ÝUNISEF we Goranmak ministrligi adatdan daşary ýagdaýlarda çagalary goramak boýunça ähli milli hyzmatdaşlara okuw maslahatyny geçdiler

01 Mart 2023
“Protecting the life and health of children in any emergency is one of the most humane and important tasks. During an emergency, we must take action to ensure the safety and basic needs of children. Child protection is not only  the responsibility of parents, but also of all governmental, non-governmental, local administrations, public and private institutions  of the state. Therefore, it is important that all relevant authorities understand and fulfill their responsibilities to safeguard and protect childr
UNICEF Turkmenistan

2023-nji ýylyň 1-nji marty – Ýaňy-ýakynda, Türkiýede bolup geçen uly ýer titremeler adam ömrüniň nä derejede ejiz hem gowşak bolup biljekligini görkezdi. Dünýädäki adatdan daşary ýagdaýlaryň sany we çynlakaýlygy çürt-kesik artýar. Diňe geçen 20 ýylyň dowamynda tebigy betbagtçylyklaryň netijesinde 3 million töweregi adam wepat boldy. Olaryň her üçden biri çagadyr. Islendik tebigy betbagtçylyk ýüze çykan ýagdaýynda çagalar ilatyň has ynjyk toparyna degişli bolup durýar.

2023-nji ýylyň 23-28-nji fewraly aralygynda adatdan daşary ýagdaýlarda çagalary talabalaýyk goramak üçin baş galdyrmagyň mümkinçiligini pugtalandyrmak maksady bilen, ÝUNISEF we Goranmak ministrligi köp sanly döwlete degişli we degişli bolmadyk milli hyzmatdaşlaryň 150 gowrak hünärmenleri üçin adatdan daşary ýagdaýlarda çagalary goramak boýunça 4 günlük okuw maslahatyny geçirdiler. Bu bilermenler pudagara taýýarlygy üpjün etmek üçin dürli ugurlardan, şol sanda, goranmak, bilim, saglygy goraýyş, durmuş taýdan goramak, howpsuzlyk, ýerli öz-özüňi dolandyryş we adatdan daşary ýagdaýlarda kömek etmek pudaklaryndan okuw maslahatyna gatnaşmaga geldiler.

Okuw maslahatynyň dowamynda milli hünärmenlere çagalar üçin mahsus bolan töwekgelçilikler bilen baglanyşykly iň gowy halkara tejribesini we ülňelerini, çagalary goramagyň durmuş-ekologik modellerini, çagalaryň adatdan daşary ýagdaýlaryň hötdesinden gelip bilmek mümkinçiliklerini we başga-da köp zatlary öwretdiler. Hyzmatdaşlar Türkmenistanda mümkin boljak adatdan daşary ýagdaýlara bagyşlanan amaly ýumuşlara hem gatnaşdylar.

“Islendik adatdan daşary ýagdaýda çagalaryň janyny we saglygyny goramak – esasy ynsanperwer we wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Adatdan daşary ýagdaýda biz howpsuzlygy we çagalaryň esasy zerurlyklaryny üpjün etmek üçin çäreleri görmelidiris. Çagalary goramak diňe bir ene-atalaryň däl-de, eýsem ol ähli hökümet, hökümete dahylsyz, ýerli dolandyryş, döwlet we hususy edaralaryň hem borjy bolup durýar. Şonuň üçin, ähli degişli häkimiýet edaralarynyň adatdan daşary ýagdaýlarda çagalary goramak boýunça öz borçlaryna düşünmekleri we ýerine ýetirmekleri wajypdyr” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary jenap Aleksandr Nartea çäräniň açylyş dabarasynda belledi.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.