ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň hökümeti çagalara ideg etmegiň iň gowy şertleri hökmünde maşgala gurşawyny pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdy
Aşgabat 2023-nji ýylyň 25-nji apreli - Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ýakyn hyzmatdaşlykda ÝUNISEF tegelek stoly geçirdi. Onuň dowmynda Türkmenistanda çagalara ideg etmegiň we maşgalalary goramagyň ulgamyny mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Çärä gatnaşyjylar beýleki ýurtlaryň çagalara ideg etmek ulgamyny özgertmek boýunça öňdebaryjy iş tejribesi we ene-atasyndan mahrum galan çagalaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda olaryň artykmaçlyklaryny we şonuň bilen baglylykda, durmuş işi boýunça işgärleriň sanyny artdyrmagyň zerurlygy bilen tanyşdylar. Duşuşyga hukuk goraýjy edaralaryň, ilaty durmuş taýdan goramak we maliýe ministrlikleriň we edaralarynyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, şeýle-de Aşgabadyň ýerli häkimiýet edaralaryna wekilçilik edýän hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky toparlaryň wekilleri gatnaşdylar.
Goralýan, arzylanýan we oňaýly maşgala gurşawy – bu her bir çaga üçin iň gowy gurşawdyr we onuň beden, ahlak we akyl taýdan ösmegi, şeýle hem beden we ruhy saglygyny goramak we berkitmek üçin esasdyr. Muny durmuşa geçirmek üçin dünýädäki her bir döwlet goldawa mätäçlik çekýän maşgalalary we çagalary ýüze çykaryp biljek we olaryň anyk zerurlyklaryny kanagatlandyrjak, durmuş hyzmatlary bilen üpjün edip biljek güýçli durmuş and çagalary goramak ulgamlaryna maýa goýmalydyr.
Hut şonuň üçin, Türkmenistanyň hökümeti we ÝUNISEF bilelikde gözbaşyny baý türkmen däp-dessurlaryndan alyp gaýdýan we 2021-2025-nji ýyllar üçin Ýurt boýunça maksatnamalaýyn resminama we Onuň Alyhezreti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda Mejlisde eden çykyşynda beýan edilen ileri tutulýan ugurlara laýyk gelýän Türkmenistanda çagalary we maşgalalary goramagyň ulgamynyň üstünde işleýärler.
ÝUNISEF Statistika baradaky döwlet komitetiniň we pudak ministrlikleriniň adalatlylygy ýokarlandyrmak üçin sebitde çagalaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek üçin ýene-de bir wajyp maglumatlar çeşmesi bolup durýan Deňligi berkitmek üçin Özgerýän gözegçilik (TransMonEE) üçin maglumat gorlaryna yzygiderli hasabatlary tabşyrmak boýunça işine uly baha berdi. Şeýle hem, ÝUNISEF maşgala kysymly idegi üpjün edýän edaralara aýratyn üns bermegi, bütin ýurt boýunça durmuş işi boýunça işgärleriň ýaýradylmagyny, şahsy we maşgala ýagdaýlaryna goldaw bermek üçin işleri dolandyrmaga esaslanýan çemeleşmäni goldamagy maslahat berdi.
“Abadan maşgala gurşawyny döretmegi ýurdumyz ileri tutýar. Hökümetiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýerli häkimiýet edaralarynyň we durmuş işi boýunça hünärmenleriň orny maşgala gurşawynda hemme çagalaryň zerur alada bilen gurşalmagyny üpjün etmek üçin bileleşigiň derejesinde maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw bermekden ybaratdyr. Türkmenistanda irki döwürlerden bäri garyndaşlarynyň arasynda we bileleşigiň içinde ene-atasyndan mahrum galan çagalar hakynda ýakyndan alada edilýänligine buýsanýarys” diýip, hanym Allamyşewa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekili belledi.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.
ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.