COVID-19 pandemiýasy döwründe çagany ene süýdi bilen howpsuz iýmitlendirme

Döwrebap bilermenlik düzgünlerine eýermek arkaly çagaňyzy nähili iýmitlendirmeli.

UNICEF
01 Noýabr 2021
Breastfeeding
UNICEF Turkmenistan

Eger siz ene bolsaňyz ýa-da göwreli bolsaňyz, onda koronowirus ýokanjynyň (COVID-19) ýüze çykan döwründe bäbegiňiz üçin haýsy zadyň has howpsuzlygy hakynda soraglaryň sizde ýüze çykjaklygy öz-özünden düşnüklidir.

Bar bolan subutnamalaryň aglabasy çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň tarapdary. Teniň tene galtaşmasy we turuwbaşdan diňe ene süýdi bilen iýmitlendirme çagaňyzyň sagdyn ösmegine kömek eder we wirus sebäpli ony bes etmäge hiç hili esas ýok. Şu günki güne çenli işjeň COVID-19 (ýokanjy döredip bilýän wirus) ene süýdi we göwüs süýdi iýmitlendirme arkaly ýokuşýanlygy ýüze çykarylmady.

Eger siz çaga garaşýan bolsaňyz, onda çagany ene süýdi bilen howpsuz iýmitlendirip bilersiňiz, täze doglan bäbägiňizi eliňize alyp we onuň bilen bir otagda bolup bilersiňiz.

Siziň özüňizi sagdyn duýýanlygyňyza ýa-da COVID-ň alamatlaryny başdan geçirýänligiňize garamazdan, sizi we bäbegiňizi iň howpsuz düzgünler bilen üpjün etmek üçin bu ýerde täze we göwreli eneleriň umumy soraglaryna käbir jogaplary mysal getirýäris.

Improved_rates_of_breastfeeding
UNICEF

Pandemiýa döwründe çagamy göwüs süýdi bilen iýmitlendirsem bolýarmy?

Gürrüňsiz. Ene süýdi çaganyň sagdynglygyny güýçlendirýän we ony köp ýokançlardan goraýan del bedenjikleri üpjün edýär. Çaga kesel ýokuşan halatynda göwüs süýdündäki del bedenjikler we bio-işjeň faktorlar COVID-19 ýokanjyna garşy göreşip bilerler.

Eger çagaňyz 6 aýlyk ýa-da ondan kiçi bolsa, ol diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilmelidir. Çagaňyz 6 aýlyk bolandan soň hem ony howpsuz we sagdyn goşmaça iýmitler bilen birlikde ene süýdi bilen iýmitlendirmegi dowam ediň.

Ene süýdi bilen iýmitlendirmek arkaly siz çagaňyza COVID-19 ýokuşdyryp bilersiňizmi?

Alymlaryň ene süýdüniň barlaglary dowam etdirýänligine garamazdan, şu günki güne çenli işjeň COVID-19 (ýokanjy döredip bilýän wirus) ene süýdi we göwüs süýdi bilen iýmitlendirme arkaly ýokuşýanlygy ýüze çykarylmady.

Täze doglan bäbegiňiz bilen teniňiz tenine galtaşsyn. Täze doglan bäbegiňizi ýanyňyzda goýmak turuwbaşdan göwüs süýdi bilen iýmitlendirmäge girişmäge mümkinçilik berýär we bu bolsa täze doglan bäbeklerde ölüm derejesini azaldýar. Wagt örän wajyp zatdyr we dogumdan soň ilkinji sagadyň dowamynda göwüs süýdi bilen iýmitlendirmäge başlamak maslahat berilýär.

Eger COVID-19 ýokuşan bolsa ýa-da ýokuşandyr diýip güman etsem, maňa çagamy emdirmek bolýarmy?

Hawa, degişli seresaplylyk çärelerini görmek arkaly ene süýdi bilen iýmitlendirmegi dowam ediň. Bu, eger mümkin bolsa, agyz-burun örtügini dakynmak, bäbegiňizi ellemezden ozal we soň elleriňizi sabynlap ýuwmak ýa-da düzümi spirtli el arassalaýjy serişdäni ulanmak we elleriňiziň degen ýerlerini gündelik arassalamak we zyýansyzlandyrmak ýaly çäreleri öz içine alýar. Eger ýakaňyza üsgüren bolsaňyz, ony arassalamak zerurdyr. Ýogsam, her gezek emdirmezden ozal göwsüňizi ýuwmagyň zerurlygy ýokdyr.

Eger ene süýdi bilen iýmitlendirmäge mejalym bolmasa, näme etmeli?

Eger emdirmäge mejalyňyz bolmasa, onda çagaňyzy howpsuz usulda ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň beýleki ýollaryny tapjak boluň. Süýdüňizi sagyp almaga we ony arassa käse ýa-da çemçe bilen çagaňyza bermäge synanyşyň. Eger töweregiňizde ene süýdi bilen üpjün edip biljek başga biri bolsa, onda ony hem göz öňünde tutup bilersiňiz. Siziň üçin elýeter beýleki ýollar hakynda ene süýdi bilen iýmitlendirme boýunça maslahatçyňyz ýa-da saglygy goraýyş işgäri bilen gürleşiň.

Özüňizi ýeterlik derejede gowy duýsaňyz, çagaňyzy göwüs süýdi bilen ýene-de iýmitlendirip bilmegiňiz üçin süýdüňizi sagyp almak süýt üpjünçiligi üçin wajypdyr.  COVID-19-ň barlygy tassyklanylandan soň ýa-da sübhelenilenden soň oňa garaşmak üçin hiç hili kesgitli wagt aralygy ýokdyr.

Eger süýdiňizi sagyp almaga mümkinçilik ýa-da göwüs süýdi bilen üpjün edip biljek adam elýeter bolmasa, onda, mümkin bolsa, eneke tutuň ýa-da talaba laýyk taýýarlanan, howpsuz we täze emeli bäbek iýmitini göz öňünde tutuň.

Eger çagam näsag bolsa, ony emdirsem bolýarmy?

Ol näsag bolsa-da, göwüs süýdi bilen iýmitlendirmegi dowam ediň. Bäbegiňize COVID-19-ň ýa-da başga bir keseliň ýokuşanlygyna garamazdan, ony göwüs süýdi bilen iýmitlendirmegi dowam etmek wajypdyr. Göwüs süýdi bilen iýmitlendirme bäbegiňiziň immun ulgamyny güýçlendirýär we ýokançlara garşy göreşmekde kömek etmek üçin göwüs süýdi arkaly siziň del bedenjikleriňiz oňa geçýär.

Ene süýdi bilen iýmitlendirýän wagtym nähili seresaplylyk çärelerini berjaý etmeli?

Elleriňizi ýuwmagyň düzgünlerini berjaý ediň. Bäbegiňizi ellemezden ozal we soň elleriňizi hökman sabynlap ýuwmaly. Düzümi spirtli el arassalaýjy serişdäni hem ulanyp bilersiňiz. Ellleriňiziň degen islendik ýerini arassalamak we dezinfisirlemek hem wajypdyr.

Emzikleri, süýt çüýşelerini we beýleki gaplary adatyça her gezek ulanylandan soň ýuwuň.

 

COVID-19 döwründe ene süýdi bilen iýmitlendirme hakynda goşmaça maglumatlar üçin, seret: Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň gollanmasy (World Health Organization).

Makalanyň awtory Mandy Rich, Digital Content Writer, UNICEF