COVID-19 döwründe iýmitleniş boýunça ýeňil, elýeterli we peýdaly maslahatlar

Maşgalaňyzda ýokumly iýmitlenmegi goldamak üçin maslahatlar

ÝUNISEF
tuk-article-healthy-diet
UNICEF
06 Aprel 2020

Koronawirusyň keseliniň (COVID-19) ýaýramagy bütin dünýäde maşgalalaryň durmuşyna ýaramaz täsirini ýetirýär. Mekdepler we çagalar baglary ýapylýandygy sebäpli, ene-atalaryň köpüsi günüň esasy bölegini çagalara ideg etmek, işlemek we şuňa meňzeş beýleki işleri ýerine ýetirmek bilen öýde geçirýärler. Üstesine-de, “Bu gün näme bişirmeli?” diýen soraga jogap gözlemek ýene bir mesele bolup durýar.
 
Adamlaryň howsalaly söwda etmegi, käbir azyk önümleriň üpjünçiliginiň bozulmagy we tapylmagynyň kynlaşmagy ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrýar. Adamlaryň işsizligi we girdejisiniň azalmagy azyk önümlerini satyn almakda goşmaça maddy kynçylyklaryny döredýär.

Düşnükli sebäplere görä, köp ene-atalar taýýar we işlenen azyk önümlerine maşgala eklemegiň tiz we arzan usuly hökmünde garaýarlar. Ýöne ýeňil, elýeterli we peýdaly iýmitleniş usullary bar. Çagalaryň beden we akyl taýdan kadaly ösüşini goldaýan we sagdyn iýmitleniş endiklerini kemala getirýän ýokumly we dürli önümler bilen iýmitlenişiň 5 usuly şulardyr: 


Sagdyn iýmitlenmek boýunça 5 maslahat 

1. Ir-iýmişleri we gök önümleri iýmegi dowam ediň

Ene-atalara öýden çykmagy azaltmak maslahat berilýän döwürde ter bakja önümlerini satyn almak, saklamak we taýýarlamak kyn bolup biler. Ýöne mümkin boldugyndan çagalaryň ýeterlik ir-iýmiş we gök önümler bilen iýmitlenmegini üpjün etmek zerurdyr. 


Mümkin bolan ýagdaýynda, ter ir-iýmişleri alyň. Ir-iýmişleri we gök önümleri terligine iýmekden başga-da, olary doňduryp saklamak mümkin. Bu olaryň tagamynyň we peýdaly aýratynlyklarynyň saklanmagyna hem kömek edýär. Köp mukdarda çorba, buglama we beýleki naharlar üçin ter gök önümleri ulanmak olaryň köp wagt durmagyny we birnäçe günläp nahar saýlawynyň bolmagyny üpjün edýär. Şeýle-de olar hem mümkin bolan ýagdaýynda doňdurylyp, gerek wagty gyzdyrylyp bilner.

2. Eger ter önümler elýeterli däl bolsa, gury ýa-da konserwirlenen peýdaly önümleri ulanyň.

Ter önümler hemişe maksadalaýyk saýlaw, ýöne olar elýeterli däl bolsa, olaryň ýerine saklamak we taýýarlamak ýeňil bolan peýdaly önümler bar.

Konserwirlenen kösükli we nohut önümleri ýokumly maddalara baý bolup, birnäçe aýyň hat-da ýyllaryň dowamynda saklanyp, köp nahara goşulyp bilner. Sardina, skumbriýa we gyzylbalyk ýaly ýagly balyklar beloga, omega-3 ýag turşusyna, witaminlere we minerallara baýdyr. Olary sowuk halda buterbrodlara, işdäaçara we makaronly naharlara goşup ýa-da gyzgyn nahara goşup bişirmek arkaly iýmek bolýar.

Ter önümler bilen deňeşdirilende, pomidor ýaly konserwirlenen gök önümler witaminleri az mukdarda saklaýar, şeýle-de bolsa, ter ýa-da doňdurylan önümleri tapmak kyn bolan ýagdaýynda, olar örän gowy orun tutujy bolup biler.

Merjimek, nohut, tüwi, kuskus ýa-da selme ýaly guradylan kösükli, däneli, nohut önümleri hem ýokumly, uzak möhletli, tagamly we elýeterlidir. Suwa ýa-da süýde bişirilen süle patragy örän oňat ertirlik bolup, ýogurt, kesilen miwe bölejikleri we kişmiş bilen iýlip bilner.

3. Sagdyn garbanyş önümleriniň goruny dörediň

Çagalar günde bir ýa-da iki wagtyna garbanmalydyr. Olara süýjülikleri ýa duzly önümleri bermegiň ýerine, maňyz, peýnir, ýogurt (şekersiz bolsa has gowy), kesilen ýa-da kakadylan miweler, gaýnadylan ýumurtga ýa-da beýleki peýdaly önümleri beriň. Bu önümler ýokumly, peýdaly maddalara baý bolup, tutuş ömrüň dowamynda adata öwrülýän sagdyn iýmitleniş endiklerini kemala getirmäge ýardam berýär.

