Ýartygulak we dostlary Türkmenistanyň çagalaryny sagdyn ösmäge höweslendirýär

ÝUNISEF we Saglygy goraýyş ministrliginiň çagalar üçin kitaby

19 Maý 2023
Yartygulak and his friends
UNICEF Turkmenistan

Aşgabat, 2023-nji ýylyň 19-njy maýy - ÝUNISEF Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň iň ýaş halkyna çagalykdan sagdyn endikleri ösdürmäge kömek etmek üçin “Ýartygulak we onuň dostlary” atly çagalar kitabyny neşir etdi.

Meşhur milli gahryman Ýartygulak we onuň dostlary interaktiw oýunlar, reňkleýji suratlar we kroswordlar arkaly çagalary sagdyn durmuş ýörelgesine alyp barýarlar. Şadyýan, reňkli we gyzykly kitap esasan 4-10 ýaş aralygyndaky çagalar üçin döredildi, ýöne her kim kiçijik gahrymanyň we dostlarynyň gymmatly maslahatlaryndan peýdalanyp biler.

Türkmen we rus dillerinde mugt çap edilip bilinjek göçürmäni ýükläp almak üçin ÝEUNISEF Türkmenistan web sahypasyna girmegiňizi haýyş edýäris.

Bu neşir “Türkmenistan COVID-19-a jogap” taslamasynyň çäginde Türkmenistan hökümetiniň we Bütindünýä bankynyň maliýeleşdirmegi netijesinde mümkin boldy.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.