Maýyplygy bolan çagalaryň ene-atalarynyň hukuklaryny giňeltmek: BMG-nyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýadaky Müdirligi, ÝUNISEF we “Ýenme” bilelikde maglumat beriji çärelerini geçirýärler

31 Oktýabr 2023
Empowering Parents of Children with Disabilities: OHCHR, UNICEF and Yenme conduct joint Information Sessions
UNICEF Turkmenistan

2023-nji ýylyň 31-nji oktýabry, Aşgabat. BMG-nyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýadaky Müdirligi (BMG-niň AHÝK) we BMG-niň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) “Ýenme” jemgyýetçilik guramasy bilen hyzmatdaşlykda maýyplygy bolan çagalaryň ene-atalary üçin 25-27-nji oktýabr aralygynda maglumat beriji okuwlaryň toplumyny guradylar.  

Maglumat beriji okuwlaryň toplumyny ýaş aktiwistler,  BMG-niň AHÝK-nyň Adam hukuklary we maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny goramak boýunça mekdebiniň täze uçurymlary geçirdiler. BMG-niň AHÝK-nyň Adam hukuklary we maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny goramak boýunça mekdebinde we maýyplyk boýunça halkara standartlar barada alan bilimleri we gazanan başarnyklary ene-atalara maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryna düşünmäge kömek etmäge we şahsy maşgala tejribelerini paýlaşmaga mümkinçilik berdi.

Netijede, maýyplygy bolan çagalaryň ene-atalary Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasy, Çaganyň hukuklary hakynda konwensiýa, halkara derejesindäki maýyplyga çemeleşmeler we diskriminasiýa ýol bermezligiň wajyplygy bilen tanyşdylar. Ondan başga-da, ýaşlar ene-atalaryň olary geljekki durmuşa taýýarlamakda eýeleýän orny hakynda öz şahsy durmuşlaryndan alnan mysallar bilen paýlaşdylar.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.