Koronowirus keseli (COVID-19): Ene-atalar nämeleri bilmeli.

Özüňizi we çagalaryňyzy nähili goramaly

ÝUNISEF
Koronowirus keseli (COVID-19): Ene-atalar nämeleri bilmeli
ÝUNISEF

Koronowirus pandemiýasy (COVID-19) bütin dünýäde çagalaryň we olaryň maşgalalarynyň durmuşyny agdar-düňder etdi. COVID-19-ň ýaýramagy bilen kemsidilmä we tagmaly pikirlere meçew berýän ýalan maglumatlar hem ýaýrady. ÝUNISEF saglygy goraýyş bilermenleri bilen birlikde ynamdar ýoly görkezmeklik we maşgalalarda ýüze çykyp biläýjek käbir soraglara jogap bermeklik arkaly gorky hakyndaky faktlary elýeter etmek üçin iş alyp barýar.

 

COVID-19 näme?

Koronowirus keseli-2019 (COVID-19)- ‘CO’ bölegi korono (täç) sözüni aňladýar, ‘VI’-wirusy, ‘D’ bolsa kesel diýmegi aňladýar. Bu ilkinji gezek Hytaýyň Wuhan şäherinde koronowirusyň täze ştamy arkaly ýüze çykan keseldir.  

COVID-19 Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan pandemiýa diýip häsiýetlendirildi. Bu nämäni aňladýar? 

COVID-19-ň pandemiýa diýip häsiýetlendirilmegi  -ol wirusyň ölüm howplydygyny görkezýänligi däldir. Dogrusy, bu keseliň ýaýraýyş çäginiň ykrar edilmesidir.

Nähili alamatlary bar?

COVID-19-ň köp alamatlary dümewiň, adaty sowuklamanyň alamatlaryna we beýleki ýagdaýlardaky alamatlara meňzeşdir, şonuň üçin, kimdir birinde  COVID-19-ň barlygyny anyklamak üçin barlag zerur bolýar. Wirus ýokuşandan soň onuň alamatlary 2 günden 14 gün aralygynda ýüze çykyp biler we onuň geçişi has gowşakdan ýiti görnüşdäki dereje aralygynda bolmagy mümkin. Käbir ýokuşan adamlarda hiç hili keseliň alamatlary bolmaýar.

Iň adaty alamatlary gyzdyrma, üsgürme we ysgynsyzlyk. Demiň gysmasy, döşüňde agyry ýa-da gysylma, myşsalaryň ýa-da bedeniň agyrmasy, kelle agyrysy, tagam ýa-da ys duýmazlyk, howsalalyk, bokurdak agyrysy, burnuň dykylmasy ýa-da akmasy, içgeçme, ýürek bulanma we gusma, garyn agyrysy we örgün örmesi ýaly zatlar onuň beýleki alamatlary bolup biler. Bu alamatlardan başga-da, körpelerde iýmitlenme kynçylygy ýüze çykyp biler.

Islendik ýaşdaky çagalar COVID-19 bilen keselläp biler. Çagalaram, ulularam keseliň birmeňzeş alamatlaryny başdan geçirseler-de, ululara garanda, çagalarda bu kesel ýeňil geçýär. (Seret: COVID-19 çagalara geçýärmi?)

Dem alyşyň kynlaşmasy/çalt ýa-da ýüzleý dem alma (şeýle-de bäbeklerde hyžžyldy, iýmitlenme kynçylygy) dodaklaryň ýa-da ýüzüniň gögermesi, döşüň agyrysy ýa-da gysylmasy, howsalalylyk, oýanyp/jogap berip bilmezlik, suwuklygy içip ýa-da ýuwudyp bilmezlik, ýiti aşgazan agyrysy gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini talap edýän alamatlardyr.

Dümewiň hem sanjymy bar, şonuň üçin, ýatda saklaň, özüňiz we çagaňyz sanjymlary wagtly- wagtynda almaly.

