Türkmenistanyň ähli ýerlerindäki mekdep okuwçylary üçin el ýuwmak boýunça onlaýn-sapaklar

Türkmenistanyň ähli ýerlerindäki mekdep okuwçylary El ýuwmagyň Bütindünýä güni mynasybetli geçirilýän interaktiw onlaýn sapaklara gatnaşýarlar

Kemal Gaitnazarow, ÝUNISEF Türkmenistan, Sanly aragatnaşyk boýunça konsultant
Handwashing Sessions Go Live in Schools Across Turkmenistan
UNICEF Turkmenistan
15 Oktýabr 2021

Şu gün, ÝUNISEF we Bilim ministrligi Türkmenistanyň ähli ýerlerindäki mekdep okuwçylaryny El ýuwmagyň Bütindünýä güni mynasybetli geçirilýän interaktiw onlaýn sapaklara  gatnaşmaga çagyrdy. Sapaklar mekdep okuwçylarynyň arasynda, hususan-da  COVID-19 pandemiýasy döwründe elleriň arassaçylygynyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berjaý edilmeginiň wajyplygyny wagyz etmäge gönükdirilendir. Sapaklary alyp baran DÖM-niň ýaş ilçileri El ýuwmagyň Bütindünýä güni hakynda olaryň habarlylygyny ýokarlandyrdylar, arassaçylyk hakynda bilimiň ýaýradylmagynyň wajyplygy hakynda gürrüň berdiler, hapa eller arkaly mikroblaryň geçişini düşündirdiler we elleri sabynlap dogry ýuwmagyň tapgyrlaryny görkezdiler. DÖM-niň ilçileri ÝUNISEF-ň hünärmenleri bilen sapaklardan öňinçä ulanan we öwrenen okatmagyň interaktiw usullaryny ulandylar.

Çagalara biziň ellerimizdäki mikroblara öýkünýän hapalary görkezmegimiz we mikroblaryň kitaplara, almalara we käselere geçişini görkezmek örän gyzykly boldy. Bu rollaýyn oýun bize mikroblaryň ellerimizden başga zatlaryň ýüzüne geçişini aňsatlyk bilen düşündirmäge kömek etdi we elleri ýuwmagyň wajyplygyny görkezdi,

diýip DÖM-niň ýaş ilçisi Zöhre Geldiýewa aýtdy.
UNICEF Turkmenistan
Zöhre Geldiýewa, DÖM-iň ýaş ilçisi we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby el ýuwmak sapagyndaky täsirleri bilen paýlaşýar

Interaktiw sapaklaryň üsti meşhur türkmen personažlary Merjeniň we Mergeniň gatnaşmagynda elleri ýuwmak hakyndaky öwrediji wideolar, animasion rolikler, şeýle-de 2020-nji ýylda meşhur türkmen aktýory Aşyr Dädäniň gatnaşmagynda ÝUNISEF-iň  Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen hyzmatdaşlykda döreden şahsy arassaçylyk hakyndaky wideosy bilen ýetirildi. Ondan başga-da, ÝUNISEF tarapyndan taýýarlanan elleri sabynlap ýuwmagyň dogry usulyny görkezýän 7-ýaşly Näzli atly gyzjagaz hakynda gürrüň berýän täze wideo rolige mekdep okuwçylary uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Arassaçylygyň düzgünleri hakyndaky wideo rolikler we plakatlar bütin ýurt boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda ýaýradyldy.

UNICEF Turkmenistan
Arslankerim Kerimow, DÖM-iň ýaş ilçisi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyby Bütindünýä el ýuwmak gününde öz minnetdarlygyny we arzuwlaryny bildirýär

Men bu uly çärä gatnaşýanlygyma we elleri ýuwmak boýunça esasy pikirleri mekdep okuwçylaryna ýetirmek üçin ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlyk etmäge döredilen mümkinçilige örän şat,

diýip DÖM-niň ýaş ilçisi Arslankerim Kerimow belledi.

El ýuwmagyň Bütindünýä güni elleri ýuwmagy wagyz etmäge bagyşlanandyr we bu ýylda bolsa, ol elleriň ähliumumy arassaçylygy we sagdyn durmuş ýörelgeleri boýunça agzybir hereket etmäge çagyrýan “Biziň gelejegimiz öz elimizdedir - geliň bilelikde öňe gideliň” atly şygar astynda bellenilýär.  COVID-19 global pandemiýasy keseliň ýaýramagyny azaltmak üçin elleri ýuwmagyň wajyplygyny aýratyn nygtaýar.

“Bu ýeňil bolmadyk döwürde ÝUNISEF mekdep okuwçylarynyň arasynda elleri ýuwmagy wagyz etmekde Bilim ministrligi we DÖM-niň ýaş ilçileri bilen hyzmatdaşlyk edýänligine şatdyr. Pandemiýanyň çäklerinden çykdygymyzça we täze reallara geçdigimizçe, bize ösüşiň depginini saklamak we elleriň ähliumumy arassaçylygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek diýseň wajypdyr”,

diýip ÝUNISEF-ň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandr Nartea aýtdy.
Handwashing Sessions Go Live in Schools Across Turkmenistan
UNICEF Turkmenistan

El ýuwmagyň Bütindünýä güni hakynda goşmaça maglumart üçin, seret:  https://globalhandwashing.org/global-handwashing-day/