Türkmenistanda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we olara jogap çäreleri üçin ýerli we milli mümkinçilikleri güýçlendirmek

13 Iýul 2023
Teachers hold a girl at the first aid training
UNICEF Turkmenistan

Aşgabat, 2023-nji ýylyň 13-nji iýuly – Tebigy betbagtçylyklaryň ähli görnüşleriniň diýen ýaly bolup geçýän Merkezi Aziýa ýurtlarynda uly ykdysady we adam ýitgilerine getiren, gaýtalanýan tebigy betbagtçylyklaryň taryhy bar. Olaryň arasyndan ýer titremeleri adam heläkçiligine we infrastrukturanyň zeper ýetirmegine sebäp bolýan iň weýrançylyklysydyr, muňa bolsa Türkiýede bolup geçen soňky wakalar şaýatlyk edýär. Howanyň üýtgemeginiň täsiri bilen baglanyşykly betbagtçylyklaryň barha artýan täsirini yzygiderli azaltmagyň zerurlygy ykrar edilýär we ygrarlylyga eýe bolýar, bu bolsa betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak, durnuklylygy üpjün etmek we klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça çäreleri tizleşdirmegiň wajypdygyny anyk görkezdi.

ÝUNISEF we Türkmenistanyň hökümeti USAID-iň Ynsanperwer kömek Býurosy (YKB) tarapyndan maliýeleşdirilýän we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda durmuşa geçirilýän “Ýer titremeleriň we tebigy betbagtçylyklary ýokary töwekgelçiligi bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we olara jogap çäreleri boýunça ýerli we milli mümkinçilikleri güýçlendirmek” Maksatnamasynyň çäklerinde adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we olara jogap çäreleri üçin ýerli we milli mümkinçiliklerini güýçlendiýärler.

Bu maksatnamanyň çäklerinde Aşgabat şäherinden, Ahal, Daşoguz we Lebap welaýatlaryndan 1000-e golaý mekdep okuwçylary, 10 sany ýöriteleşdirilen mekdeplerden 400 ýolbaşçy we mugallymlar, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň (TMGÝJ) 300-den gowrak işgärleri hem-de meýletinçileri Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF), Goranmak ministrligi, Bilim ministrligi we TMGÝJ-i bilen bilelikde 2023-nji ýylyň maý-iýul aýlarynda gurnan mümkinçilikleri artdyrmak we imitasiýa tälim sapaklaryna gatnaşdylar. Sapaklar ilkinji kömegi bermek we ewakuasiýa etmek tejribesini, klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak mümkinçiliklerini güýçlendirmek, zyýan çeken ilata hasabat bermek üçin gurallary we mehanizmleri girizmek we betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmagyň dolandyryş meýilnamalaryny täzelemek ýaly çäreleri öz içine aldy.

Teachers attend first aid training
UNICEF Turkmenistan

Şol Maksatnamanyň çäklerinde ÝUNISEF milli hyzmatdaşlary adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşýän sosial gorag ulgamlary we maksatnamalary arkaly taýýarlygy üpjün etmek babatda goldady. Bu goldaw Almatyda sebitleýin seminary we 2023-nji ýylyň mart we iýul aýlarynda Goranmak ministrliginiň, Adatdan daşary ýagdaý we halas ediş müdirliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Maliýe ministrliginiň we TMGÝJ-niň wekilleriniň gatnaşmagy bilen “Sargynlara garşy gyssagly pul geçirimlerini artdyrmak” boýunça milli derejede geçirilen okuw sapagyny öz içine aldy. Mundan başga-da, ÝUNISEF Türkmenistanyň hökümetine sarsgynlardan we tebigy betbagtçylyklardan ejir çeken adamlara gyssagly pul kömegini bermäge Türkmenistanyň durmuş goragy ulgamynyň taýynlygyny öz içine alýan adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyna baha bermekligi geçirmekde goldaw berdi.

Bu baha bermekligiň deslapky netijeleri degişli hyzmatdaşlara hödürlendi, şeýle-de Türkmenistanda gyssagly pul geçirimlerini amala aşyrmak üçin bar bolan mümkinçilikler hem-de jikme-jik teklipler (syýasy, maksatnamalaýyn, ulgamlaýyn we beýleki baglanyşykly taraplar boýunça) ara alnyp maslahatlaşyldy.

Participants at the training
UNICEF Turkmenistan
Participants at the training
UNICEF Turkmenistan

Maksatnama barada: USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän “Ýer titremeleriň we tebigy betbagtçylyklary ýokary töwekgelçiligi bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we olara jogap çäreleri üçin ýerli we milli mümkinçilikleri güýçlendirmek” Maksatnamasy Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda durmuşa geçirilýär. Maksatnama, üpjünçiligiň derwaýys närselerini öňünden ýerleşdirmek, mekdep derejesinde we milli derejede jemgyýetleriň töwekgelçilikleri azaltmak boýunça çareleri geçirmek arkaly we Merkezi Aziýanyň töwekgelçiligi ýokary bolan ýurtlarynda mümkinçilikleri ýokarlandyrmak hem-de ýer titremesine taýýarlygy we çäre görmekligi güýçlendirmeklige esaslanyp, bilelikdäki taýýarlygy we durnuklylygy upjün etmekligi maksat edinýär. Ýokardaky işler, ynsanperwer nagt pul geçirimleri, üpjün etme we satyn alma, seýle-de adatdan daşary ýagdaýlarda gender deňligi ýaly ugurlarda mümkinçilikleri artdyrmaga gönükdirilen sebitleýin seminarlar bilen doldurylýar. Bu maksatnama, esasanam tebigy betbagtçylyklara sezewar bolan sebitlerde çagalaryň, mugallymlaryň, ene-atalaryň we jemgyýetiň agzalarynyň mekdepde we jemgyýetde geçirilýän tebigy betbagtçylyklara taýýarlygy üpjün etmek işlerine gatnaşmak arkaly töwekgelçiliklere düşünip we dolandyryp biljekdigini, suw joşmalary, ýer süýşmeleri ýa-da ýer titremeleri ýaly dürli adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmegi öwrenmegini üpjün edýär. USAID-iň Ynsanperwer kömek Býurosy (YKB) Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda iki ýyllyk maksatnamany durmuşa geçirmek üçin 1,650,000 dollar maýa goýdy.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.