COVID-19 wirusy nähili ýaýraýar?

Wirus esasan ýokuşan adamyň dem alyş ýollaryndan çykýan damjajyklaryň (üsgülewük, asgyrma, gürleme, aýdym aýtma arkaly) golaýyndaky adamlaryň agzyna, burnuna ýa-da gözlerine düşmek arkaly ýaýraýar. Wirusyň düşen ýerleriniň ýüzüni ellänlerinden soň agyzyny, burnuny ýa-da gözlerini ellemekleri adamlara bu keseli ýokuşdyryp biler. Ýönekeý zyýansyzlandyryjy serişdeler ony öldürip bilse-de, COVID-19 wirusynyň predmetleriň ýüzünde birnäçe sagatdan birnäçe güne çenli saklanyp bilmegi mümkin.

Wirusyň howa arkaly geçmesi, şeýle-de aerozol geçiş ady bilen mälim bolan usuly käbir lukmançylyk çäreleri geçirilende, aerozollar,ýagny örän kiçi damjajyklaryň howada saklamagy sebäpli hem keseli ýokuşdyryp biler. Ondan başga-da, kesel ýokuşan adamlaryň bir-birine golaý bolup, köp wagt, ýaramaz ýelejiredilýän, köp adamly binalarda beýlekiler bilen ýakyn aralykda bolmagy arkaly ýokuşma mümkinçiligi hakyndaky hasabatlary eşiden bolsaňyz gerek. Häzirlikçe, bar bolan subutnamalar COVID-19-ň howa arkaly uzak aralykdan ýokuşmagynyň mümkin dälligini görkezýär.

Häzirki bilýän zatlarymyza esaslansak, COVID-19 esasan bu keseliň alamatlary (şol sanda, gowşak alamatlary) bar bolan adamlardan geçýär we haçanda olar uzak wagtlap beýleki adamlaryň golaýynda bolanda, bu ýokaşan adamlarda alamatlaryň doly ýüze çykmazyndan öň hem bolup biler. Hiç wagt şeýle alamatlary ýüze çykarmadyk adamlar bu wirusy beýlekilere geçirip bilýär, şeýle ýagdaýyň nähili ýygylykda bolup geçýänligini öwrenmek boýunça ylmy-barlaglar dowam edýär.

Men özümi we beýlekileri COVID-19-dan nähili gorap bilerin?

Keseliň ýokuşmagyndan gaça durmak üçin siziň we maşgalaňyzyň berjaý etmeli seresaplylyk çäreleri şulardan ybaratdyr:  

  •  Keseliň ýokuşmagyndan gaça durmak üçin siziň we maşgalaňyzyň berjaý etmeli seresaplylyk çäreleri şulardan ybaratdyr:  
  • Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň ýa-da spirtli antiseptik bilen arassalaň 
  • Üsgürýän ýa-da asgyrýan wagtyňyz, agzyňyzy we burnuňyzy tirsegiňiz ýa-da kagyz süpürgiç bilen ýapyň.
  • Ulanylan kagyz süpürgiji derrew zibil gabyna atyň.
  • Beýlekiler bilen azyndan 1 metr howpsuz araçägi saklaň
  • Ýygy-ýygydan ellenilýän telefonlar, gapy tutawaçlary, çyrany öçürijiler we aşhana iş stollary ýaly ýerleriň ýüzüni yzygider arassalap we zyýansyzlandyryp duruň.
  • Eger özüňiz ýa-da çagaňyz gyzdyrsaňyz, üsgürseňiz, demiňiz gyssa ýa-da COVID-19-ň beýleki alamatlary ýüze çyksa, irgözinden lukmançylyk kömegini alyň
  • Adam köp, dyklyşyk we ýaramaz ýelejiredilýän  petiş ýerlerden gaça duruň, köpçülik ýerlerinde adamlar bilen howpsuz araçägi saklajak boluň.
  • Ýokanjyň geçme mümkinçiligi bar bolan we howpsuz araçägi saklama mümkinçiligi ýok bolan köpçülik ýerlerinde mata agyz-burun örtüklerini dakynyň.
  • Içerdäki ähli ýerleri gowy ýelejirediň

Men lukmançylyk agyz-burun örtügini dakynmalymy?

