Türkmenistanly gyzlar özleriniň geljege sary ýollaryny programmirleýärler
ÝUNISEF bütin dünýäniň ähli ýerlerinden gyzlar we zenanlar bilen “Maglumat we Aragatnaşyk Tehnologiýalary bilen meşgullanýan gyzlaryň gününi” belleýär
Bu gün, 2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde ÝUNISEF bütin dünýäniň ähli ýerlerinden gyzlar we zenanlar bilen “Maglumat we Aragatnaşyk Tehnologiýalary bilen meşgullanýan gyzlaryň gününi” belleýär we kompýuter ulgamlary üçin programmirlemäni öwrenýän türkmenistanly gyzlar Aýlaryň we Şiriniň özleri barada beren gürrüňlerini paýlaşýar. Bu makalada gyzlar özleriniň programmirleme pudagyndaky ýoly we bu ugurda üstünlige ýetmek üçin zerur bolan zatlar barada gürrüň berýärler.
Aýlar Aşgabatdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby we kompýuter programmirlemesini öwrenýär. Ozal ol Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki zehinli çagalaryň ýöriteleşdirilen mekdebini tamamlady. Mekdep ýyllarynda Aýlar maglumat tehnologiýalarynda we matematikada üstünlik gazansa-da, geljekde kär saýlamaly bolýança bu predmetler bilen has içgin gyzyklanmandyr. Hut şol pursat gelende ol programma üpjünçiligini işläp düzmegi öwrenmek isleýänligine düşünip, programmirlemede öz ýoluna başlady.
Öwrendigiçe we tejribe topladygyça, bu ugur Aýlary gitdigiçe gyzyklandyrdy. Tejribe gazanmak üçin ol kiçi taslamalaryň üstünde işläp başlapdy. Aýlar tutanýerli zähmediň we ruhubelentligiň özüne bu ugurda üstünlik getirjekligine ynanýardy.
“Programmirleme – bu diňe oglanlar üçin däl, gyzlar hem onuň bilen meşgullanyp bilerler, esasy zat - bu siziň tejribäňizdir. Eger siz ýokary hünärli programmirleme inženeri bolmak isleseňiz, onda size kiçiräk taslamalardan başlamak gerek we hatda tölegsiz işlemeli bolmagyňyz hem mümkin” diýip, Aýlar belledi.
Häzirki wagtda Aýlar “Android” üçin goşundylary işläp düzýär hem-de birnäçe kiçi we uly taslamalaryň üstünde iş alyp barýar.
Ilkibaşda, Aýlar “Kotlin” dilinde programmirlemäni öwrendi. “Kotlin” - bu programmirlemäniň döwrebap statik dilidir we “Android” üçin kömekçi mobil programmalary düzýänleriň 60%-den gowragy ondan peýdalanýarlar. Ýaňy başlanda, ol “Java” dilinde hem işledi. “Beýlekiler bilen deňeşdirende, käbir dillerde işlemek ýeňil. Siziň öz isleýän zadyňyz bolsa-da, dürli kompaniýalara we müşderilere hyzmatlary hödürlemek mümkinçiligiňiziň bolmagy üçin mümkingadar köp dili bilmek gerekligini bilmelisiňiz” diýip, Aýlar belledi.
“Programmist gyz bolmak - bu köp bökdençliklerden geçmegi aňladýar, olaryň biri bolsa köne yzagalak gender düşünjeleridir. Men zähmet ýoluma başlanymdan bäri özümiň geljegim bilen baglanşykly güýçli pikirler we umytlar, şeýle-de gyz hökmünde, men näme etmeli we näme etmeli däl diýen zatlar bilen ýüzbe-ýüz boldum. Ýöne men hiç wagt ýan bermedim we arzuwyma ýetmäge jan etdim” diýip, “Android” programma inženeri Aýlar aýdýar.
Şirin - Aýlaryň jorasy, ol hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde okaýar we programmirlemäni öwrenýär. Mekdep ýyllarynda Şirin informatika derslerine işjeň gatnaşýardy we çylşyrymly deňlemeleri çözmegi gowy görýärdi. Ol matematikadan ökde bolsa-da, entek öz bilimini iş ýüzünde nähili ulanmalydygyny bilmeýärdi. Uniwersitetiň birinji ýylynda Şirin ýerli uly bolmadyk startup kompaniýada tejribe geçip başlady we ol ýerde “Swift” dilini öwrendi. “Swift” – bu iOS, “Mac”, “Apple TV” we “Apple Watch” ýaly “Apple” ekoulgamda islendik goşundylary ýazmak üçin ygtybarly we intuitiw düşnükli programmirleme dilidir. Şirin şeýle-de programmirlemäniň “Python”, “Dart” we “Kotlin” ýaly dillerini hem öwrendi.
