BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili hanym Kristin Weýgand bilen Türkmenistanyň Adalatçysynyň Ahal welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumyna bilelikdäki sapary

11 Iýun 2021
Joint visit of Ms.Christine Weigand, UNICEF Representative in Turkmenistan and Ms.Yazdursun Gurbannazarova, Ombudsperson of Turkmenistan to the Ahal velayat Rehabilitation Educational and Training Complex
UNICEF Turkmenistan

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 11-nji iýun - 2021-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili hanym Kristin Weýgandyň Ahal welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda maýyplygy  bolan çagalar üçin döredilýän şertleri bilen, ol ýerdäki çagalaryň hukuklarynyň, Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň we milli kanunçylygyň kadalarynyň iş ýüzünde berjaý edilişi bilen ýerine tanyşmak sapary boldy. Olar bu ýerde toplumdaky çagalaryň ýagdaýyny, maýyplygy bolan çagalar üçin döredilen mümkinçiliklerini öwrendiler hem-de Türkmenistanda çagalaryň hukuklarynyň, Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň we milli kanunçylygyň kadalarynyň berjaý edilişi hakynda habarly boldular. Bu sapar Adalatçynyň diwanynyň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasyndaky 2021-nji ýyl üçin Iş meýilnamasynyň hem-de Çaganyň hukuklary boýunça Komitete alternatiw hasabaty taýýarlamagyň çäklerinde amala aşyryldy. Saparyň maksady esasan hem bu ýerde üpjün edilen goldawlary hem-de maýyplygybolan çagalara hyzmat etmekde ýüze çykýan kynçylyklary öwrenmekden ybaratdyr.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Adalatçysy we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili bu ýerde mümkinçiligi çäkli bolan çagalaryň her topary üçin aýratynlykda okuw meýilnamalarynyň berjaý edilişi, terbiýeçileriň dürli toparlardaky çagalara sapak berlişi, bu ýerdäki saglygy dikeldiş we bejeriş mümkinçilikler bilen hem doly tanyşdylar. Bu toplumda maýyplygy bolan çagalaryň dürli görnüşleri göz öňünde tutulyp ýöriteleşdirilen şertlerde bilim almaga, saglyklaryny dikeltmäge doly mümkinçilik berýän şertler döredilipdir.

Saparyň çäklerinde toplumyň işgärleri  Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine maýyplygy bolan çagalar, bu ýerde zähmet çekýän mugallymlardyr-terbiýeçiler üçin döwrebap toplumyň gurlup ulanmaga berlendigini üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy çaganyň irki goşulyşmasy we saglygy dikeldiş ulgamynda Bilim ministrligi, şeýle hem beýleki hyzmatdaşlar bilen  birnäçe ýyldan bäri hyzmatdaşlyk saklap gelýär. Täze kabul edilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda bäş ýyllyk maksatnamada bu ugur örän uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanda Adalatçynyň diwanynyň döredilen pursatyndan bäri ÝUNISEF diwanyň işine we çagalaryň hukuklaryna berilýän aýratyn ünsi has-da giňeltmekde goldaw berip gelýär.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.