COVID-19 döwründe synp otaglarynda seresaplylyk çäreleri

Mugallymlara we olaryň okuwçylaryna özlerini goramak üçin maslahatlar.

ÝUNISEF
COVID-19 döwründe synp otaglarynda seresaplylyk çäreleri
UNICEF Turkmenistan
05 Oktýabr 2020

Mekdepleriň gaýtadan açylýan döwründe, COVID-19-ň mekdepde we onuň çäginden daşarda ýaýramagynyň öňüni almak üçin seresaplylyk çärelerini görmek wajypdyr.

Mugallym hökmünde bu zatlary bilmek diňe bir özüňizi däl-de, eýsem okuwçylaryňyzy hem gorar. COVID-19 hakynda gorky döredýän we ýalan maglumatlardan we howply toslamalardan ägä boluň.

Käbir okuwçylaryň öýlerinde COVID-19 hakynda ýalan maglumatlary alyp gelmegi mümkin. Olara hakykaty öwretmek siziň borjuňyzdyr.

COVID-19, onuň nähili ýaýraýşy we özümizi we beýlekileri nähili gorap biljekdigimiz hakynda düşünje almak- synp otagynda berjaý etmeli we görülmeli lukmançylyk çärelerini kesgitlemekde ilkinji wajyp ädimdir. Okuwçylaryň yzygiderlikde özleriniň nähili düzgünlere eýermelidini bilmekleri zerurdyr. Olaryň aladalanmalaryny, pikirlerini diňläň  we ýaşlaryna laýyklykda dogry jogap beriň. Olaryň başdan geçirip biljek dürli täsirlerini ara alyp maslahatlaşyň we bularyň adaty däl ýagdaýa berilýän kadaly jogapdygyny düşündiriň.

 COVID-19 hakyndaky maglumatlaryň ÝUNISEF we BSGG, şeýle-de ýurduňyzdaky saglyk edaralary ýaly  ynamdar çeşmelerden alnanlygyna göz ýetiriň. Bu ýagdaý hakynda habarly bolmak we jemgyýetçilik saglygy bilermenleriniň maslahatlaryna eýermek arkaly biz özümiziň we töweregimizdäkileriň hal-ýagdaýlaryny gorap bileris.

 

Mekdeplerde howpsuz araçägi saklamak      

Bir-birek bilen howpsuz araçägi saklamaga gezek gelende, mekdebiňiziň müdirliginiň kesgitlän ýörelgelerine, şeýle-de ýurduňyzyň Saglygy goraýyş ministrliginiň we/ýa-da ýerli saglygy  goraýyş edaralarynyň we häkimiýetleriň kesgitlän lukmançylyk çäreleriniň toplumyna laýyklykda synp otagynda berjaý etmeli käbir esasy düzgünleri ýola goýuň.

  • Mekdepde hemmeleriň bir-biri bilen azyndan bir metr howpsuz araçägi  saklamagyny üpjün ediň
  • Mekdep partalarynyň aralygyny giňeldiň (partalaryň aralygy azyndan 1 metr), arakesmeleriň we günortanlyk arakesmeleriniň (eger kynçylyk çekilse, goşmaça çykalga hökmünde günortanlygy partalaryň başynda ediniň) dowamlylygyny artdyryň
  • Mekdep we mekdepden soňky çäreler üçin synplaryň hereketini çäklendiriň. Mysal üçin, günüň dowamynda synplaryň bir synp  otagynda bolmagy, mugallymlaryň bolsa ders otaglara barmagyny üpjün ediň; ýa-da synplaryň dürli çykalgalardan peýdalanmagyny üpjün ediň, mümkin bolsa, her synpyň bina/synp otagyna girmegi we ondan çykmagy üçin tertibi kesgitläň.
  • Mekdepde dersleriň başlaýan we tamamlanýan wagtlaryň dürli bolmagy üçin okuwyň dowamlylygyny üýtgediň we ähli okuwçylaryň we mugallymlaryň birbada bir ýerde bolmagyndan gaça duruň
  • Mümkin bolsa, her synp otagynda (eger ýer mümkinçiligi bar bolsa)  okuwçynyň sanynyň azyrak bolmagyny üpjün etmek üçin mugallymlaryň sanynyň artdyrylmagyny göz öňünde tutuň
  • Mekdepden gidilende ýa-da gündizki toparlarda çagalaryň yzlaryndan gelenlen adamlara toparlanyşmazlygy maslahat beriň we mümkin bolsa, uly ýaşly maşgala ýa-da jemgyýetçilik agzalarynyň (ýagny ata-eneleriň) çagalary almaga gelmeginden gaça duruň. Bellenilen wagtda çagalaryň bir ýerde islendik uly üýşmeleňini azaltmak üçin olaryň mekdepden alnyp gidilýän we getirilýän wagtlarynyň dürli bolmagyny üpjün ediň
  • Girelgeleriň töweregindäki nobatlarda bir metr howpsuz araçägi saklanmak üçin belgileri,ýerdäki bellikleri, lentalary, päsgelçilik germewlerini we beýleki zatlary ulanyň
  • Bedenterbiýe we sport derslerini nähili geçirmelidigini ara alyp maslahatlaşyň
  • Dersleri daşarda geçiriň ýa-da synp  otaglaryny mümkin boldugyça köpüräk ýelejirediň
  • Okuwçylara mekdepden gidenlerinde toparlanyşmazlyklaryny we bir ýerde üýşüp durmazlyklaryny maslahat beriň

