Koronawirusyň (COVID-19) möwjän döwründe ene-atalar üçin çagalary goldamagyň 6 usuly
Häzirki wagtda çagalaryň başdan geçirýän duýgularyny ýeňip geçmäge ýardam bermek barada psihologyň maslahaty

Koronawirusyň keseli (COVID-19) birahatlyk, ruhy çökgünlik we özüňe bolan ynamsyzlyk ýaly duýgulary döredýär, bu esasan hem ähli ýaşdaky çagalarda has güýçli duýulýar. Çagalar bu duýgular bilen dürli görnüşde ýüzleşýär, eger çaganyň gatnaýan mekdebi ýapylan bolsa, meýilleşdirilen çäre ýatyrylan bolsa ýa-da deň-duşlaryndan aýra düşen bolsa, onda ol hemişekisinden köp söýgüni we goldawy duýmaly.
Biz ýetginjekler bilen meşgullanýan tejribeli psiholog, ýörgünli kitaplaryň awtory, New York Times gazetiniň aýlyk synçysy we iki çaganyň ejesi doktor Liza Damur bilen “täze (wagtlaýyn) adaty ýagdaýyň” dowamynda çagalar üçin öýde adaty günleriň howasyny döretmegiň ýollary barada gürrüňdeş bolduk.
1. Sabyrly we işjeň boluň
Doktor Damur: “Ene-ata koronawirusyň keseli (COVID-19) barada we saglygy goraýşy üpjün etmekde çagalaryň orny barada çaga sabyr we hyjuw bilen düşündirmeli. Çagaňyza [siz ýa-da çagaňyz] sowuklamanyň ýa-da dümewiň alamatlaryna meňzeş alamatlary duýup biljekdigiňizi we bu ýagdaýdan aşa howsala düşmeli däldigini aýdyň” diýip, maslahat berýär. “Ene-ata çaganyň özüni ýaramaz duýýandygyny ýa-da wirus sebäpli howsala düşýändigini bilmek we kömek etmek üçin, ony öz ýagdaýyny aýtmaga itermeli”.
Ol: “Ulular çagalaryň COVID-19 üçin howsala düşýändigine duýgudaşlyk bildirip biler. COVID-19 ýokanjyndan ýüze çykýan keseliň çagalarda we ýaşlarda ýeňil geçýändigini aýdyň” diýýär. Şeýle-de COVID-19-yň köp kesel alamatlaryny bejermek mümkindigini ýatdan çykarmaly däl. “Özümizi we beýlekileri goramagyň we ýagdaýymyzy gözegçilikde saklamagyň birnäçe netijeli ýollary bardygyny, ýagny eliňizi ýygy-ýygydan ýuwmak, ýüzüňizi ellemezlik we jemgyýetçilik araçägini berjaý etmek barada ýatladyň.
“Ýene bir edip biljek zadymyz olaryň garaýşyny üýtgetmäge ýardam bermekdir. Oňa “Sen koronawirusyň ýokuşmagyndan howatyrlanýanyňy bilýärin. Ýöne biz senden eliňi ýuwmagy, öýde galmagy soranymyzda, biz jemgyýetimiziň agzalary barada hem alada edýäris. Biz daş-töweregimizdäki adamlar barada hem pikir edýäris”.
>> Çagalaryňyz bilen COVID-19 barada gürleşmegiň ýollary
>> El ýuwmak baradaky maslahatlarymyzy okaň
2. Gün tertibine görä hereket ediň
Doktor Damur: “Çagalara gurluş zerur. Şu günki günleri bilelikde geçmek üçin, ýeke-täk etmeli işimiz tizden-tiz täze gün meýilnamasyny döretmekdir. Ene-atalara çagalar üçin günde oýun oýnamak, öz dostlary bilen jaňlaşmak we habarlaşmak üçin wagt bermegi maslahat berýärin. Bu şeýle-de öý işlerine kömek etmek ýaly, tehnologiýanyň ulanylmagyny talap etmeýän güýmenjeleri hem öz içine almalydyr. Gymmatlyklarymyzy nazarda tutup, olardan ugur alýan gün meýilnamasyny düzmeli. Çagalaryň gündeki işleriniň tertibiniň bolmagy, olaryň işe gümrä bolýan we oýnaýan wagtynyň bolmagy çagalar üçin uly ýeňillik bolar” diýýär.
Ol çagalary hem bu işe çekmäge çagyrýar. “10-11 ýaşly we ondan uly çagalardan bu gündelik işleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamagy soraň. Olary ugrukdyryň, soňra gündelik meýilnamany işläp taýýarlaýşyna gözegçilik ediň”. Kiçi ýaşly çagalara gezek gelende bolsa, “olara gözegçilik edýän şahsa baglylykda (ene-atanyň bu işleri ýerine ýetirmek üçin her gün öýde bolup bilmejegine düşünýärin), çagalaryň okuw derslerinden we öý işlerinden öň, ilki bilen, öz günüňizi meýilleşdiriň. Muny berjaý etmek käbir maşgalalar üçin günüň birinji ýarymynda ýeňil bolýar. Käbir maşgalalar üçin bolsa, ukudan we maşgala bolup edinilen ertirlikden soň günlük işleri ýerine ýetirmek oňaýly bolýar. Çagalaryna günde gözegçilik etmäge mümkinçiligi bolmadyk ene-atalar çagalaryna ideg edýän şahslar bilen bilelikde has oňaýly meýilnamany taýýarlap biler.
