Meňliniň durmuş hekaýasy: toplumlaýyn idegiň we irki goşulyşmanyň gymmaty

Merkeze ilkinji gezek getirilende ol kellesini galdyryp, oturyp, ýerinden turup, bir zatda ünsüni jemläp bilmeýärdi. Onuň diline diňe ejesi düşünýärdi.

Juli Pudlowski
Child in ECD centre
UNICEF/Julie Pudlowski
16 Maý 2018

5 ýaşly Meňli beýni ysmazyndan ejir çekýär. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş hassahanasynda ÝUNISEF-iň goldaw bermegi bilen açylan Çaganyň irki ösüş (ÇIÖ) merkezi barada eşitmezden öň, onuň ejesi Aýjemal bejergi üçin diňe lukmanlara ýüz tutýardy. Merkeze ilkinji gezek getirilende ol kellesini galdyryp, oturyp, ýerinden turup, bir zatda ünsüni jemläp bilmeýärdi. Onuň diline diňe ejesi düşünýärdi.

ÇIÖ merkezine birnäçe aýyň dowamynda gatnamagy bilen, Meňli görlüp-eşidilmedik üstünliklere ýetdi. Merkez maşgalalar üçin ýatymlaýyn, gatnawly, köpugurly irki goşulyşma hyzmatlaryny ýerine ýetirýär we ÇIÖ boýunça geljekki hünärmenler üçin okuw merkezi bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda Meňli kellesini saklaýar, oturýar, harplary tanaýar we soraglara jogap berýär. Ol degişmelere ýylgyrýar, sesli gülýär we bir-birden iýýän zatlaryny görkezýär. Ýaşaýan ýerinden merkeze çenli 6 sagatlyk ýol geçmek Aýjemaly çekindirenok. Ol tölegsiz hyzmatlar bilen üpjün edýän ÇIÖ merkezi Meňlä öz ösüş mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge ýardam berýär diýip hasaplaýar.

Diňe köpugurly çemeleşme şeýle netijeleri gazanmaga kömek edýär.

Lukman Maýa Saryýewa, çaga newrology
Game for child development
UNICEF/Julie Pudlowski
Aýjemal ÇIÖ merkeziniň gyzyna çäksiz goldaw berendigine düşünýär. Özüniň beýleki çagalary ýaly, Meňli hem ýöräp, zähmet çekip, bagtyýar we maksadalaýyk durmuşda ýaşajak adam bolup ýetişer diýip umyt edýär.

ÇIÖ merkeziniň çaga newrolog lukmany Maýa Saryýewanyň aýdyşy ýaly: “Diňe köpugurly çemeleşme şeýle netijeleri gazanmaga kömek edýär. Lukmançylyk jähtinden seredilmegi çaga öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge kömek etmän biler. Eger fiziki we sözleýiş terapiýasy we zerur ideg bolmadyk bolsa, Meňliniň ýagdaýy oňatlaşmazdy”.

Lukman Saryýewa bu üstünligiň açarynyň irki goşulyşmadygyny aýratyn belleýär. Ol: “Çagany 2 aýlyk ýaşyndan bejerip başlamak örän netijeli bolýar. Eger çaganyň ösüş mümkinçilikleri durmuşa geçirilmese, bir günüň boşuna sarp edildigi bolýar. Biz ulurak çagalara hem kömek edýäris, ýöne birnäçe aýlyk çagalar bilen işlemek ähmiýetli netijeleri berýär” diýdi.