 

Berjaý etmeli

Okuwçylaryňyzy düzgünleri berjaý etmäge höweslendiriň, bu işde olar bilen birlikde özüňi dogry alyp barmagyň düzgünleriniň sanawyny düzmek ýaly çäreler size ýardam eder. Bilelikde okuwçylaryň bir-biri bilen salamlaşmak düzgünlerini; mekdep partalarynyň nähili ýerleşdirilmelidigini, günorta arakesmesiniň dowamynda (kimiň kim bilen oturjakdygyny, kimiň kim bilen arakesmede oýnajakdygyny, hepdäniň dowamynda olaryň özleriniň dostlary bilen nähili wagt tertibini kesgitlejekdigini) howpsuz araçägi saklamagyň ýollaryny  kesgitläň.

 

Saglyk we el arassaçylygynyň düzgünleri

Mugallymlar okuwçylaryň özlerini we beýlekileri COVID-19-dan goramalydygyna düşünmeklerini üpjün etmekde juda wajyp wezipäni ýerine ýetirýärler we siziň synp otagynda görelde bolmagyňyz wajypdyr.

Elleri ýuwmaklyk  mikroblaryň ýaýramagyna garşy göreşmegiň we okuwçylaryň we işgärleriň sagdyn bolmaklarynyň iň ýeňil, iň tygşytly we netijeli ýollarynyň biridir.

Elleri ýuwmagyň bäş düzgünini öwrediň

  1. Elleriňizi arassa, akar suw bilen ölläň
  2. Elleriňize ýeterlik mukdarda sabyn çalyň
  3. Elleriňiziň ähi taraplaryny, şol sanda, ýeňse taraplaryny, barmaklaryňyzyň aralaryny we dyrnaklaryňyzyň aşaklaryny azyndan 20 sekuntlap sabynlap ýuwuň. Bu aralykda okuwçylara bu endigiň gyzykly bolmagy üçin olary gysgajyk aýdym aýtmaga höweslendirip bilersiňiz
  4. Elleriňizdäki köpürjikleri akar suw bilen gowy ýuwup aýyryň
  5. Elleriňizi arassa elýaglygy ýa-da bir gezeklik kagyz el süpürçiji bilen guradyň

Eger mekdepde el ýuwulýan, akar suw   we sabyn elýeter bolmasa, onda düzüminde azyndan 60 göterim spirt saklaýan el arassalaýjy serişdeleri ulanyň.

Bilýärdiňizmi? Sowuk we gyzgyn suwyň ikisi-de sabyn bilen ulanylanda mikroblary we wiruslary ýok etmekde deň-derejede netijelidir!

Okuwçylaryňyzyň ellerini yzygiderli ýuwmagynyň we/ýa-da synp otagyna girmek  we çykmak, okuw materiallarynyň, kitaplaryň ýüzlerini ellemek we burunlaryny arassalamak üçin elýaglygy ulanmak ýaly esasy pursatlarda el arassalaýjy serişdeleri ulanmagynyň adaty endige öwrülmegini gazanyň.