Eger sizde keseliň respirator alamatlary (üsgürme ýa-da asgyrma) alamatlary bar bolsa, ýa-da COVID-19-ň ýokuşan bolmagy mümkin diýip güman edilýän kimdir birine ideg edýän bolsaňyz, beýlekileri goramak üçin lukmançylyk agyz-burun örtügini dakynmak maslahat berilýär.

Eger agyz-burun örtükleri dakynylsa, onda olaryň netijeliligini üpjün etmek we wirusyň geçmeginiň ýokary töwekgelçiliginden gaça durmak üçin olary dogry ulanmak we zyýansyzlandyrmak hökmandyr. Bir gezeklik ulanylýan gorag agyz-burun örtükleri diňe bir gezek üçin niýetlenendir.

Ýokançlardan goranmak üçin diňe agyz-burun örtügini ulanma ýeterlik däldir we ony elleriňizi yzygider ýuwma, asgyranyňyzda we üsgüreniňizde agzyňyzy we burnuňyzy örtme we sowuklan ýa-da dümewe meňzeş alamatlary bolan (üsgürme, asgyrma, gyzdyrma) islendik adam bilen ýakyn gatnaşykdan gaça durma ýaly çäreler bilen sazlaşykly ulanmak hökmandyr.

 

COVID-19 çagalara geçýärmi?

Bu täze wirus we biz heniz hem onuň çagalara we göwreli aýallara nähili täsir edýänligini  öwrenmegi dowam edýäris.  Uly ýaşlylarda  we/ýa-da öňden näsaglygy bolan adamalarda kesel ýiti geçýän ýaly bolup görünse-de, biz islendik ýaşdaky adama bu ýokanjyň geçip bilýänligini we onuň bu wirusy geçirip bilme mümkinliginiň barlygyny bilýäris.

Çagalara we ýetginjeklere täsir edýän COVID-19 bilen baglanşygy bolmagy mümkin seýrek, emma howatyrlandyrjy köptaraplaýyn jerhetleme  sindromy hakynda hasabatlar bar. Kliniki  aýratynlyklara aşakdakylar girip biler, emma bu olar bilen çäklenip bilmez: yzygiderli gyzdyrma; örgün örme; gözüň gyzarmagy; dodaklaryň, diliň, elleriň, aýaklaryň  çişmegi we/ýa-da gyzarmagy; aşgazan-içege näsazlyklary; pes gan basyşy; organlarda ganyň aýlanyşynyň ýaramazlygy; we sowuklamanyň beýleki alamatlary.

Bu çagalaryň köpüsinde geçirilen barlaglar COVID-19 bar diýip görkezdi. Muňa garamazdan, şeýle ýagdaýlaryň COVID-19 bilen baglanşykly ýüze çykýanlygy anyk belli däl. Häzirlikçe şeýle ýagdaýlar Demirgazyk Amerikada we Ýewropada ýüze çykaryldy. Biz entek şeýle ýagdaýyň dünýäniň beýleki ýerlerinde barlygy we onuň heniz ykrar edilenligini-de bilmeýäris.

Şeýle alamatlary özlerinde bar bolan çagalar hökman lukmançylyk kömegini almalydyrlar. Wagtynda geçirilen anyklaýyş we bejergi çäreleri juda wajypdyr, emma ilkibaşky hasabatlar köp näsaglaryň jerhetlemä garşy ulanylan berjergi arkaly gowulaşanlygyny görkezýär.

