ÝUNISEF we Türkmenistanyň Bilim ministrligi okuw robototehnikasy boýunça mekdep mugallymlarynyň bilimlerini ýokarlandyrýar

25 Oktýabr 2023
UNICEF and Ministry of Education Enhance the Capacity of School Teachers on Educational Robotics
UNICEF Turkmenistan

2023-nji ýylyň 25-nji oktýabry, Aşgabat -  ÝUNISEF Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen birlikde “Mekdep mugallymlary üçin okuw robototehnikasy boýunça maslahat” geçirdi. 2023-nji ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda geçen bu gyzykly we öwrediji çäre milli bilim ulgamynyň 27 hünärmenine we mugallymyna iş tejribesine okuw robototehnikasyny ornaşdyrmakda zerur bolan düşünjeleri almaga we hünär endiklerini kämilleşdirmäge mümkinçilik döretdi.

Okuw maslahaty döwrebap interaktiw we okuwça niýetlenen usullary girizmek arkaly Türkmenistanda bilimiň hilini ýokarlandyrmakda wajyp badalga bolup hyzmat etdi. Amaly okuwa gönükdirilen okuw robototehnikasy ylmy we tehnikany ösdürmeginiň soňky gazananlaryna laýyklykda ýurduň bilim ulgamyny özgertmäge ýardam eder.

Okuw maslahatyna gatnaşan bilim işgärleri robototehnikalary okuw prosesine netijeli ornaşdyrmak üçin düýpli düşünjelere, maslahatlary we serişdeleri aldylar. Okuw maslahatyna okuw robototehnikasy we okatmagyň interaktiw usullary boýunça tejribesi bolan ussat mugallymlar gatnaşdylar. Okuwyň dowamynda oňa gatnaşyjylar okuw robototehnikasynyň esaslary, “Scratch” programmirleme diliniň esaslary, “Arduino” okuw robototehnikasy üçin toplumlaryň düzüm bölekleri we olaryň funksiýalary bilen tanyşdylar, şeýle-de “Arduino” toplumynyň kömegi bilen özleriniň programmirleme endiklerini iş ýüzünde ulandylar. Seminara gatnaşyjylar Türkmenistanda STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) predmetlerini okatmaga, şol sanda STEM boýunça gyzlaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilen okuwyň dowam etdirilmegine uly gyzyklanma bildirdiler.

Şu okuw maslahaty Türkmenistanda bilim standartlarynyň kämilleşdirmek we talyplary geljegiň täze talaplaryna laýyk taýýarlamak boýunça has uly işleriň bir bölegi bolup durýar. Okuw robot tehnikasynyň bilim ulmagyna ornaşdyrylmagy onuň diňe bir hilini ýokarlandyrman, eýsem täzeçil pikirlenýän we meseleleriň çözgütlerini agtarýan täze nesli ruhlandyrar.

UNICEF and Ministry of Education Enhance the Capacity of School Teachers on Educational Robotics
UNICEF Turkmenistan
UNICEF and Ministry of Education Enhance the Capacity of School Teachers on Educational Robotics
UNICEF Turkmenistan

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.