Koronawirusyň keseliniň (COVID-19) möwjeýän döwründe iş berijileriň işleýän ene-atalary goldamagynyň

Häzirki wagtda bütin dünýäde çagalara öz ene-atalarynyň goldawy zerur. Ene-atalara bolsa öz iş berijileriniň goldawy zerur.

ÝUNISEF
tuk-article-covid-employers
UNICEF/UNI313417/McIlwaine
23 Mart 2020

Koronawirusyň keseliniň (COVID-19) ýaýramagynyň netijeleri bütin dünýäde duýulýar. Bu köpler üçin bilimiň ýaramazlaşmagy, maşgalada keseliň ýüze çykmagy we maşgala girdejisiniň ýitgileri bilen ýüzleşmegi aňladýar. Bularyň ählisi iň garyp maşgalalarda ýaşaýan gyzlara we oglanlara dürli derejede täsirini ýetirýär.

Maşgala gönükdirilen syýasatlar, çaga ideg etmek üçin wagt we goldaw bilen üpjün etmek işleýän ene-atalara düşýän agramy azaltmaga ýardam berýär. Ene-atalary iş ýerinde goldaýan syýasatlara ene-atalyk zähmet rugsady, ýarawsyzlyk boýunça tölegli zähmet rugsady, maýyşgak iş güni we çaga ideg etmek boýunça amatly, ýokary hilli hyzmatlaryň elýeterliligi degişlidir.

COVID-19-yň möwjän döwründe özlerini, çagalaryny we maşgalalaryny eklemek üçin zähmet çekýän ene-atalary goldamak üçin iş berijileriň ulanyp biljek 7 usuly şulardan ybarat:

 

1. Iş ýerinde hereket edýän syýasatyň maşgalalary goldamakda netijeliligine baha beriň.

Hereket edýän syýasat maşgalalar üçin ýeterlik derejede oňaýlymy? Işleýän ene-atalar üçin iň esasy zerurlyklary kesgitlemekden başlaň. Esasan hem wagtlaýyn, resmi däl migrantlar, göwreliler ýa-da ideg edýän işgärler, maýyplygy bolan adamlara hyzmat edýänler we ýarawsyzlyk boýunça tölegli zähmet rugsadyny alyp bilmeýänler ýaly ejiz toparlara aýratyn üns bermek zerurdyr.

 

2. Maýyşgak iş güni bilen üpjün ediň.

Maýyşgak zähmet şertleri işgärlere öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirjek wagtyny we ýerini saýlamaga mümkinçilik berýär. Işleýän ene-atalaryň zerurlyklary düýbünden tapawutly bolýanlygy sebäpli, maýyşgak zähmet şertleri ene-atalara öz çagalarynyň we maşgalalarynyň aladasyny etmäge ýardam berýär. Işgärler hassalara, gartaşan ýaşly ýa-da maýyplygy bolan adamlara ideg edip biler ýaly, uzak aralykdan işlemek, iş hepdesini gysgaltmak ýa-da uzakwagtlaýyn goragly zähmet rugsady bilen üpjün etmek ýaly maýyşgak zähmet şertleri döredilýär.

 

3. Çagalara ideg etmegiň howpsuz, elýeterli we amatly görnüşleri bilen ene-atalary goldaň.

Mekdepleriň we çagalara gözegçilik edýän edaralaryň ýapylmagy bilen, işleýän ene-atalaryň köpüsiniň çagalara ideg etmek mümkinçiligi azalýar. Olaryň käbiri kiçi ýaşly çagalary çäkli gözegçilik astynda goýmaga mejbur bolýar. Bu bolsa olaryň howpsuzlygyny töwekgelçilige salýar. Iş berijiler bu ene-atalary dürli usullar, şol sanda çagalara ideg etmek boýunça ugrukdyryjy ulgamlar bilen üpjün etmek (çagalara ideg etmek elýeterli we howpsuz ýerlerde), kömek pullaryny bermek we maýyşgak iş gününi döretmek arkaly goldap biler.

 

4. Iş ýeriniň çäklerinde we ondan daşarda talabalaýyk arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegine ýardam beriň.