Mekdepleriň ýapylmagy we adamlaryň bir-biri bilen belli howpsuz araçägi saklamagy ýaly COVID-19 ýaýramagyna garşy görülen çäreler, birsydyrgyn däl görnüşde çagalara ýaramaz täsirini ýetirmegi mümkindir. Mümkin boldugyça, çagalar üçin ýaramaz netijeleriň öňüni almaga we azaltmaga aýratyn üns bermek zerurdyr.

Eger çagamda COVID-19-ň alamatlary ýüze çyksa näme etmeli?

Lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutuň, emma üsgürmek ýa-da gyzdyrma ýaly COVID-19-ň alamatlary dümewiň ýa-da has köp ýüze çykýan adaty ýoňlamanyň alamatlaryna meňzeş bolup bilýänligini ýatda saklaň.

Keselleri döredýän beýleki wiruslardan we bakteriýalardan çagaňyzy goramak üçin yzygider elleriňizi ýuwmak ýaly dogry el we dem alyş ýollarynyň arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegi dowam ediň.

Dümew ýaly beýleki dem alyş ýollarynyň ýokançlarynda bolşy ýaly, özüňizde ýa-da çagaňyzda keseliň alamatlary ýüze çyksa, irgözinden lukmançylyk kömegini alyň we köpçülik ýerlerinde görünmekden (iş ýerinde, mekdeplerde, jemgyýetçilik ulaglarynda) gaça durmaga we onuň beýlekilere ýokuşmagynyň öňüni almaga çalyşyň.

Syýahat edýän bolsak, maşgalam üçin nähili seresaplyk çärelerini görmegim gerek?

Syýahat etmegi meýilleşdirýän islendik adam syýahat etmeklik maslahat berilýärmi ýa-da berilmeýänligi babatda hemişe ýerli we milli  görkezmelerden ugur almalydyr. Syýahat edýänler barjak ýerlerinde ýurda girmekde haýsyrdyr bir çäklendirmeler, karantin talaplary ýa-da beýleki syýahatçylyk meseleleri boýunça hökman maslahat almalydyrlar. Syýahadyň dowamynda hem öýde berjaý edýän şol bir şahsy goranyş çärelerini berjaý ediň.

Adaty syýahatçylyk ätiýaçlyk çärelerinden daşary, we karantine düşmezlik ýa-da öz ýurduňyza täzeden girip bilmezlikden gaça durmak üçin, öz içine ýurtlaryň sanawyny we çaklendiriji çäreleri alýan Halkara howa ulaglary birleşiginiň websahypasyndan COVID-19 hakyndaky soňky maglumatlary barlamagy hem size maslahat berýäris.

Syýahat edýärkäler ähli ene-atalar özleri we çagalary üçin elleri gowy ýuwmaklyk we islendik üsgürýän ýa-da asgyrýan adamdan daşda durmaklyk ýaly adaty arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmelidirler. Goşmaça maslahatlara şular degişlidir: howa uçarynyň ýa-da beýleki bir ulagyň içindekäňiz oturýan ýeriňizi, tirsekligi, sensor ekerany we ş.m. zyýansyzlandyrýan çygly süpürgiç bilen arassalaň. Özüňiziň we çagalaryňyzyň düşleýän ýerinde, myhmanhanada ýa-da beýleki ýerlerde zyýansyzlandyrýan çygly süpürgiç bilen esasy predmetleriň ýüzüni, gapynyň tutawaçlaryny, uzakdan dolandyrýan enjamlaryny, we ş.m. hem arassalaň.

 

Göwreli aýallar koronowirusy dogulmadyk bäbeklerine ýokuşdyryp bilerlermi?

Häzirki wagtda göwrelilik döwründe bu wirusyň ejesinden onuň bäbegine geçýänligini ýa-da onuň bäbege düýpli ýaramaz täsir etmeginiň mümkinligini anyklamak üçin ýeterlik subutnama ýok. Bu mesele häzir öwrenilýär. Göwreli aýallar özlerini wirusyň ýokuşmagyndan goramak üçin talabalaýyk seresaplylyk çärelerini berjaý etmeklerini dowam etdirmelidirler we gyzdyrma, üsgürme, ýa-da dem gysma ýaly alamatlary bolsa, lukmançylyk kömegini irgözinden almalydyrlar.