“Öz ýitgileri üçin ejir çekýän we gam-gussaly döwründe olary goldaň, bu ýagdaýyň ýüze çykmagynyň mümkindigini kabul ediň”.
3. Goý, çagaňyz öz duýgularyny duýsun
Koronawirusyň keseli (COVID-19) zerarly mekdepleriň ýapylmagy bilen, mekdep oýunlary, konsertleri, sport matçlary we çäreleri ýatyrylýar. Bu çagalary gynandyrýar. Doktor Damuryň esasy maslahaty – olara biraz gam-gussa batmaga ýol bermek. “Ýetginjek üçin bu uly ýitgi. Bu olar üçin biziň göz öňüne getirip bilşimizden has ähmiýetli. Sebäbi biz muny öz durmuş tejribämiz bilen deňeşdirýäris. Ejir çekýän wagty olary goldaň, sabyr ediň we ýagdaýy kadalaşdyrmaga çalyşyň”. Çünki ikirjeňlik bar ýerinde, duýgudaşlyk we goldaw bildirmek çykalga bolýar.
4. Olaryň eşidýän habarlarynyň dürslügini barlaň
Koronawirusyň keseli (COVID-19) barada örän köp ýalan maglumatlar ýaýradylýar. “Çagaňyz nähili maglumatlary eşidýändigine ýa-da nämäni hakykat diýip kabul edýändigine göz ýetiriň. Çagaňyza dogry maglumatlary ýetirmek ýeterliik bolmaýar. Sebäbi olar nädogry maglumata gabat gelse, täze maglumaty siziň beren maglumatyňyz bilen birleşdirip kabul etmegi mümkin. Şonuň üçin onuň pikiri bilen gyzyklanyň we meseläni wagtynda çözüň. Çagaňyzyň bilýänlerini ýüze çykaryň we ony dogry ugra gönükdiriň”.
Eger olaryň soraglaryna jogap berip bilmeseňiz, çaklamagyň ýerine, jogaplary bilelikde öwrenmäge synanyşyň. ÝUNISEF we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýaly ynamly guramalaryň web-saýtlaryny maglumat çeşmesi hökmünde ulanyň.
Koronawirusyň keseli (COVID-19) bilen baglylykda çagalaryň köpüsi mekdepde we Internetde kemsitmeler we hukuk bozulmalar bilen ýüzleşýär. Çagalar bu ýagdaýda siziň hemişe olaryň ýanyndadygyňyzy duýmagy zerur. Doktor Damur: “Şaýatlaryň işjeň bolmagy – kemsitmäniň islendik görnüşiniň hötdesinden gelmegiň iň netijeli usulydyr. Kemsitmelere sezewar bolýan çagalaryň muňa özbaşdak garşy durmagyna garaşmaly däl. Kömek we goldaw sorap, öz dostlaryna we ululara ýüz tutmagyna itergi bermeli” diýýär.
>> Maglumat alyň: Koronawirusyň keseli (COVID-19) barada ene-atalar üçin materialymyzy okaň
>> Çaga bilen kemsitmeler barada nähili gürleşmeli
5. Oňaýly üns sowujylary tapyň
Çylşyrymly duýgulara döz gelmek barada aýdylanda, “çagaňyza syn ediň, olaryň başdan geçirýän duýgulary bilen gyzyklanyň, ünsüni sowýan güýmenjeleri gözläň we olara gümra bolmagyna itergi beriň”. Hepdede birnäçe gün agşamlaryna maşgala agzalary bilen bile oýun oýnaň ýa-da nahar taýýarlaň. Doktor Damur öz gyzlary bilen wagt geçirmek üçin agşamlyk naharynyň wagtyny ulanýar. “Biz her gün agşamlyk naharyny taýýarlaýan topary döretdik. Biz maşgala üçin nahar taýýarlamak üçin iki-ikiden gezekleşýäris”.
Ýetginjekler we olaryň ekranyň öňünde geçirýän wagtyna gezek gelende, olara çeni-çaky bilen erkin hereket etmäge ýol beriň. Doktor Damur ýetginjekler bilen açykgöwünli bolmagy, şeýle-de indi olaryň wagtynyň köpdügine düşünýändigiňizi aýtmagy, ýöne bu wagty ekranyň öňünde ýa-da sosial torlara çäksiz sarp etmegiň gowy pikir däldigi barada aýtmagy maslahat berýär. “Ýetginjekden ‘Biz nädip munuň hötdesinden gelmeli?’ diýip soraň ýa-da ‘Öz pikiriňe görä gündelik işleriň meýilnamasyny taýýarla we maňa görkez, soňra men bu baradaky pikirimi aýdaýyn’ diýiň”.
6. Öz hereketleriňize berk boluň
Doktor Damur: “Elbetde, ene-atalar alada edýär we çagalar muny örän duýguçyl kabul edýär. Men ene-atalara wagtynda öz gaýgylaryny çözmek üçin elinde baryny etmegi we öz gorkularyny çagalara çenden aşa bildirmezlegi maslahat berýärin. Bu olaryň agyr duýgulary özünde saklamagyna getirip biler” diýýär.
Özlerini goragly we howpsuz duýmakda çagalar öz ene-atasyna daýanýar. “Olar biziň dolandyrýan ulagymyzda ýolagçydygyny unutmaly däl. Şonuň üçin hem, howsala düşýän hem bolsak, olaryň özüni howp abanýan haldaky ýolagçy ýaly duýmagyna ýol bermeli däl”.
Gürrüňdeşligi geçiren we makalany ýazan Mendi Riç, sanly maglumatyň awtory ÝUNISEF