Türkmenistanda çagalaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan söhbetdeşlik geçirmek üçin ilkinji otag döredildi

25 Maý 2023
Minimizing the Trauma to Children During Investigation Process
UNICEF Turkmenistan

2023-nji ýylyň 25-nji apreli – Şu gün taryhda ilkinji gezek Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň polisiýa bölüminde Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we ÝUNISEF jenaýatçylyklarda ejir çeken ýa-da olaryň şaýady bolan çagalary goramak boýunça çäreleri güýçlendirmek maksady bilen, derňew soraglary üçin çagalara hoşniýetli ýörite otagy açdy.

Ýörite otag ÝUNISEF-iň goldaw bermeginde Içeri işler ministrligi tarapyndan öňdebaryjy halkara tejribesini göz öňünde tutup, işe girizildi we ol howpsuzlygy we çagalaryň ýaşyny, kämilligini hem-de ruhy ýagdaýyny göz öňünde tutmak bilen, çagalary gorkuzmaýan gurşawy üpjün edýär.

“Ýurduň hökümeti adyl kazyýetligi amala aşyrmagyň ähli tapgyrlarynda ejir çeken we jenaýatçylygyň şaýady bolan çagalary goraýan oňaýly gurşawy döretmäge gönükdirilen ähli çäreleri görýär. Jenaýatçylygyň derňewi bilen baglanyşykly çagalar bilen iş alyp barýan sülçileriň tagallalary gündelik iş tejribesinde hoşniýetli düzgünleri döretmäge gönükdirilendir” diýip, Içeri işler ministrliginiň Hukuk we halkara gatnaşyklary müdirliginiň başlygy Geldimyrat Haldurdyýew belledi.

Derňew işleriniň dowamynda çagalar üçin gorag gurşawyny döretmek, hususan-da, şikesleri azaltmak üçin çagalar üçin hoşniýetli otag döwrebap wideo we ses ýazgylary ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Bu artykmaç ikilenç sorag etmelerden gaça durmaga we deslapky derňew tapgyrynda has ygtybarly subutnamalary almaga kömek eder. Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny işe girizmek ejir çeken we jenaýatçylygyň şaýady bolan çagalaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagy güýçlendirer.

“Jenaýatçylygyň netijesinde çagalaryň alan şikesi juda agyr ýagdaýlary döredip biler we olaryň ösmegine hem-de kämilleşmegine düýpli ýaramaz täsir edip biler” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýazi aýdýar. “Kazyýete çenli önümçiligiň tapgyrynda ejir çeken we jenaýatçylygyň şaýady bolan çagalar üçin ähli taraplaýyn gorag çäreleriniň üpjün edilmegi örän wajypdyr. Bu olara iň gysga wagtda adaty durmuşa dolanyp barmagyna kömek edýär”.

“Bu çäreleri durmuşa geçirmek üçin ÝUNISEF Türkmenistanyň ähli hukuk goraýjy edaralary bilen şeýle çäreleri üpjün etmekde mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmäge taýýar” diýip, jenap Faýazi sözüniň üstüni ýetirdi.

Kanuny bozan çagalaryň, şol sanda, ejir çeken we jenaýatçylygyň şaýady bolan çagalaryň halkara ülňelere we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy iş tejribesine laýyklykda hukuklarynyň mundan beýläk hem üpjün edilmegi we goralmagy üçin ÝUNISEF ministrlik bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Söhbetdeşlik geçirmek üçin çagalar üçin ýörite hoşniýetli otagyň IIM-niň bölüminde açylmagy “Jebir çekenleriň, şaýatlaryň we jenaýat kazyýet önümçiligine gaýry gatnaşyjylaryň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyk gelýär.

Kanunçylyk binýadyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak ejir çekenleriň we jenaýatçylygyň şaýatlary bolan çagalaryň hukuk taýdan goralmagy üçin ýörite çäreleri güýçlendirmek maksady bilen, Içeri işler ministrligi we ÝUNISEF ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegini dowam eder. Mundan başga-da, etraplarda IIM-niň sülçileriniň mümkinçiliklerini yzygiderli ýokarlandyrmak we kanuny bozan çagalar bilen işlemek boýunça usulyýet maslahatlaryny işläp düzmek meýilleşdirilýär.

Ashgabat, 25th of April 2023 – The Ministry of Internal Affairs of Turkmenistan and UNICEF inaugurated the first-ever child-friendly room for investigations at Kopetag police office of Ashgabat city to strengthen measures to protect girls and boys who have been victims or witnesses of potential crime.   The room provides a safe and non-intimidating environment for children considering their age, maturity and psychological state. It was established with support from UNICEF and based on international best pra
UNICEF Turkmenistan

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.