Okuwçylar hemişe üsgürenlerinde we/ýa-da asgyranlarynda ýüzlerini tirsekleri bilen ýapmalydyrlar. Muňa garamazdan, eger tötänden olar elleriniň aýalaryna üsgürseler ýa-da asgyrsalar, onda olara haýal etmän ellerini sabynlap ýuwmalydygyny ýa-da el arassalaýjy serişdäni ulanmalydygyny öwrediň. Eger  okuwçylar kagyz el ýaglyklaryna üsgürse ýa-da asgyrsa, onda kagyz elýaglyklaryny haýal etmän zibil gaba atýandyklaryna we ellerini ýuwandyklaryna göz ýetiriň. Ýygy-ýygydan we yzygiderli elleri ýuwmaklygyň endige öwrülmegi juda wajypdyr.

Hatda elleri arassa bolsa-da, okuwçylaryň gözlerini, burunlaryny we agyzlaryny ellemekden gaça durmaklaryny gazanyň. Şol ýerlerden mikroblar olaryň arassa ellerine geçip we şeýle ýol arkaly synp otagyna ýaýrap biler.

Ýygy-ýygydan elleriň ýuwulmagyny we arassaçylygy berk ýola goýuň we zerur bolan zatlaryň üpjünçiligini dörediň. El ýuwulýan ýerlerde sabynyň we suwuň bolmagyny üpjün ediň we mümkin bolsa, her synp otagynda, girelgelerde we çykalgalarda, naharhanalaryň we hajathanalaryň ýanynda düzüminde spirt saklaýan el arassalaýjy serişdeleri goýuň.

Berjaý etmeli 

Okuwçylaryňyza dogry arassaçylyk endiklerini görkezmek üçin käbir amaly usullary/çäreleri kesgitläň. Mysal üçin:

  • Okuwçylaryňyz bilen bilelikde aýtmak üçin el arassaçylygynyň kadalary hakynda aýdym döretmek
  • Synp otagy üçin okuwçylara arassaçylyk hakynda posterleri ýasatmak  
  • El arassaçylygy düzgünlerini girizmek. Her kim üçin günüň dowamynda, günortanlykdan öň ýa-da soň, ellerini ýuwmak ýa-da el arassalaýjy ulanmak üçin  kesgitli bir wagty belläp bilersiňiz.
  • Hereketler arkaly elleri nähili ýuwýanlygyny we el arassalaýjy serişdäni nähili ulanýanlygyny görkeziň
  • Synpyňyzda utuk gazanma usulyny ýörediň we okuwçylaryňyza her gezek ellerini ýuwanlarynda we el arassalaýyjyny ulananlarynda utuk beriň
  • Okuwçylara el arassaçylygy hakynda jemgyýetçilik bildirişlerini ýazdyryň we şol bildirişleri/posterleri synp  otagynda we mekdebiň görnükli ýerlerinde ýerleşdiriň

 

Mekdeplerde agyz-burun örtügini dakynma

Mekdebiňizde mata agyz-burun örtügini dakynmak maslahat berilýän bolsa, onda, okuwçylaryňyzyň agyz-burun örtüklerini haçan dakynmalydygy we synp otaglarynda we oýun meýdançalarynda ýokaşma töwekgelçiligi bolan ulanylan agyz-burun örtüklerini howpsuz ýagdaýda ýok etmek ýaly beýleki mekdep düzgünleri bilen tanyşdyklaryna göz ýetiriň.  

Agyz-burun örtügini dakynmagyň okuwa  päsgel bermezligini üpjün etmek üçin ähli zerur tagallalar görülmelidir. Agyz-burun örtügini dakynmazlygy ýa-da serişdeleriniň çäkliligi ýa-da elýeter dälligi, agyz-burun örtüginiň ýetmezçiligi sebäpli hiç bir çaga bilim alma mümkinçiliginden mahrum edilmeli däldir.

