Bütindünýä Çagalar güni: çagalaryň bähbitleri üçin gazanan üstünliklerimiz barada oýlanmagyň wagty
2022-nji ýylyň 25-nji noýabry, ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany bilelikde “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara hyzmatdaşlyk” atly mowzuk boýunça maslahat geçirdi. Çäre Bütindünýä Çagalar gününe bagyşlandy we gazanylan netijeleri jemlemäge, şeýle-de Türkmenistanda çaganyň hukuklaryny goramakda we durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikleri belläp geçmäge mümkinçilik döretdi.
Bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanda hereket edýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäre çaganyň hukuklary babatda gazanylan esasy üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmagy, şeýle-de her bir çaga DÖM-e ýetmekde ýetilen sepgitleri paýlaşmagy we bu wajyp ugurda bilelikde hyzmatdaşlyk etmek üçin oňyn pikirleri ýüze çykarmagy maksat edindi.
“Ösüşiň ähli ugurlarynda, howanyň üýtgemegi, bilim we psihologiki taýdan sagdynlyk ýaly meselelerden kemsitmeleri hem-de deňsizligi aradan aýyrmaga çenli ähli hereketlerde çagalar biziň goldawymyza mätäçlik çekýärler” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýýazi özüniň giriş sözünde aýty we “bize çagalaryň hem-de ýaşlaryň öz nesilleri üçin wajyp meseleler boýunça garaýyşlaryny beýan edip biljek we has gowy geljegi gurmak üçin öz pikirlerini erkin paýlaşyp biljek gurşawy döretmek zerur” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Maslahat ÝUNISEF-iň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlary üçin pikir alyşmakda hem-de ýurtda mundan beýläk hem çaganyň hukuklarynyň berjaý edilmegini gowulandyrmak üçin tagallalary birleşdirmekde köpri bolup hyzmat etdi.
Bu Bütindünýä Çagalar gününde ÝUNISEF hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga we has deňhukukly, hemmetaraplaýyn, hem-de Türkmenistanyň çagalarynyň bilim almagy, abadançlygy we ösüşi üçin umumy maksatlara ýetmekde oňaýly gurşawy döretmek üçin bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmäge çagyrýar.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.
ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.