Ekologik howpsuzlygy üpjün etmek üçin BMG we Bilim ministrligi mekdep okuwçylarynyň we ýaşlaryň töwekgelçilige durnuklylygyny pugtalandyrýarlar
2023-nji ýylyň 14-nji apreli – BMG-niň dört agentliginiň - BMG-niň Çagalar gaznasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň we Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň hökümeti BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan utgaşdyrylýan “Saglygy goraýyş ulgamynda mümkinçilikleri giňeltmek we pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek” atly maksatnamanyň üstünde işlemegi dowam edýär.
2023-nji ýylyň 11-nji we 14-nji aprelinde ady agzalan maksatnamanyň çäklerinde we Bilim ministrligi bilen birlikde, ÝUNISEF Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň bilim ulgamlarynyň hünärmenleri we ýaşlaryň referent toparlarynyň agzalary üçin betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça okuwlary geçirdi. Netijede, bilim ulagamynyň hünärmenleri mekdepleriň we okuwçylaryň durnuklylygyny ýokarlandyrjak tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça çäreler barada has düýpli düşünje aldylar. Şeýle okuwlar bütin dünýäde ýygy-ýygydan bolup geçýän tebigy betbagtçylyklary nazara almak bilen, tüýs öz wagtynda geçirilýär we muňa ýaňy-ýakynda Türkiýede we Siriýada bolup geçen pajygaly wakalar hem şaýatlyk edýär.
Täze başarnyklar ýaramaz netijeleri azaltmaga kömek eder we adatdan daşary ýagdaýlarda ynsan howpsuzlygyny üpjün etmek nukdaýnazaryndan çemeleşmeden peýdalanmak arkaly betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak mowzugyny bilim ulgamynyň işine girizmäge mümkinçilik berer.
Okuwlar tamamlanandan soň olara gatnaşyjylar betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça okuw materiallaryny aldylar we ol materiallar durnuklylygyny we ekologik howpsuzlygy mundan beýläk hem ýokarlandyrmak maksady bilen, Daşoguz we Lebap welaýatlaryndaky 900 umumybilim berýän orta mekdeplere paýlanyp beriler we peýdalanylar.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.
ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.