Synpyňyzda eşidişini ýitiren ýa-da eşidiş kynçylyklary bolan okuwçylar bar bolsa, onda agyz-burun örtügi dakylanda sözleýişiň kadasynyň peselýänligi, dodaklaryň herekedine görä düşünmäniň, gepleýäniň diýjek zatlarynyň aňlatmasynyň kynlygy we howpsuz araçägi saklama sebäpli bu çagalaryň bilim alma mümkinçiliklerini ýitirmeginiň mümkinligini göz öňünde tutuň. Dodaklaryň herekedi arkaly düşünmäge mümkinçilik berer ýaly agyz-burun örtüklerini sazlaň (mysal üçin, reňksiz, içi görünýän örtükleri) ýa-da mata agyz-burun örtükleriniň deregine ýüz goraýjy serişdelerini ulanyň.

 

Arassalama we ýokançsyzlandyrma

Synp otagyňyzyň arassalygyny we ýokançsyzlandyrylmagyny üpjün etme hakynda maglumat.

Predmetleriň ýüzlerini we mekdep partalary, tagtalar, gapylaryň tutawaçlary, kompýuteriň düwmejikleri, amaly okuw esbaplary, suw kranlary, telefonlar we oýunjaklar ýaly gündelik ellenilýän zatlary arassalama we ýokançsyzlandyrma.

Aýdyň hapalanan zatlaryň ýüzlerini haýal etmän arassalaň. Eger olaryň ýüzleri bedendäki suwuklyklar ýa-da gan bilen hapalanan bolsa, onda suwuklyk bilen galtaşmakdan gaça durmak üçin ellikleri we beýleki adaty  howpsuzlyk serişdelerini ulanyň. Suwuklygy aýyryň we soňra şol ýeriň ýüzüni arassalaň we ýokançsyzlandyryň.

Talabalaýyk arassalaýjy materiallary ulanyň

  • Ulanmak  üçin ähli görkezmelere düşünýänligiňize we olary howpsuz we dogry ulanýanlygyňyza göz ýetiriň
  • Ulanmak  üçin ähli görkezmelerden ugur alyň
  • Arassalaýjy serişdeler we zyýansyzlandyryjy serişdeler köplenç ellikleri ýa-da göz goraýjy serişdeleri ulanmagy talap edýär. Mysal üçin, agardyjy serişdeleri ulanan ýagdaýyňyzda elleriňizi goramak üçin hemişe elllikleri geýmek hökmandyr.
  • Ulanmak üçin görkezmelerde onuň howpsuzlygy görkezilmedik bolsa,  arassalaýjy serişdeler bilen zyýansyzlandyryjy serişdeleri garmaň. Belli bir serişdeleri bir-birine goşma (hlorly agardyjy we ammiakly arassalaýjy) agyr zyýan ýetirip ýa-da ölüme eltip biler.
  • Predmetleriň üst ýüzlerini gowşak görnüşli hojalyk agardyjy serişdeleri bilen hem arassalamak mümkin
  • Ulanýan agardyjyňyzyň zyýansyzlandyrma üçin niýetlenenligini anyklamak üçin onuň etiketkasyna serediň we düzüminde gipohlorid natriýanyň 0,5% konsentrasiýasynyň barlygyna göz ýetiriň. Önümiň ýaramlylyk möhletiniň tamamlanmanlygyna göz ýetiriň. Reňkli eşikler ýa-da agartma üçin niýetlenen käbir agardyjy serişdeleriň zyýansyzlandyrma üçin ýaramsyz bolmagy mümkindir
  • Öý hojalygynda ulanylýan agardyjy serişde dogry ulanylan ýagdaýynda koronowiruslara garşy netijeli bolup biler.
  • Ulanma we dogry ýelejiretme üçin öndürijiniň görkezmelerinden ugur alyň. Öý hojalygynda ulanylýan agardyjy serişde bilen ammiagy ýa-da hiç bir beýleki arassalaýjyny garyşdyrmaň.
  • Ergini üst ýüzünde azyndan 1 minut goýuň.
  •  

Berjaý ediň

  • Mekdepde/synp otagynda uly töwekgelçilikli we köp ellenilýän ýerlerden gaça durmak üçin okuwçylaryňyz bilen gyzykly we döredijilikli pikirleri we düzgünleri öňe sürüň. Mysal üçin, basgançak arkaly ýokary ýa-da aşak düşenňizde onuň germewini  ellemezlik, ýa-da gapynyň tutawajyny ellemezlik üçin synp otaglarynyň gapylaryny açyp goýuň
  • Bilelikde topar bolup käbir düzgünleri teklip ediň we soňra olary synp otagynda asyp goýmak üçin kagyzyň ýüzüne ýazyň
  • Beýlekilere arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegini ýatlatmak üçin zalyň ugrunda gyzykly ýatlatmalary/bildirişleri asmak bolar.

