COVID-19 döwründe öýde galmaga mejbur bolan çagaňyzyň internet howpsuzlygy nähili üpjün etmeli
Çagaňyza internediň täsiriniň oňyn we howpsuz bolmagyna kömek etmegiň 5 usuly
COVID-19-ň ýaýraýan döwründe maşgalaňyz uzakly günüň dowamynda öýde galmaga mejbur bolan bolsa, çagalaryňyz wagtlarynyň köp bölegini internetde geçirse gerek. Okuw, dostlary we ene-atalary bilen habarlaşma, hatda aýdym sapagy-qhlisi internet arkaly.
Internetde habarlaşma çagalara we ýetginjeklere bu täze (wagtlaýyn) kadanyň täsirini azaltmaga kömek edýär we olara ýaşaýyşy dowam etmäge itergi berýär. Emma bu şeýle-de her bir ene-ata üçin bir topar kynçylyklary döredýär. Internetiň berjek peýdasyny nähili artdyrmaly, şol bir wagtda hem onuň düýpli zyýanyny nähili azaltmaly? COVID-19 ýaly howply döwür bilen ýüzbe-ýüz bolunýan wagty-ha beýle-de dursun, adaty günde hem bu deňagramlylygy saklamak aňsat däl.
Çagaňyzyň internet ulanýan wagtynda howpsuzlygyny üpjün etmegiň 5 usuly
Açyk gürleşmek arkaly olaryň howpsuzlygyny üpjün ediň.
Çagalaryňyzyň kim bilen we nähili gürleşýändikleri hakynda ýürekdeş söhbetdeşlik geçiriň. Olaryň mähirli we ruhlandyryjy aragatnaşygyň ähmiýetine we ýakymsyz, kemsidiji hem nälaýyk gatnaşygyň bolsa kabul ederlikli dälligine düşünýänligine göz ýetiriň. Çagalaryňyz olaryň haýsy hem bolsa biri bilen ýüzbe-ýüz bolsa, olary derrew bu barada size ýa-da ynanýan uly ýaşly birine gürrüň bermäge ruhlandyryň. Çagaňyz keýpsizligine ýa-da internetde edýän hereketlerini gizlemekçi bolýanlygyna, ýa-da olaryň kiber gorkuzulma duçar bolmagyna örän dykgatly boluň.
Bu enjamlary nähili, haçan we nirede ulanylmalydygy hakynda düzgünleri kesgitlemek üçin çagaňyz bilen birlikde iş alyp baryň.
2. Olary goramak üçin tehnologiýalardan peýdalanyň.
Çagaňyzyň ulanýan enjamynyň iň täze programma üpjünçiligi we antiwirus programmalary bilen üpjün edilenligine we gizlinligiň üpjün edilýänligine göz ýetiriň. Ulanylmaýan wagtynda webkameralary ýapyp goýuň. Ene-ata gözegçiligi, şol sanda, howpsuz gözleg ýaly gurallar kiçi ýaşly çagalaryňyza internetiň täsiriniň oňyn bolmagyna ýardam eder.
Tölegsiz on-laýyn bilim materiallaryndan ägä boluň. Olary ulanmak üçin çagaňyz hiç wagt öz suratyny ýa-da adyny we atasynyň adyny bermeli däldir. Maglumatlar toplumyny azaltmak üçin gizlinligiň üpjün edilýänligini barlamagy ýatdan çykarmaň. çagaňyza şahsy maglumatlary gizlin (hususan-da, nätanyşlardan) saklamagy öwrenmäge kömek ediň.
3. Internetde wagtyňyzy olar bilen bile geçiriň.
Dostlary, maşgalasy we siziň bilen internetde howpsuz we oňyn ýagdaýda habarlaşmagy üçin çagaňyza mümkinçilik dörediň. Bu pursatda beýlekiler bilen aragatnaşykda bolmak öňküden-de has wajypdyr we bu size “wirtual aragatnaşyklarda” mähirliligiň we duýgudaşlygyň nusgasyny görkezmäge ajaýyp mümkinçilik bolup biler.
Çagaňyza COVID-19 wirusy hakyndaky howsala döredip biljek ýalan maglumatlary we ýaşyna nälaýyk mazmunly zatlary saýgarmaga we olardan daşda bolmaga kömek ediň. Bilelikde bu wirus hakynda öwrenmek üçin ÝUNISEF we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýaly ynamdar guramalaryň köp sanly görnüşdäki materiallary siziň we çagaňyz üçin elýeterdir.
Ýaşyna laýyk kömekçi amaly programmalary, oýunlary we beýleki on-laýyn güýmenjeleri barlamak üçin wagtyňyzy çagaňyz bilen geçiriň.
4. Howpsuz on-laýn endikleri höwslendiriň.
Internetde we wideo jaňlarda özüňi gowy alyp barmagyň endiklerini kämilleşdiriň we olara gözegçilik ediň. Çagalaryňyzy synpdaşlaryna mähirli we mylakatly bolmaga, geýinýän eşiklerine dykgatly bolmaga we ýatylýan otagdan wideo jaňlary almakdan gaça durmaga höweslendiriň.
Kiber gorkuzma ýa-da nälaýyk on-laýn mazmunly materiallar hakynda habar bermek üçin mekdebiň düzgün-tertibi we ynam gullygynyň telefon belgileri bilen tanyş boluň.
Köp wagtyny internetde geçirýänligi sebäpli çagalaryň ýaramaz azyk önümleriniň, gender hakynda ters maglumatlaryň ýa-da ýaşyna nälaýyk materiallaryň mahabatlaryna duş gelmegi mümkin. Olara onlaýn mahabatlary tanamaga kömek ediň we bilelikde görünýän käbir ýaramaz habarlaryňyzyň nädogrylygyny barlamak üçin mumkinçilikden peýdalanyň.
5. Olara şatlanmaga we öz pikirlerini beýan etmäge mümkinçilik beriň.
Öýde wagtyny geçirmek çagalaryňyz üçin öz pikirlerini paýlaşmak we bu kynçylyk döwründe mätäçlik çekýänlere goldaw bermek üçin öz seslerini ulanmaga ajaýyp mümkinçilik bolup biler.
Körpeler üçin on-laýn maşk wideolary we beden herekedini talap edýän wideo oýunlar ýaly çagaňyzy oýaryp we herekede getirjek sanly gurallaryň artykmaçlyklaryndan peýdalanmaga höweslendiriň.
On-laýyn döredijiligini of-laýyn çäreleri , şol sanda, mümkin bolsa, daşarda wagt geçirmek bilen sazlamagy ýatdan çykarmaň.
>> ÝUNISEF-ň internet bileleşigine goşulyň, Ýaşlaryň sesleri
Maglumatlary üpjün eden Sara Jeýkobşteýn, ÝUNISEF-ň Çaga hukuklary we işewürlik boýunça hünärmeni, ABŞ.