4. Ýokary derejede işlenen önümleri çäklendiriň

Ter önümleri ulanmak hemişe mümkin däl hem bolsa, ýokary derejede işlenen önümleri satyn almagy çäklendirmäge çalyşyň. Taýýar naharlar, gaplanan garbanmalar we süýjülikler köplenç düzüminde köp mukdarda doýgun ýaglary, şekeri we duzy saklaýar. Eger işlenen önümleri satyn alýan bolsaňyz, onuň gabyndaky ýazgylara seredip, bu maddalaryň az mukdaryny öz içine alýan, saglyga peýdaly önümleri saýlamaga çalyşyň. Şeýle-de şekerli içgileri içmekden saklanyň we olaryň ýerine köpräk arassa suw içiň. Suwa limon, laým, hyýar ýaly miwe we gök önümleriň bölejiklerini goşmak, oňa goşmaça tagam berýär.

5. Nahar taýýarlamagy maşgala adatynyň şadyýan we manyly pursatlaryna öwüriň

Nahary bile taýýarlamak we iýmek sagdyn iýmitleniş endiklerini döretmek, maşgala gatnaşyklaryny berkitmek we wagty şadyýan geçirmek üçin örän jaýdar mümkinçilikdir. Kiçi çagalar önümleri ýuwmaga ýa-da saýlamaga kömekleşse, ulular kynrak işleri ýerine ýetirip ýa-da saçagy bezäp biler. Şonuň üçin mümkin bolan ýerinde olary bu işe höweslendiriň.
 
Maşgalaňyz bilen bile we günde belli wagtlarda naharlanmaga çalyşyň. Şeýle tertip we endik çagalarda ruhy çökgünligi we howsalany azaltmaga kömek eder.


Ene süýdi bilen iýmitlendirýänler üçin maslahatlar

Ene süýdi 6-24 aýlyk çagalar üçin iň ýokumly iýmitdir. COVID-19 ýokuşan zenanlar islegine görä ene süýdi bilen iýmitlendirmegi dowam edip biler. Ýöne olar ýüz örtüklerini geýmek bilen dem almagyň gigiýenasyny berjaý etmeli, çagany almazdan öň we soň elini ýuwmaly, öýüň içindäki üstki gatlaklary gündelik arassalamaly we zyýansyzlandyrmaly. Wirus ýa-da beýleki gaýraüzülmeler we saglyk ýagdaýy sebäpli, çagany iýmitlendirmäge ýaramaýan bolsa, onda enä bäbegini howpsuz ýagdaýda ene süýdi bilen iýmitlendirmek üçin ähli mümkinçilikleri dörediň.

Koronawirusyň keseliniň (COVID-19) möwjän döwründe iýmitlenmegiň arassaçylyk düzgünleri

Häzirki wagtda iýmitden ýa-da önümleriň gabyndan koronawirusyň keseliniň (COVID-19) ýokuşýandygy subut edilmese-de, olary ellän adam elini ýüzüne degirse, kesel ýokuşmak ähtimallygy bar. Azyk önüm dükanlarynda söwda edilende ýa-da iýmiti öýe getirip berýän adamlar bilen aragatnaşykdan keseliň ýokuşmak howpy artýar. Adatça bolşy ýaly, islendik iýmit bilen bagly keseliň öňüni almak üçin arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek möhümdir.
 
Önümiň gabyny aýyryň we gapakly zibil bedresine atyň. Aýna gaplary açmazdan ýa-da ýerine salmazdan öň, zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen süpürip bilersiňiz. Eliňizi azyndan 20 sekundyň dowamynda suw we sabyn bilen ýuwuň ýa-da eller üçin ýörite spirtli süpürgiçleri ulanyň.

Ir-iýmişler we gök önümler ýaly gaplanylmadyk önümleri akar suwuň aşagynda ýuwuň.

Iýmitleniş bilen bagly umumy arassaçylyk maslahatlary:

  • Islendik iýmiti taýýarlamazdan öň, elleriňizi azyndan 20 sekundyň dowamynda sabyn we suw bilen ýuwuň.
  • Çig et we balyk önümlerini kesmek üçin aýry aşhana tagtasyny ulanyň.
  • Önümleri maslahat berilýän temperaturada bişiriň.
  • Tiz zaýalanýan önümleri sowadyjyda ýa-da doňdurylan halda saklaň we önümiň ýaramlylyk möhletine üns beriň.
  • Azyk galyndylaryny we önümleriň gaplaryny talabalaýyk şekilde we sanitariýa düzgünlerine laýyklykda gaýtadan ulanyň ýa-da taşlaň. Zibiliň üýşmegine ýol bermäň, bu zyýanly organizmleriň köpelmeginiň öňüni alar.
  • Elleriňizi azyndan 20 sekundyň dowamynda sabyn we suw bilen ýuwuň we çagalaryňyzyň hem muny berjaý edýändigine gözegçilik ediň.
  • Hemişe arassa aşhana gurallaryny we gaplary ulanyň.