 

Okuwçylaryňyzyň ýarawsyz görünen ýagdaýynda görülmeli çäreler

COVID-19-ň alamatlaryny kesgitleme

Iň adaty alamatlar- gyzdyrma, üsgürme, we ysgynsyzlyk. Demiň gysmasy, döşüň agyrmasy ýa-da gysylmasy, myşsalaryň ýa-da beden agyrysy, kelleagyry, tagam ýa-da ys almazlyk, bokurdak agyry, burnuň akmasy ýa-da dykylmasy, içgeçme, ýürek bulanmaklyk, gusmaklyk, garyn agyry we bedene örgün örmesi ýaly zatlar onuň beýleki alamatlary bolup biler.

Mekdep taýýarlyklary we bu alamatlaryň islendiginiň okuwçylaryňyzyň birinde ýüze çykan ýagdaýynda näme etmeli

  • Mekdepde (ýagny, girelgäniň golaýynda) ýörite bir ýeri çagalar üçin garaşylýan otag hökmünde kesgitläň. Talabalaýyk bolanda, bu gowy ýelejiredilýän otag bolmaly. Eger mekdepde şepagat uýalary bar bolsa, olary bu garaşylýan otagyň işgärleri edip bellemek maslahat berilýär. Eger okuwçylar özlerini ýarawsyz duýsalar we/ýa-da COVID-19-ň alamatlary ýüze çyksa, olar bellenilen otagda ene-atalary/hossarlary alyp gidýänçä garaşmalydyrlar. Ondan soň otag arassalanmaly, ýokançsyzlandyrylmaly.
  • Mümkin bolsa, näsag okuwçyny agyz-burun örtügi bilen üpjün ediň
  • Näsag adamlary anyklamak üçin bina girenlerinde ähli işgärleriň, okuwçylaryň we myhmanlaryň gündelik beden gyzgynyny ölçemegi we geçen 24 sagadyň dowamynda bellen adamlaryň gyzgynlygynyň ýa-da üşütmesiniň taryhyna üns beriň
  • Başagaýlyk döretmezden näsag okuwçylary we işgärleri sagdyn adamlardan aýry tutmagyň düzgünlerini ýola goýuň  we ene-atalara habar bermek we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri/mümkin bolsa, lukmançylyk edaralary bilen maslahatlaşmak üçin çäre görüň
  • Okuwçylaryň/işgärleriň ýagdaýa/mümkinçilige görä göni hassahana ýa-da öýüne ugradylmagyna zerurlyk çykmagy hem mümkindir.
  • Özüni ýarawsyz duýýan ähli okuwçylaryňyzyň öýde bolmaklaryny we özlerini beýlekilerden aýry saklamaklaryny gazanyň
  • Zerurlyk ýüze çyksa, bedeniň gyzgynlygyny ölçeme işini kadaly ýola goýuň
  • •    Düzgünleri öňinçä ene-atalar we okuwçylar bilen paýlaşyň.


Çagalarda COVID-19 bilen baglanşykly bolmagy ähtimal köptaraplaýyň jerhetleme sindormy ýüze çykaryldy. Eger okuwçylaryňyzda örgün örme,ýokary gan basyşy, ýa-da ýiti aşgazan-içege näsazlyklary ýüze çyksa, bu olaryň köptaraplaýyn jerhetleme sindromyny başdan geçirýänligini aňladyp biler, bu ýagdaýda haýal etmän lukmançylyk kömegini çagyryň.

Berjaý ediň  

Özüňiziň ýokançlardan goranyş meýilnamaňyzy dörediň. Mekdepde okuwçyňyzyň özüni näsag duýýanlygy habar berilse, nähili mümkin bolan çäreleri görersiňiz? Size habar berilen pursadyndan başlap görüp biljek ähli çäreleriňizi gözden geçiriň.


Bu makala “Ready to Come Back: Teacher Preparedness Training Package” gollanmasyna esaslanýar.