ÝUNISEF Türkmenistanda başlangyç saglygy goraýyş merkezinde gün energiýa enjamyny ornaşdyrdy

20 Iýul 2023
UNICEF connects a primary health care facility to solar energy in Turkmenistan
UNICEF Turkmenistan

Aşgabat, 2023-nji ýylyň 20-nji iýuly – Golaýda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Pelwert obasynyň saglyk öýünde täze synag gün energiýasy ulgamy oturdyldy. Bu Türkmenistanda gün energiýasyny öndürýän paneller bilen enjamlaşdyrylan ilkinji saglygy goraýyş edarasy boldy – ol ÝUNISEF-iň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçiren innowasion taslamasydyr.

Arassa elektrik energiýasynyň üznüksiz üpjün edilmegi, ähli zerur lukmançylyk we lukmançylyk däl enjamlaryň zerur bolanda gije-gündiziň dowamynda işlemegini üpjün eder, bu bolsa saglygy goraýyş edarasyna tebigy betbagtçylyklar wagtynda hem üznüksiz saglyk hyzmatlaryny bermäge mümkinçilik berer.

UNICEF connects a primary health care facility to solar energy in Turkmenistan
UNICEF Turkmenistan

Global Klimat Ylalaşyklaryna (GKY) we maksatlaryna laýyklykda ÝUNISEF klimatyň durnukly we ekologiýa taýdan durnukly saglygy goraýyş edaralary üçin toplumlaýyn strategiýany işläp düzdi. Gün energiýasy tehnologiýalary saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary pudaklaryny pes uglerodly we klimatyň durnukly ösüş ýoluna öwrüp biljek çözgütleriň biridir.

Gün energiýasy Türkmenistan ýaly gün şöhlesi köp bolan ýurtda üznüksiz, durnukly, ygtybarly we arassa elektrik üpjünçiligi üçin iň oňat çözgütleriň biridir. Bu Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga kömek eder. Mundan başga-da, taslama saglygy goraýyş ulgamynda innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň Klimatyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasyna laýyklykda alternatiw energiýa çeşmelerini we howanyň durnuklylygyny ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.