Programmirleme dünýäsine aralaşanda Şirini bu ýolda ugrukdyrjak halypasy ýokdy. Emma hemişe kämilleşme, berk düzgün-tertip we tutanýerlilik oňa iOS mobil inženeri bolmaga kömek etdi we ol çylşyrymly taslamalaryň üstünde işledi.
“Seni gerek ugra gönükdirip biljek halypaň bolmazlygy uly kynçylyk döredýär. Mende şeýle halypanyň bolmanlygy üçin, biz Aýlar bilen köp wagt geçirerdik, bile okardyk we birek-birege kömek ederdik. Indi, kimdir biri men programmirlemäni öwrenmek isleýärin diýse, men şol adama hemişe kömek etmäge çalyşýaryn, çünki men öwrenmegiň we ýekelikde bularyň hemmesine düşünmegiň nähili kynlygyny öz tejribämden bilýärin” diýip” iOS mobil inženeri Şirin belledi.
Olar kämilleşmegini we programmirlemegiň täze usullaryny öwrenmegi dowam edýärler we öz hünärlerine geljekde uly ynam bildirýärler. Olary gurşap alan könelişen gender düşünjelerine garamazdan, Aýlar we Şirin geljege uly ynam bilen bakýarlar. Gyzlar kimdir biri nämedir bir zady öwrenmek islese we ony bilmek üçin tutanýerli zähmet çekse, onda başa barmajak zadyň ýoklugyny belleýärler.
Aýlaryň we Şiriniň pikirine görä, her bir inžener-programmaçynyň esasy başarmaly zatlarynyň biri - bu internetde gerek maglumatlary gözlemegi endik etmegidir.
Boş wagtlary gyzlar sport bilen meşgullanmagy we açyk howada wagtlaryny geçirmegi gowy görýärler, çünki, olaryň sözlerine görä, oturyp edilýän iş programmaçynyň saglygyna ýaramaz täsir edip biler.
ÝUNISEF Şirinden we Aýlardan kompýuter programmirlemesinde öz ýoluna başlaýan gyzlara we zenanlara öz maslahatlaryny bermeklerini haýyş etdi we ine olaryň wajyp hasaplaýan zatlary şulardan ybarat:
1. Halypa, ýagny sizi gerek ugra gönükdirip biljek adam tapyň.
2. Iňlis dilini öwreniň. Iňlis dilini bilmezden programmirleme dünýäsine aralaşmak mümkin, emma kodlary ýazmak we olaryň düýp manysyna düşünmek üçin bu dili bilmek zerurdyr. Programmirleme bilen baglanşykly hemme edebiýatlar diýen ýaly iňlis dilinde ýazylandyr.
3. Sabyrly boluň we irginsiz zähmet çekiň. Hiç bir hünär ýa-da iş aňsatlyk bilen ýa-da bir günde aldyrmaýar. Programmirleme dünýäsine aýak basanyňyzda, siz onuň kynçylyklaryna garşy göreşmeli bolýarsyňyz. “Käbir hünärler diňe erkek adamlar ýa-da diňe zenanlar üçin niýetlenen diýip hasaplaýan könelişen gender düşünjeli adamlar hem bar. Köne gender düşünjeleri entek hem saklanyp galan hem bolsa, men eger gyzlar okasa we günde irginsiz zähmet çekse, onda olaryň başarmajak zady bolmaz diýip hasaplaýaryn. Arzuwlaryňyza we maksatlaryňyza ýetmekde ýakyn adamlaryňyzyň size goldaw bermegi sizi ruhlandyrýar we ene-atamyň meni we meniň her bir ädimimi goldaýanlygyna juda hoşal” diýip, Aýlar öz sözüniň üstini ýetirdi.
Şirin we Aýlar kodlamany we programmirlemäni öwrenmäge başlamak isleýän gyzlara batyrgaý bolmagy, özlerine bil baglamagy we özlerine şatlyk getirjek zat bilen meşgullanmagy arzuw edýärler. Olar özleri barada aýdylan zatlaryň has köp gyzlary arzuwlaryna ýetmäge, kynçylyklary ýeňip geçmäge we programmirleme pudagynda üstünliklere ýetmäge ruhlandyrar diýip umyt edýärler.