BMG we Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda mekdep okuwçylarynyň we ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürýär

22 Aprel 2023
UN and Football Federation of Turkmenistan Promote Healthy Lifestyle Among Schoolchildren and Youth in Dashoguz and Lebap Velayats
UNICEF Turkmenistan

2023-nji ýylyň 22-nji apreli – ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy Futbol federasiýasy, Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda we Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen utgaşyklykda Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň mekdep okuwçylaryna we ýaşlaryna niýetlenen futbol ýaryşynda sport arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürdi.  

Çäreler BMG-niň dört guramasy -ÝUNISEF-iň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, BMG-niň  Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň we HMG-niň goldawy bilen durmuşa geçirilýän “Pandemiýanyň köp ölçegli saglyk howplaryny azaltmak üçin ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek” atly bilelikdäki maksatnamanyň jemleýji çäreleri hökmünde 19-njy we 22-nji aprelde geçirildi.

Mekdep okuwçylary we ýaşlar professional futbolçylaryň geçiren interaktiw ussatlyk dersinde futbol oýnamagy we kiçi futbol ýaryşyna gatnaşmagy öwrenmäge mümkinçilik aldylar. Çäre üstünlikli geçdi, mekdep okuwçylary we ýaşlar sporta höwes we uly gyzyklanma bildirdiler hem-de köp çagalar sport bilen meşgullanmagy dowam etmäge bolan isleglerini beýan etdiler. Maksatnamanyň sagdyn durmuş ýörelgelerini we durnuklylygy ýokarlandyrmagy wagyz etmek boýunça maksady amala aşdy, çünki ähli çäreleriň bütin dowamynda olara gatnaşyjylar beden we akyl taýdan ýokary başarnyklaryny görkezdiler.

“Men 5 ýaşymdan bäri futbol bilen meşgullanýaryn we ýeňmegi halaýaryn. Ýöne bu gün dostlugyň üstün çykanlygyna juda şat. Bu gün örän gyzykly geçdi. Arzuwym geljekde hünärmen futbolçy bolmak we halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanmak” diýip, Daşoguzyň “Almaz” futbol toparynyň 10 ýaşly oýunçysy Jafar Jumabaýew aýtdy.

“Sport çagalaryň ösüşiniň möhüm tarapy. Bu olaryň diňe saglygyna däl, eýsem okuwa ýetişigine we ýolbaşçylyk häsiýetlerine hem oňyn täsir edýär. Şeýle çäreleriň çagalaryň arasynda sportuň meşhur bolmagyna goşant goşýandygyna we olary işjeň bolmaga iterýänligine ynanýarys. Futbol federasiýasyna Türkmenistandaky her bir çaganyň saglygyna we abadançylygyna goşant goşýan ýakyn hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirýäris” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýýazi aýtdy.

April 22, 2023 - UNICEF Turkmenistan in collaboration with Football Federation, Ministry of Education and in coordination with the State Committee on Physical Education and Sports of Turkmenistan, promoted healthy lifestyle through sports in a football tournament targeting schoolchildren and youth of Dashoguz and Lebap velayats. The event was conducted on 19 and 22 of April as a concluding activity of the Joint Programme on “Empowering and Engaging the Youth to Mitigate the Multi-Dimensional Threats of the

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.