Koronawirusdan (COVID-19) goranmak üçin elimizi ýuwmak barada ähli bilmeli zatlarymyz

Eliňizi ýuwmak sizi we ýakynlaryňyzy gorap biler.

ÝUNISEF
tuk-article-covid-handwashing
UNICEF/UNI310746/Viet Hung
04 Sentýabr 2020

Koronawirusyň keseli (COVID-19) ýaly dem alyş bilen bagly keseller wirusly nem ýa-da damjajyklar bilen agyz-burun boşlugy we göz arkaly adam bedenine düşen ýagdaýynda ýaýraýar. Wirus köplenç elden geçýär. Wirusyň adamdan adama geçmeginiň has giňden ýaýran ýoly el arkalydyr.

Bütindünýäde yglan edilen pandemiýa wagtynda wirusyň ýaýramagynyň öňüni almagyň iň arzan we möhüm usullarynyň biri elimizi sabyn we suw bilen ýuwmakdyr.

Elimizi dogry ýuwmak barada bilmeli zatlarymyz şulardan ybarat:

1. Elimi nädip dogry ýuwmaly?

Eliňizi çala owkalamak we durlamak wirusy düýbünden aýyrmaga kömek etmeýär. Aşakda eliňizi netijeli ýuwmagyň ädimleýin usuly görkezilýär.

  • 1-nji ädim: Akar suwuň aşagynda elleriňizi ölläň.
  • 2-nji ädim: Öllän elleriňiziň ähli ýerine ýeterlik sabyn çalyň.
  • 3-nji ädim: Elleriňiziň ähli ýerini, şol sanda arka tarapyny, barmaklaryň arasyny we dyrnaklaryň aşagyny azyndan 20 sekuntlap sabynlaň.
  • 4-nji ädim: Akar suwuň aşagynda mazaly durlaň.
  • 5-nji ädim: Elleriňizi arassa mata ýa-da bir gezeklik süpürgiç bilen süpüriň.
2. Elimi näçe wagtyň dowamynda ýuwmaly?

Eliňizi azyndan 20-30 sekuntlap ýuwamaly. Wagty hasaplamagyň iň aňsat usuly “Doglan günüň bilen!” aýdymyny iki gezek aýtmakdyr.

El üçin zyýansyzlandyryjy serişde ulanylanda hem şu düzgünler berjaý edilýär: düzümindäki spirtiň mukdary 60% bolan zyýansyzlandyryjyny ulanyň. Serişdäni elleriňiziň hemme ýerine çalmak üçin, azyndan 20 sekundyň dowamynda elleriňizi owkalaň.

3. Elimi haçan ýuwmaly?

COVID-19-yň öňüni almak üçin eliňizi indiki şertlerde ýuwmaly:

  • Sümgüreniňizden, asgyranyňyzdan we üsgüreniňizden soň;
  • Köpçülik ýerlerinde, şol sanda köpçülik ulaglarynda, bazarlarda we ybadat edilýän ýerlerde bolanyňyzdan soň;
  • Öýden daşarda üstki gatlaklary, şol sanda pul elläniňizden soň;
  • Ýarawsyz adama ideg etmegiň öňünden, dowamynda we soň;
  • Iýip-içmezden öň we soň.

Umuman alnanda, indiki ýagdaýlarda hemişe eliňizi ýuwmaly: 

  • Hajathanadan çykaňyzda;
  • Nahardan öň we soň;
  • Zibil elläniňizden soň;
  • Haýwanlary we öý haýwanlaryny elläniňizden soň;
  • Çaga arlygyny çalyşanyňyzdan ýa-da hajathanada çagalara ýardam edeniňizden soň;
  • Eliňiziň hapalygy görünýän bolsa.
4. Çagama elini ýuwmaga nähili kömek etmeli?

