Inklýuziw we çagalary nazara alýan tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmak ugrunda hyzmatdaşlyk

28 Aprel 2018
tuk-disability-DRR
UNICEF

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Birleşen milletler guramasynyň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda maýyplyk meselelerini nazara almak bilen, tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmakda halkara tejribesinden peýdalanýar. Ol Gruziýanyň hökümete degişli bolmadyk halkara guramasy “Arbeiter-Samariter-Bund” (ASB) tarapyndan teklip edildi. ÝUNISEF bilen ASB-nyň baglaşan Özara düşünişmek hakyndaky ähtnamasyna laýyklykda, 2017-nji ýylyň 22-28-nji aprelinde bilim ulgamynyň hünärmenleri we raýat jemgyýetiniň wekilleri üçin hünär bilimini artdyrmak we tehniki işler boýunça çäreler geçirildi. Bu çäreleriň maksady heläkçilikleriň howpuny azaltmak boýunça maýyplygy we çagalaryň bähbitlerini nazara alýan standartlary ýurduň mekdebe çenli bilim edaralarynda we dikeldiş merkezlerinde ornaşdyrmakdan ybarat.

Türkmenistanda tebigy heläkçilikleriň ýygylygyny göz öňünde tutup, Bilim ministrligi howpsuz mekdepleriň durnuklylygyny ýokarlandyryp, tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmak boýunça çäreleri geçirmegiň jogapkärçiligini öz üstüne alýar. Şunuň bilen baglylykda, 2012-nji ýyldan bäri ÝUNISEF Bilim ministrligi, Goranmak ministrligi we beýleki hyzmatdaşlary bilen ýakyndan işleşýär. Bu hyzmatdaşlyk Ýewropanyň ynsanperwerlik kömegi we raýat goragy boýunça Baş müdirliginiň (ECHO) maliýeleşdirýän  DIPECHO taslamasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmak boýunça Sendai çarçuwalaýyn maksatnamasy kabul edilenden soň, bu hyzmatdaşlygyň döwrebaplygy we strategiki gymmaty has-da artdy. 2015-nji ýyldan soňky döwürde gurşawy goramak we tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmak meseleleri içinden eriş-argaç bolup geçýän Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistana görä uýgunlaşdyrylmagy ýene bir pursatlaryň biri boldy.

ÝUNISEF-iň wekili Şahin Nilofer: “Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakyndaky konwensiýa laýyklykda, maýyplygy bolan adamlary nazara alyp, tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmak ilaty gurşap alýar we maýyplygy bolan adamlara, şol sanda çagalara aýratyn üns berýär. Howa şertleriniň üýtgeýän döwründe, işleýiş usullarymyzy üýtgetmegimiz zerur. Muny ýerine ýetirmegiň iň netijeli ýollarynyň biri – ilatyň ähli toparlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmakdyr. Muňa inklýuziw maýa goýumlar we çözgütler arkaly maýyplygy bolan adamlaryň we çagalaryň durmuşyny özgertmäge bolan mümkinçilik diýip seretmeli” diýdi.

2017-nji ýylyň mart aýynda Bilim ministrliginiň dikeldiş we inklýuziw bilime jogap berýän hünärmenleri we “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasynyň wekilleri ÝUNISEF-iň ýardamy bilen Gruziýa iş sapary bilen gitdiler. Olar ol ýerde tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmak boýunça çagalary nazara alýan inklýuziw tejribäni mekdebe çenli edaralara ornaşdyrmak barada öwrendiler.

Iş saparynyň dowamy hökmünde Milli bilim institutynyň wekilleri, okuw jaýlarynyň mekdebe çenli bilime jogap berýän ýolbaşçylary, dikeldiş merkezleriniň hünärmenleri, bäş welaýatyň we Aşgabat şäheriniň bilim we okuw merkezleriniň müdirleri, Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň we maýyplar boýunça işjeňlik alyp barýan “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleri “Tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmak boýunça çagalary nazara alýan inklýuziw tejribäni mekdebe çenli edaralara ornaşdyrmak” boýunça 5 günlük okuw maslahatyna gatnaşdylar. Okuw maslahaty ASB-nyň bilermenleri tarapyndan geçirildi. “Tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmaga inklýuziw çemeleşmek ony has hem netijeli edýär. Maýyplyk barada bilimiň we tejribäniň bolmagy, maşgalada maýyplaryň bardygyna ýa-da ýokdugyna garamazdan, jemgyýetleriň durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Biz bilim we beýleki ugurlarda bilimiň amal ediljekdigine ynanýarys” diýip, okuw maslahatyna gatnaşanlaryň biri aýtdy.

Tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmak boýunça çagalary nazara alýan inklýuziw tejribäni ýurduň ähli mekdebe çenli edaralarynda we dikeldiş merkezlerinde ornaşdyrmak maksady bilen, bilim ulgamynyň hünärmenler topary basgançaklaýyn tälim almagyny dowam ederler. Milli trenerler geljekde mekdebe çenli we başlangyç bilim edaralarynda ulanyljak uýgunlaşdyrylan okuw materiallaryndan we serişdelerinden peýdalanarlar.

Okuw maslahaty Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň 27-nji orta mekdebinde “Howpsuzlyk gününi” geçirmek bilen tamamlandy. Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralan çäre adatdan daşary ýagdaýlar boýunça toparlaryň, ýerli häkimiýetleriň, mekdep ýolbaşçylarynyň, mugallymlaryň we çagalaryň mümkin bolan heläkçilikli ýagdaýda utgaşykly hereket edişlerine baha bermek üçin geçirildi. Şeýle okuw maslahatlary Türkmenabat we Balkanabat şäherleriniň tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmak synag edilýän mekdeplerinde hem geçirildi.

Häzirki wagtda ÝUNISEF-iň tehniki goldawyny bermegi bilen ýurduň 180 mekdebinde (ýurtda bar bolan mekdepleriň 10%-i) howpsuzlyk barlaglary geçirilýär. Bu barlaglar bilim edaralaryna mekdepleriň gurluşlaýyn howpsuzlygyny berkitmäge we çagalaryň we mugallymlaryň tebigy heläkçiliklere taýýarlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berer. Bilim ministrligi 2020-nji ýyla çenli ýurduň ähli mekdeplerinde şeýle barlaglary geçirmegi meýilleşdirýär.

Habarlaşmak üçin salgylar

Gülälek Soltanowa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355
Tel: +993 65 716045

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.