Çagaňyz bilen 2019-njy ýylyň koronawirusynyň keseli (COVID-19) barada gürleşmegiň ýollary

Çagalary goramak we olary goldamak üçin 8 maslahat

ÝUNISEF
tuk-article-covid-parents-children
adobe/fzkes
11 Mart 2020

2019-njy ýylyň koronawirusynyň keseli barada (COVID-19) eşidilýän günlerde, bize sussupeslik aralaşyp biler. Çagalaryňyz hem özüni ynjalyksyz duýup biler. Çagalara Internet çeşmelerinde we teleýaýlymlarda görýän zatlaryna ýa-da adamlardan eşidýän zatlaryna düşünmek kyn bolup biler. Şonuň üçin olar howsala, ruhy çökgünlige we gussa ýaly duýgularyň öňünde has ejiz bolýar. Ýöne çagalaryňyz bilen bu barada goldaw bilen we açyk gürleşseňiz, olara hakykata göz ýetirmäge we beýlekiler üçin hem peýdaly goşant goşmaga kömek edersiňiz.

 

1. Açyk soraglary beriň we diňläň  

Ilki bilen, çagaňyzy bu mesele barada gürleşmäge çagyryň. Olaryň bilýän zatlary bilen gyzyklanyň we olaryň mysalyna eýeriň. Eger çaga has kiçi ýaşynda bolup, bu ýagdaýdan habary bolmasa, onda meseläni gozgamak zerurlygy ýok bolup biler – onda täze gorkyny döretmän, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek barada ýatladyň.

Howpsuz ýerdedigiňize göz ýetiriň we çagaňyza arkaýyn gürlemäge ýol beriň. Surat çekmek, hekaýa gürrüň bermek we beýleki güýmenjeler gürrüňe başlamaga sebäp bolup biler.

Iň esasy zat, olaryň duýgularyna pes baha bermäň we olara göz ýummaň. Olaryň duýgularyny kabul ediň we muňa meňzeş zatlardan gorkmagyň adaty ýagdaýdygyny düşündirmäge çalyşyň. Onuň aýdýanlaryny üns bilen diňleýändigiňizi görkeziň we islendik wagt siz we mugallymlar bilen bu barada gürleşip biljekdigine düşünýändigini anyklaň.

 

2. Dogruçyl boluň: çagalaryň düşünjek dilinde hakykaty düşündiriň

Çagalar dünýäde bolup geçýän zatlar barada dogry maglumatlary bilmäge hukugy bar, ýöne ulular olary sussupeslikden goramaga borçludyr. Çaganyň ýaşyna görä düşnükli dilde gürläň, aýdýanlaryňyzyň oňa edýän täsirine syn ediň we olaryň howsalaly ýagdaýynyň derejesine duýgudaşlyk bildiriň.

Olaryň berýän soragynyň jogabyny bilmeýän bolsaňyz, özüňizden jogap bermäň. Munuň ýerine onuň bilen bilelikde jogap gözläň. ÝUNISEF we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýaly halkara guramalarynyň web-saýtlary maglumat üçin ýerlikli çeşmedir. Internetde ýerleşdirilýän käbir maglumatlaryň dürs däldigini we bilermenlere ynanmak has ygtybarlydygyny düşündiriň.

 

3. Özlerini we dostlaryny goramagyň ýollaryny görkeziň

Çagany koronawirusyň keselinden we beýleki kesellerden goramagyň netijeli usullarynyň biri ýygy-ýygydan elimizi ýuwmakdyr. Muny tabşyryk beriji äheňde däl-de, onuň üçin gyzykly boljak şekilde öwrediň. Mysal üçin, eliňizi ýuwýan wagtyňyz The Wiggles topary bilen aýdym aýdyň we bu tans hereketlerini gaýtalaň.

Mundan başga-da, asgyranda ýa-da üsgürende agzyny tirsegi bilen ýapmagyň usulyny we bu alamatlar bolan adamlaryň ýanyna golaý barmazlygy öwredip bilersiňiz. Şeýle-de özünde gyzdyrmanyň, üsgürmäniň ýa-da agyr dem almagyň alamatlary ýüze çyksa, aýtmalydygy barada belläň.