Iş ýeriniň arassaçylygyny üpjün etmek, şeýle-de el ýuwmak üçin akar suw we sabyn ýa-da ýuwujy serişdeleriň bolmadyk ýerlerinde alkogolly el arassalaýjy serişdeler bilen üpjün etmek arkaly, iş berijiler möhüm wezipeleri ýerine ýetirýän ene-atalary gorap biler. Işleýän eneler ene süýdi bilen iýmitlendirmegini dowam eder ýaly, olar üçin arassa we oňaýly ýerleri döretmeli. Iş berijiler öňüni alyş çäreleri, çagalar bilen wirus barada gürleşmegiň ýollary we usullary hakynda esasy maglumatlar bilen üpjün etmek arkaly, ähli işgärleri, şol sanda uzak aralykdan işleýän işgärleri goramaga kömek edip biler.

>> COVID-19-dan goranmak üçin el ýuwmak barada siziň bilmeli zatlaryňyz

 

5. Işgärlere lukmançylyk kömegine ýüz tutmagyň dogry ýollary baradaky maslahatlary beriň.

Iş berijiler COVID-19-yň alamatlary ýüze çykan işgärleri saglygy goraýyş işgärlerine we edaralaryna ugrukdyrmak bilen ýardam berip biler. Mysal üçin, iş berijiler ýerli hassahanalaryň, saglygy goraýyş edaralarynyň we gaýragoýulmasyz kömek gulluklarynyň salgysyny we telefon belgisini habar berip biler. Şeýle-de olar işgärleri saglygy goraýyş edaralaryna howpsuz äkitmek baradaky gözükdirijileri bilen üpjün edip biler.

 

6. Işgärlere we olaryň maşgalalaryna ruhy çökgünligiň hötdesinden gelmäge kömek ediň.

Iş berijiler COVID-19-yň möwjeýän döwründe ynjalyksyzlygy, aljyraňňylygy ýa-da gorkuly duýgulary başdan geçirýän işgärlere aýratyn goldaw bermeli. Şeýle-de olar öz çagalaryna howsalanyň we gorkynyň hötdesinden gelmäge kömek edýän ene-atalara ýardam berip biler. Iş berijiler maglumatyň diňe ynamly çeşmeler arkaly ýaýradylmagyny we psihososial hyzmatlaryň ähli işgärler üçin elýeterliligini üpjün etmelidir. Şeýle-de çagalaryna teselli bermegi we ideg etmegi üçin işleýän ene-atalar zerur wagt we serişdeler bilen üpjün edilmelidir. Muňa gepleşmek, oýun oýnamak we beýleki peýdaly gurallar bilen üpjün etmek degişlidir.

>>  Çagalaryňyz bilen COVID-19 barada gürleşmegiň ýollary

>> COVID-19 döwründe ýetginjekleriň öz ruhy saglygyny goramagynyň ýollary

 

7. Işgär ýa-da onuň maşgala agzasyna COVID-19 ýokuşan ýagdaýynda, maliýe kynçylyklaryny azaldyň.

COVID-19-yň möwjän döwründe maliýe kynçylyklaryny azaltmak işleýän ene-atalar üçin örän wajyp. Goldaw çärelerine iş orny, ýarawsyzlyk boýunça tölegli zähmet rugsady bilen üpjün etmek, şeýle-de enelik kömek pullary we lukmançylyk hyzmatlary üçin ýeňillikleriň berilmegi ýaly çäreler degişlidir. Pes girdejili işgärler we resmi ýagdaýda hasaba alynmadyk işgärler ýaly ejiz toparlara aýratyn goldaw berilmelidir.

 

Hemmeler üçin oňaýly maşgala syýasaty

Jynsy ýagdaýyna we wezipe derejesine garamazdan (mysal üçin, işgär ýa-da şertnamaly işgär), ähli işgärler üçin oňaýly maşgala syýasatynyň birmeňzeş ýagdaýda elýeterli bolmagyny aýratyn bellemeli. Hukuk kemsitmelerinden ýa-da öwezini dolmak gorkusyndan çekinmän, syýasatyň ýeňilliklerinden peýdalanýan işgärler üçin özüni oňaýly duýýan gurşawyny döretmek möhümdir. Esasan hem, köplenç ýagdaýda, çaga ideg etmek boýunça jogapkärçiligi erkekleriňkiden uly bolan enelere jerime salynmagynyň öňüni almak üçin çäreler görülmelidir. Maşgala üçin oňaýly syýasaty kabul etmek we özgertmek bilen, iş berijiler işleýän ene-atalaryň we olaryň çagalarynyň abadançylygyny goldamakda ähmiýetli orna eýe bolmalydyr.