belledi
AŞGABAT, 2025-nji ýylyň 16-njy dekabry – ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Regina de Dominiçis şu gün Türkmenistana bolan resmi saparyny tamamlady.
Saparyň dowamynda Regina de Dominiçis Türkmenistanyň Hökümetiniň wekilleri, şol sanda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary — hanym Baýramgül Orazdurdyýewa we jenap Hojamyrat Geldimyradow, Türkmenistanyň Adalatçysy — hanym Ýazdursun Gurbannazarowa, şeýle hem Mary welaýatynyň häkimi — jenap Döwranberdi Annaberdiýew bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň dowamynda taraplar çagalaryň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Sebit direktory Hökümetiň we hyzmatdaşlaryň çagalaryň hukuklaryny goramaga we olaryň abadançylygyny üpjün etmäge bolan ýokary ygrarlylygyny belledi hem-de ÝUNISEF-iň 2026–2030-njy ýyllar üçin täze Ýurt maksatnamasynyň çäginde bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Esasy ugurlaryň hatarynda çaganyň irki ösüşi, maýyplygy bolan çagalary goldamak, klimatyň üýtgemegine durnukly «ýaşyl mekdepleri» ösdürmek, ýaşlary bu işlere çekmek we çagalaryň bähbidine döwlet maliýe gurallaryny pugtalandyrmak bar.
Saparyň çäginde Regina de Dominiçis Mary welaýatyna baryp, welaýat çagalar hassahanasyna we 3-nji Saglyk öýüne baryp gördi. Ol lukmançylyk işgärleri, çagalar we ene-atalar, hyzmatlary amala aşyrýan hünärmenler bilen duşuşdy hem-de enäniň we çaganyň saglygyny goramak, irki ösüş ulgamlaryna edilýän maýa goýumlarynyň ýerlerde hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga nähili kömek edýändigini synlady.
Aşgabatda Sebit direktory 74-nji belgili tejribe-inklýuziw mekdebine baryp gördi. Çagalar inklýuziw gurşawda okamak tejribeleri barada gürrüň berdiler, mugallymlar we hünärmenler bolsa şahsy goldawyň her bir okuwçynyň özüne bolan ynamyny artdyrmaga we ukyplaryny açmaga nähili ýardam edýändigi barada aýtdylar.
Regina de Dominiçis Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara foruma hem gatnaşdy. Ol öz çykyşynda durnukly ösüşiň we parahatçylygyň diňe çagalaryň bähbitleri döwlet we jemgyýetçilik tagallalarynyň merkezinde goýlan ýagdaýynda mümkindigini aýratyn nygtady.
Sapar Türkmenistanyň Adalatçysy bilen duşuşygy bilen jemlendi. Onda ÝUNISEF çaganyň hukuklarynyň berjaý edilmegine gözegçilik etmekde we BMG-niň Çaganyň hukuklary baradaky komitetiniň 2024-nji ýyldaky Jemleýji belliklerini durmuşa geçirmekde mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.
“Meniň Türkmenistana saparym hakykatdan hem örän täsirli boldy. Türkmenistanyň hökümetiniň mähirli kabul edenligi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Hökümetiň çagalaryň hukuklaryna bolan ygrarlylygynyň anyk işlerde amala aşyrylýandygyny görmek meni örän begendirdi. Çaga ösüşiniň skriningi, inklýziw bilim we durmuş işiniň ösdürilmegi eýýäm çagalaryň we maşgalalaryň, aýratyn-da, goldawa has mätäçleriň durmuşyny özgerdýär» diýip, Regina de Dominiçis belledi. — «Türkmenistanda has köp çaganyň ösmegi, okamagy we öz ukyplaryny amala aşyrmagy üçin hyzmatdaşlygymyzyň geljegine uly ynam bilen garaýaryn”.
ÝUNISEF her bir çaganyň bähbidine durnukly netijeleri gazanmak üçin Türkmenistanyň Hökümeti we hyzmatdaşlary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirer.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.