Koronowirus ýokuşan bolsa, ejesi çagasyny emdirip bilermi?

Ýokançly we töwekgelçiligi ýokary ýerlerdäki gyzdyrma, üsgürme ýa-da dem gysma ýaly alamatlary bolan ähli eneler irgözinden lukmançylyk kömegini almalydyrlar we lukmanyň görkezmelerini berjaý etmelidirler.

Göwüs süýdi bilen iýmitlendirmäniň artyçmaçlyklaryny we göwüs süýdüniň beýleki dem alyş ýollarynyň wiruslarynyň geçmegindäki ujypsyz ornuny göz öňünde tutup, eneler şol bir wagtda ähli zerur seresaplylyk çärelerini berjaý etmek bilen çagalaryny göwüs süýdi bilen iýmitlendirmegi dowam edip bilerler.

Pandemiýa döwründe ene süýdi bilen iýmitlendirmek barada has köp:

Meni ýanamalar, kemsidilme we tagmaly pikirler aladalandyrýar. Bolup geçän zatlar hakynda gürrüň etmegiň iň gowy ýoly näme?

Koronowirus hakynda aladalanýan bolsasaňyz,  bu  düşnükli zat. Emma gorky we tagmaly pikirler kyn ýagdaýy has beterleşdirýär. Mysal üçin, ynsanlaryň, hususan-da gelip çykyşy aziýaly bolanlaryň sözler arkaly kemsidilmelere ýa-da hatda fiziki zorluklara sezeraw edilýändikleri hakynda hasabatlar bar.

Jemgyýetçilik saglygy boýunça adatdan daşary ýagdaýlar her bir keselden ejir çekýän adam üçin dartgynly döwürdir. Bu döwürde habarly, bir-biriňize mähirli bolmak we bir-biriňizi goldamak wajypdyr. Sözlerde uly güýç bar we öňden gelýän lenji çykan nädogry düşünjeleri ebedileşdirýän dil adamlary barlagdan geçmäge we özlerini we özleriniň  töweregindäkileri goramaga päsgelçilik döredýär.

 

Pandemiýa döwründe gorkuzmak we akyl saglygy barada has köp:

Internetde koronowirus hakynda örän köp maglumatlar bar. Men näme etmeli?

Internetde koronowirus hakynda örän köp toslanan we ýalan maglumatlar paýlaşylýar.  ÝUNISEF COVID-19 hakynda has köp maglumat we gollanma alyp boljak portaly işe girizdi. Iň täze maslahatlar we habarlar üçin milli we ýerli häkimiýetiň syýahatçylyk, bilim we beýleki zatlar hakyndaky gollanmasyndan habarly bolmak maslahat berilýär. Ondan başga-da, BSGG-ň örän köp soralýan soraglara jogap berýän peýdaly bölümi bar.

ÝUNISEF kömek etmek üçin näme edýär?

Embedded video follows
UNICEF

ÝUNISEF çagalary, göwreli aýallary we olaryň maşgalalaryny COVID-19-ň ýaýramagynyň öňüni nähili almalydygy hakynda zerur maglumatlar bilen üpjün etmekde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, hökümetler we hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu hyzmatdaşlyk saglygy goraýyş işgärleri üçin on-laýn okuw maksatnamalary we köp soralýan soraglary,  ene-atalar, göwreli aýallar we çagalar üçin gollanmalary  taýýarlamaklyk ýaly işleri öz içine alýar.

Şeýle-de, ÝUNISEF bu wirus hakyndaky ýalan maglumatlara garşy göreşmek üçin Facebook, Instagram, LinkedIn we TikTok ýaly on-laý hyzmatlary bilen dogry maslahatyň elýeter bolmagy üçin hyzmatdaşlyk edýär.

Read more about UNICEF's appeal