 

4. Goldaw beriň

Teleýaýlymda ýa-da Internetde howsala salýan şekilli görnüşleri görenimizde, bu hadysalar biziň töweregimizde bolup geçýän ýaly kabul edilýär. Çagalar ekranda görýän hadysalary hakykatdan tapawutlandyryp bilmän, özlerine howp abanýar diýip pikir etmegi mümkin. Çagalara bu ruhy çökgünlikden üstün çykmaga kömek ediň. Munuň üçin olara aram-aram oýnamaga we dynç almaga mümkinçilik beriň. Esasan hem ýatmazdan öň, gündelik tertibi berjaý etmäge çalyşyň ýa-da täze gurşawda täze tertip dörediň.

Eger ýaşaýan ýeriňizde kesel möwjeýän bolsa, çagalaryňyza bu keseleriň olara ýokuşmak ähtimallygynyň pesdigini, kesel adamlaryň köpüsinde ýeňil geçýändigini we maşgalaňyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin köp adamyň tagalla edýändigini düşündiriň.

Çagaňyz özüni ýarawsyz duýýan bolsa, özüni we dostlaryny goramak üçin öýde / hassahanada galmalydygyny aýdyň. Muny berjaý etmek käwagt kyn (gorkuly ýa-da ýürekgysgynç) bolup biler, ýöne hemmeleriň howpsuzlygyny üpjün etmäge kömek edýär.

 

5. Olar tagmaly pikirleri başdan geçirýärmi ýa-da ýaýradýarmy barlaň

Koronawirusyň keseliniň ýaýramagy bütin dünýäde milletçilige esaslanan kemsidiji maglumatlaryň ýaýramagyna getirdi. Şonuň üçin çagalaryňyz kemsitmelere sezewar bolmaýandygyna ýa-da beýlekileriň göwnüne degmeýändigine göz ýetirmeli.

Koronawirus adamyň daşky görnüşi, gelip çykyşy we gürleýän dili bilen bagly däldigini düşündiriň. Eger mekdepde kemsidiji lakamlary goýup, üstünden gülýän bolsalar, çaga muny ulularyň arasynda ynanýan adamyna aýtmaly.

Çagalara mekdepde her bir okuwçynyň howpsuzlyga hukugynyň bardygyny ýatladyň. Kemsidiji gatnaşyk hiç haçan dogry däl, şonuň üçin hoşniýetliligi ýaýratmak we birek-biregi goldamak üçin her birimiz goşant goşmaly.

 

6. Ýardamçy gözläň

Adamlaryň birek-birege ýagşylykda we jomartlykda gatnaşýandygyny çagalara bilmek zerur.

Saglygy goraýyş işgärleriniň, alymlaryň, ýaşlaryň adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we keseliň öňüni almak ugrunda alyp barýan işleri barada gürrüň beriň. Ynsanperwer adamlaryň degişli çäreleri görýändigini bilmek olaryň ýüregine teselli berer.

 

7. Öz aladaňyzy ediň

Eger özüňiz bu ýagdaýyň hötdesinden gelmegi başarsaňyz, size çagalaryňyzy goldamak başardar. Çagalar eşidýän habalarlaryňyz size nähili täsir edýändigini duýýar, bu olara siziň özüňizi arkaýyn duýýandygyňyzy we ýagdaýy göz astynda saklaýandygyňyzy bilmäge kömek edýär.

Eger özüňizi ynjalyksyz ýa-da sussupes duýýan bolsaňyz, özüňize wagt sarp edip, maşgalaňyzyň beýleki agzalaryna, dost-ýarlaryňyza we ynamly adamlara ýüz tutuň. Özüňizi rahat duýmaga we güýjüňizi dikeltmäge kömek etjek işler bilen meşgullanyň.

 

8. Ýürekdeş söhbetdeş boluň

Biziň çagalary kyn günde ýeke goýmaýandygymyzy olaryň bilmegi zerur. Gürrüňdeş bolanyňyzdan soň, olaryň ses äheňine, dem alşyna we beden hereketlerine syn edip, olaryň ýagdaýyna baha beriň.

Çagaňyza islendik wagt agyr duýgularyny siz bilen paýlaşyp bilýändigini aýdyň. Ony diňlemek siz üçin biperwaý iş däldigini we howsalaly ýagdaýda siziň hemişe goldamaga taýýardygyňyz barada ýatladyň.


Maglumat ÝUNISEF-iň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmeni Jeýkob Hant tarapyndan toplanyldy.

UNICEF