Çagalara el ýuwmagy ýeňilleşdirmek üçin, olaryň eli suwa we sabyna ýeter ýaly, aýagynyň aşagyna oturgyç goýuň. Ellerini sabynlaýan wagtyňyz çagaňyz üçin has gyzykly bolsun diýseňiz, onuň halaýan aýdymyny aýdyp bilersiňiz.

5. Elimi ýyly suw bilen ýuwmak zerurmy?

Ýok, eliňizi ýuwmak üçin islendik temperaturadaky suwy ulanyp bilersiňiz. Mikroblary we wiruslary öldürmek üçin esasy zat sabyn ulanmaly, suwuň sowuklygy ýa-da ýylylygy tapawut etmeýär.

6. Elimi süpürgiç bilen guratmalymy?

Gury gurşaw bilen deňeşdirilende, mikroblar üçin çyg gurşaw oňaýly bolýar, şonuň üçin eliňizi doly guratmak möhüm ädimdir. Elleriňizi kagyz ýa-da arassa mata süpürgiç bilen guratmak, mikroblary başga ýerlere ýaýratman aýyrmagyň netijeli usulydyr.

7. Elimizi ýuwmak netijelimi ýa-da ýörite zyýansyzlandyryjy serişde ulanmakmy?

Umuman, dogry berjaý edilende, ikisi hem netijeli, ýagny elimizi suw we sabyn bilen ýuwmak hem, el üçin zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmak hem mikroblaryň we patogenleriň aglabasyny öldürýär. El üçin zyýansyzlandyryjy serişdeleri öýde däl wagtyňyz ulanmak oňaýly, ýöne onuň bahasy gymmat ýa-da adatdan daşary ýagdaýlarda tapmak kyn bolup biler. Mundan başga-da, el üçin spirtli zyýansyzlandyryjy serişde korowirusy öldürse-de, bakteriýalaryň we wiruslaryň hemme görnüşini zyýansyzlandyrmaýar. Mysal üçin, ony norowirusa we rotawirusa garşy ulanmagyň peýdasy ýok.

8. Eger sabyn ýok bolsa näme etmeli?

Sabyn we akar suw elýeterli bolmasa, hlorly suw ýa-da azyndan 60%-i spirtden bolan el üçin zyýansyzlandyryjy serişde netijeliligi boýunça ikinji orunda durýar. Olar hem elýeterli däl bolsa, sabynly suw ýa-da kül ulanmak bakteriýalary öldürýär, ýöne netijeliligi pes bolýar. Eger eliňizi ýokarda bellenen usullar bilen arassalan bolsaňyz, suw we sabyn elýeterli bolan dessine eliňizi ýuwmaly we adamlara we üstki gatlaklara galtaşmaly däl.

9. Koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almaga nähili kömek edip bilerin?
  • Asgyrmagyň we üsgürmegiň degişli düzgünlerini berjaý ediň: asgyranyňyzda ýa-da üsgüreniňizde agzyňyzy tirsegiňiz ýa-da süpürgiç bilen ýapyň, ulanan süpürgijiňizi dessine taşlaň we eliňizi ýuwuň;
  • Ýüzüňizi (agzyňyzy, burnuňyzy we gözüňizi) ellemäň;
  • Adamlar bilen uzak araçägi saklaň: olar bilen elleşmekden, gujaklamakdan, öpmekden, bir iýmiti paýlaşmakdan, bir gap-gaç we süpürgiç ulanmakdan gaça duruň;
  • Sowuklamanyň we dümewiň alamatlary bolan adamlaryň ýakynyna barmaň;
  • Özüňiz ýa-da çagaňyz gyzdyrýan, üsgürýän bolsaňyz ýa-da dem almagyňyz kynlaşan bolsa, haýal etmän lukmana ýüz tutuň; 
  • Wirusyň düşüp biljek ýerlerini we üstki gatlaklary (esasan hem köpçülik ýerlerinde) ýygy-ýygydan süpüriň;

ÝUNISEF-iň we BSGG-nyň COVID-19 boýunça maslahatlary bilen tanyşmak üçin, şu ýere basyň.