ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy Halkara zenanlar gününde pandemiýa garşy göreşiň öň hatarynda duran ähli aýal-gyzlary gutlaýar
8-nji Mart, Aşgabat. Halkara zenanlar gününde ÝUNISEF, gender, ýagny jyns taýdan deňhukuklyk we aýal-gyzlaryň hukuklaryny artdyrmak boýunça gazanylan üstünlikleri gözden geçirýär we gender taýdan deňligi gazanmak ugrunda, dowam edýän pandemiýa döwründe ýetilen üstünliklerine tankydy nukdaý nazaryndan garaýar.
Häzirki COVID-19 pandemiýasy, iş orunlarynyň aglaba bölegini zenanlar eýeleýän resmi däl ykdysadyýetiň kiçelmegi bilen olaryň garyplyga düşmegi we işsiz galmagy, maşgaladaky zorlugyň artmagy we tölenmeýän ideg ýaly betbagytçylklar görnüşinde bütin dünýädäki aýal-gyzlara güýçli täsirini ýetirýär. Şol bir wagtyň özünde zenalar, saglyk işgärleri, terbiýeçiler, täzelikçiler, jemgyýetçilik guramaçylary şeýle hem pandemiýa garşy göreşde iň göreldeli we ýokary netijeli milli ýolbaşçylar hökmünde, COVID-19 bilen bagly çökgünligi ýeňip geçmek ugrunda öňdebaryjy orunlary eýeleýärler.
“Biz, gyzlaryň tutuş bir nesline, bu pandemiýanyň ýaramaz täsiri zerarly ömrüniň ahyryna çenli ejir çekmeklerine ýol berip bilmeris. Pandemiýadan soňky döwürde işleýändigimizi nazara almak bilen, gyzlar, global, milli we ýerli pandemiýa garşy göreş we dikeldiş meýilnamalarynyň merkezinde bolmalydyrlar” -diýip, ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji direktory Katrin Rassel Halkara aýallar güni mynasybetli eden çykyşynda belläp geçdi.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy, milli hyzmatdaşlar bilen, aýal-gyzlaryň saglygyna, şeýle hem zenanlaryň dowam edýän pandemiýa döwründe tutýan orunlaryna sosial media platformalary arkaly ünsi jemlemek bilen bu möhüm habary dowam edip, sport, grafiki dizaýn we eko-işjeňlik ýaly dürli ugurlarda özleriniň saldamly goşandyny goşan 8 sany ýaş zenanyň gazanan üstünlikleri baradaky durmuş hekaýalaryny beýan edýän habar beriş kampaniýasyna başlady. Ýaş aýal-gyzlar, global pandemiýanyň döreden kynçylyklaryna garamazdan öz ugurlaryndaky öňegidişlikler we alnan sapaklar bilen paýlaşýarlar.

“Meniň üçin maksatlara ýetmekde iň möhüm zat, bilimimi yzygiderli giňeltmek we açykgöwünli, mylaýym bolmakdyr. Men çagalygymdan elmydama şepagat uýasy bolmak isleýärdim we men öz arzuwyma ýetdim. Häzirki gün, global pandemiýa şertlerinde, köp adamlar üçin hünärimiziň gymmaty we zerurlygy has aýdyň görünýär"- diýip şepagat uýasy Nargilýa Gasanowa aýdýar.

Gender deňliginiň zerurdygyny, pandemiýa şertlerinde zenanlaryň saglygynyň uly ähmiýetini bellemek, şeýle hem aýal-gyzlaryň hukuklaryny giňeltmegiň geljekdäki ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen ÝUNISEF, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) we Birleşen milletler guramasynyň ilat gaznasy (UNFPA) bilen bilelikde Türkmenistanyň milli habar beriş serişdeleri we jemgyýetçilik guramalary üçin brifing geçirdi. Göwrelilik, ene süýdi bilen iýmitlendirmek we sanjym ýaly mowzuklary, bütin dünýäde jyns esasly zorlugyň artmagy we oňa garşy göreşmegiň ýollary, jyns taýdan sosial-durmuş kadalara garşy göreşmäge kömek edýän umumy möhüm pikirleri öz içine almak bilen, bu çärä gatnaşanlar, telewideniýe, radio, onlaýn platformalar we jemgyýetçilik duşuşyklary ýaly metbugat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen özüňi alyp barmaklyk nukdaýnazaryndan özgerişleri gazanmak üçin bu möhüm habarlary ýaýratmagyň dürli ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

«Meni zenan maşgala ösdürip ýetişdirdi, ulaltdy, we men ejemden, enemden we mamamdan nämäniň gowy, nämäniň erbetdigini öwrendim. Meniň pikirimçe, köp adamlarda hem edil şular ýaly, we munuň özi bolsa aýallaryň jemgyýetçilik we özüňü alyp barmak häsiýetini üýtgetmekde esasy we aýgytly we kesgitleýji orny eýeleýändigini görkezýär. “Bu pandemiýa, zenanlaryň goşantlarynyň ägirt uly ähmiýetini we şunuň bilen bir hatarda olaryň göterýän deňsiz-taýsyz ýüküni görkezdi”- diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýýazi brifinge gatnaşyjylara ýüzlendi. “Türkmenistanyň ähli aýal-gyzlaryny ýetip gelýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn we hiç kimi yzda galdyrmaz ýaly, ÝUNISEF-iň has adalatly geljegi döretmek we pandemiýadan gutulmak üçin bütin dünýädäki gyzlar we aýallar bilen bilelikde işleşmäge hemişe ygrarlydygyny sizi ynandyrýaryn”.
Gyzlaryň hünärlerine, öz öňlerinde goýan maksatlaryna we mümkinçiliklerine maýa goýmak üçin ÝUNISEF, Türkmenistandaky milli hyzmatdaşlary bilen saglyk, iýmitlenmek, bilim, suw üpjünçiligi, arassaçylyk, çagalary goramak we jemgyýetçilik syýasaty ýaly ugurlada degişli işleri geçirmegi dowam eder.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.