Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmagyň Halkara güni

21 Oktýabr 2022
Celebrating the International Day for Disaster Risk Reduction 2022
ÝUNISEF Türkmenistan

AŞGABAT - 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça müdirligi (UNDRR) we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF), Goranmak ministrligi we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti bilen birlikde Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmagyň Halkara güni mynasybetli Türkmenistanda tebigy betbagtçylyklary azaltmak we 2015-2030-njy ýyllarda Betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak (TBTA) boýunça 2015-nji ýylyň mart aýynda Ýaponiýada geçen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda kabul edilen “Sendaý çarçuwaly maksatnamasyny” (SÇM) işjeň durmuşa geçirmek boýunça öňegidişligiň gazanylanlygyny bellemek üçin baýramçylyk çäresini geçirdi.

Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmagyň Halkara gününiň (TBTAHG) esasy ünsi tebigy betbagtçylyklaryň adamlaryň durmuşyna we olaryň abadançylygyna edýän täsirine gönükdirýänligini göz öňünde tutup, bu ýylyň mowzugy şeýle betbagtçylyklary öňünden duýduryş ulgamlaryny kämilleşdirmegiň wajyplygyna çekdi. Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak üçin “Sendaý çarçuwaly maksatnamasy”(SÇM) dürli howplar barada öňünden duýduryş ulgamlaryny kämilleşdirmegi ähliumumy maksatlaryň ýedisiniň biri hökmünde kesgitledi we 2022-nji ýylda esasy üns “G” maksada gönükdirilýär: “2030-njy ýyla çenli adamlar üçin dürli howplar barada öňünden duýduryş ulgamlary we betbagtçylyklaryň töwekgelçilikleri we olaryň bahalandyrmasy barada maglumatlary düýpli köpeltmek we elýeter etmek”.

Çärä adatdan daşary ýagdaýlar boýunça edaralaryň ýolbaşçylary, halkara we jemgyýetçilik guramalary, şeýle-de Türkmenistanyň bu ugurda gazananlaryny, adatdan daşary ýagdaýlara onuň taýýarlygyny, şeýle-de tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça gazanylan ösüşi görkezmek üçin ýaşlar gatnaşdylar. 1948-nji ýylda Aşgabatda bolup geçen pajygaly ýer titremesiniň pidalaryny ýatlap we öňünden duýduryş ulgamlarynyň wajyplygyny nygtaýan çykyşlar geçirildi. Çäre “Durnuklylygyň aýdymy” atly bäsleşige gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmegindäki aýdymlar bilen tamamlandy.

Howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň ýaramazlaşmagy sebäpli dünýäde tebigy betbagtçylyklaryň barha artmagy we agyrlygy çagalaryň we ýaşlaryň durnuklylygy ýokarlandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz hereketlere mätäçlik çekýänligini aňladýar, diýip ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili jenap Mohammad Faýýazi aýtdy hem-de ÝUNISEF-iň hökümet bilen birlikde çagalara gönükdirilen TBTA strategiýalary we çaganyň iň gowy bähbitlerini üpjün edýän howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça ähli degişli meýilnamalaryň we teswirnamalaryň üstünde işlemek boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýtdy.

Çäre Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň Ynsanperwer kömegi býurosy tarapyndan maliýeleşdirilýän “Ýer titremesiniň we tebigy betbagtçylyklaryň ýokary töwekgelçiliklerine duçar bolýan Merkezi Aziýa ýurtlarynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we olara garşy hereket etmäni üpjün etmek boýunça ýerli we sebit mükinçiliklerini ýokarlandyrmak” atly sebit maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň Ynsanperwer kömegi býurosy taslamany durmuşa geçirmegiň iki ýyly üçin 1 million 650 müň ABŞ dollary maýa goýdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça müdirligi (UNDRR) tarapyndan durmuşa geçirilýän we Ýewropa Bileleşigi (ÝB) tarapyndan maliýeleşdirilýän “Merkezi Aziýada betbagtçylyklara durnuklylygy ýokarlandyrmak we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça “Sendaý çarçuwaly maksatnamasyny” durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak” atly taslamasynyň çäklerinde “Sendaý çarçuwaly maksatnamasynda” ileri tutulýan ugurlary durmuşa geçirmekde sebitiň ýurtlaryna goldaw bermägä gönükdirilen maksatnamany durmuşa geçirmegiň üç ýyly üçin ÝB 3 million 750 müň ýewro bölüp berdi.

Celebrating the International Day for Disaster Risk Reduction 2022 (1)
ÝUNISEF Türkmenistan
Celebrating the International Day for Disaster Risk Reduction 2022 2
ÝUNISEF Türkmenistan
Celebrating the International Day for Disaster Risk Reduction 2022 3
ÝUNISEF Türkmenistan
Celebrating the International Day for Disaster Risk Reduction 2022 4
ÝUNISEF Türkmenistan
Celebrating the International Day for Disaster Risk Reduction 2022 5
ÝUNISEF Türkmenistan
Celebrating the International Day for Disaster Risk Reduction 2022 7
ÝUNISEF Türkmenistan
Celebrating the International Day for Disaster Risk Reduction 2022 8
ÝUNISEF Türkmenistan
Celebrating the International Day for Disaster Risk Reduction 2022 9
ÝUNISEF Türkmenistan
Celebrating the International Day for Disaster Risk Reduction 2022 10
ÝUNISEF Türkmenistan

Habarlaşmak üçin salgylar

Selbi Hanowa
Jemgyýetçilik we özüňi alyp barmagyň üýtgemegi boýunça hünärmeni
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 48-83-52/55/57/58

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.