ÝUNISEF bilen Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi enäni we çagany öýüne görmäge barmak boýunça gulluklary üçin ilkinji sanly goşundyny tanyşdyrdy

10 Aprel 2023
UNICEF and Ministry of Health are introducing the first digital application for Mother and Child Home Visiting services
UNICEF Turkmenistan
Blocks
March 3, 2023, Ashgabat - Strengthening primary health care and providing quality mother and child health services are among the key health priorities of Turkmenistan. UNICEF and the Ministry of Health and Medical Industry are working together to increase the quality of these services through optimization of home visiting by health professionals. This service has an important role in early detection and treatment of complications and saving lives of mothers and children.  In 2022, UNICEF helped to develop
UNICEF Turkmenistan

2023-nji ýylyň 3-nji marty, Aşgabat  - ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegini pugtalandyrmak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmek Türkmenistanyň saglygy goraýyş pudagynyň ileri tutýan esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. ÝUNISEF we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilelikde saglygy goraýyş işgärleriniň eneleri we çagalary öýüne görmäge barmagy güýçlendirmegiň hasabyna bu hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň üstünde işleýär. Bu gulluk keselleri irki döwürde ýüze çykarmakda we gaýra üzülmeleri bejermekde, eneleriň we çagalaryň janyny halas etmekde wajyp orun eýeleýär.

2022-nji ýylda ÝUNISEF kiçi ýaşly çagalary öýüne görmäge barmak boýunça hyzmatlaryň täze ülňelerini we ilkinji gezek Türkmenistanda patronaž işgärler üçin sanly goşundyny işläp düzmäge ýardam berdi. Iş ýüzünde bu saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan üpjün edilýän öýüne görmäge barmak boýunça hyzmatlaryň indi öz içine gös-göni enäniň we çaganyň saglygynyň gowulanmagyna, iýmitlenmäniň netijelerine, şeýle-de ösüşiň bozulmalarynyň irki döwürde ýüze çykarylmagyna kömek etjek öňüni alyş we maslahat beriş gurallaryny hem öz içine aljakdygyny aňladýar. Täze ülňeler we planşet kompýuterlere ýüklenen sanly ykjam goşundylar sebäpli, eneler we çagalar ilkinji günlerden başlap iň gowy idegi alyp başlarlar.

2023-nji ýylyň 28-nji fewralyndan 3-nji martyna çenli aralykda üç seçilip alnan lukmançylyk edarasyndan gelen ähli saglygy goraýyş işgärleri öýüne görmäge barýanlar üçin täze ykjam goşundydan peýdalanmak boýunça okuw geçdiler. Ol ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegi derejesinde bütin ýurt boýunça ýaýradylmazyndan ozal ýakyn aýlarda bu topar ilkinji bolup ykjam goşundyny synag eder.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.