ÝUNISEF çagalara gönükdirilen Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak (TBTA) boýunça Strategiýany işläp düzmek arkaly Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmagyň Halkara güni mynasybetli baýramçylyga goşulýar

13 Oktýabr 2021
UNICEF joins the celebration of the International Day for Disaster Risk Reduction with the development of a child focused DRR Strategy
UNICEF Turkmenistan

2021-nji ýylyň 13-nji oktýabry, Aşgabat. – Bu gün Türkmenistan, ähli dünýä bileleşigi bilen birlikde, Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmagyň Halkara günini baýram edip belleýär we ÝUNISEF bu çärä çagalara gönükdirilen Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Strategiýany işläp düzmäge badalga bermek arkaly goşulýar. TBTA boýunça Strategiýanyň taslamasy BMG bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we jogap berişi utgaşdyrma boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde Goranmak, Bilim ministrlikleriniň, Milli Bilim institutynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, şeýle-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň gatnaşmagynda işlenip düzülýär.

Strategiýa Türkmenistandaky çagalarynyň we ýetginjekleriň gowşak goraglylygyny we howanyň üýtgemeginiň we tebigy betbagtçylyklaryň täsirine durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça iň gowy halkara tejribesini ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanyň milli kanunçylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ol şeýle-de çaganyň hukuklary hakynda BMG-niň Konwensiýasynyň, 2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Sendaý çarçuwaly maksatnamasynyň ylalaşygynyň we Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli Strategiýasynyň  esasy düzgünlerini girizmek arkaly Türkmenistanyň milli kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmäge çagyrýar.

“ÝUNISEF iň ýoksul maşgalalardan bolan çagalara kömek etmek, olaryň janlaryny halas etmek, hukuklaryny goramak, öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam bermek arkaly bütin dünýäde iň kyn ýerlerde iş alyp barýar. ÝUNISEF-ň tejribesi Hökümete tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Sendaý çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde öz borçnamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam bermäge we Türkmenistanyň ilatynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. TBTA boýunça geljekki Strategiýa ähli ýagdaýlarda, şol sanda, düýpli adatdan daşary ýagdaýlarda, çagalaryň hukuklarynyň goralmagyny üpjün eder”, - diýip ÝUNISEF-ň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandr Nartea belledi.

ÝUNISEF Türkmenistanda mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegini dowam eder we ýurduň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, şeýle-de adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirýän çärelerini goldar.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.