ÝUNISEF: – 25 ýylyň dowamynda deň bolmadyk özgerişler: bilim ulgamynda gazanylan üstünliklere garamazdan, dünýä heniz hem gyzlar üçin zalym we hukuk kemsitmelerinden doly ýer bolmagynda galýar
Pekin şäherinde zenanlaryň ýagdaýy barada taryhy maslahat geçirilenden 25 ýyl soň, zenanlara we gyzlara garşy zalymlyk diňe bir giňden ýaýran bolman, eýsem adaty zat bolmagynda galýar
Öňki döwürler bilen deňeşdirilende, şu gün has köp gyzlar mekdebe gatnaýar we okamagyny dowam edýär, emma bilim ulgamynda gazanylan öňegidişliklere garamazdan, dünýä jemgyýetçiligi gyzlar üçin has deňhukukly we zalym däl ýaşaýyş şertlerini döretmekde öňegidişlikleri gazanyp bilmedi. Bu barada şu gün ÝUNISEF-iň Halkara meýilnamasynyň we BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň hasabatynda aýdyldy.
Zenanlaryň ýagdaýy boýunça komissiýanyň 64-nji ýygnagynyň öňüsyrasynda çykarylan hasabata laýyklykda, soňky 20 ýylyň içinde mekdebe gatnamaýan gyzlaryň sany 79 milliona çenli peseldi. Hakykatda, diňe soňky on ýylyň içinde orta mekdepde okamaga mümkinçiligi bolan gyzlaryň sany oglanlaryň sanyndan geçdi.
Şeýle-de bolsa, gyzlara we zenanlara garşy zalymlyk ýaýran hadysa bolmagynda galýar. 2016-njy ýylda adam söwdasy bilen baglanyşykly ýüze çykarylan ýagdaýlaryň 70 göteriminiň zenanlar we gyzlardygy anyklanyldy, bu esasan jynsy ekspluatasiýa bilen bagly. 15-19 ýaşly gyzlaryň 20-den 1-i, ýa-da 13 milliona golaýy ömrüniň dowamynda jynsy zorluga sezewar boldy, bu bolsa gyzlara we zenanlara edilýän sütemiň iň zalym görnüşi bolup durýar.
“Ýigrimi bäş ýyl mundan ozal dünýä liderleri zenanlaryň we gyzlaryň öňünde borçlary öz üstüne aldy, emma olar bu borçlary diňe bölekleýin ýerine ýetirdi. Hökümetler gyzlaryň aglabasyna mekdebe gatnamaga mümkinçilik bermekde syýasy goldawy berdi, emma gyzlaryň diňe bir öz ýaşaýşyny özleri çözmek, howpsuz we mertebeli gurşawda ýaşamak üçin zerur bolan başarnyklary we goldawy bermäge olaryň güýji ýetmedi” diýip, ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji direktory Genriýetta For aýtdy.
“Bilimiň elýeterliligini üpjün etmek ýeterlik däl: biz adamlaryň özüni alyp barşyny we olaryň gyzlara bolan garaýşyny üýtgetmeli. Ähli gyzlar zorlukdan goragly, öz hukuklaryny erkin amala aşyryp, durmuşda deň hukuklardan peýdalanyp bilende hakyky deňlige ýetip bolar”.
“Deň mümkinçilikleriň nesli” atly kampaniýanyň çäklerinde “Gyzlaryň täze eýýamy: 25 ýylyň içinde ýetilen sepgitleriň jemini jemlemek” hasabaty taýýarlanyldy. Ol zenanlaryň we gyzlaryň hukuklaryny berkitmäge gönükdirilen Pekin jarnamasynyň we hereketleriň taryhy meýilnamasy bolan Hereket ediş platformasynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanandyr.
Halkara meýilnamasynyň dolandyryjysy Ann-Birgitt Albrektsen: “Hökümetleriň Pekin jarnamasynyň çäklerinde öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşmegini gazanmak örän möhümdir. Bu hasabat 25 ýylyň içinde gyzlaryň dünýäsiniň toplumlaýyn görnüşini suratlandyrýar. Ýetginjek gyzlar özleriniň ýaşy we jynsy bilen baglanyşykly kemsitmelerden dowamly ejir çekýär, şol bir wagtda olar heniz hem öz jemgyýetleriniň durmuşyndan we çözgütleri kabul ediş işlerinden uzakda bolup, döwlet syýasaty işlenilip taýýarlanylanda olaryň bähbitleri hasaba alynmaýar. Ýetginjek gyzlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi jemgyýet üçin üç derejeli peýda getirer: şu gün ýaşaýan gyzlar üçin, olaryň zenan hökmündäki geljegi üçin we olaryň geljekki çagalary, ýagny indiki nesliň wekilleri üçin. Eger biz muňa göz ýetirip, dünýäde heniz hem köp gyzlaryň duçar bolýan hukuk kemsitmeleriniň soňuna çykmagy başarmasak, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibinde gender deňligi boýunça beýan edilýän maksatlara ýetmäge mümkinçiligimiz az bolar” diýdi.
“BMG-zenanlar” birleşiginiň ýerine ýetiriji müdiri Fumzile Mlambo-Ngkuka: “1995-nji ýylda Pekin şäherinde “gyzlaryň” meselelerine ilkinji gezek aýratyn üns berlen wagtdan bäri, biz gyzlaryň öz hukuklaryny talap edýändikleri we bizi bu herekete çagyrýandyklary barada ýygy-ýygydan eşidýäris. Emma dünýä jemgyýeti heniz hem olaryň dünýäni jogapkär ýagdaýda dolandyrmak, zorlukdan azat bolan ýaşaýşy üpjün etmek babatda garaýyşlaryny we ykdysady garaşsyzlyga bolan umytlaryny kanagatlandyryp bilmeýär. Zenanlar we gyzlar, erkeklere garanda, öýe seretmek üçin üç esse köp wagtyny sarp etmeli bolýandyklary üçin, gyzlaryň okuwy tamamlandan soň oňat we howpsuz işe girmäge deň mümkinçilikleri bolmaz. Şeýle ýagdaýy tutuş adamzadyň bähbidi üçin üýtgetmek zerur. Gyzlara geljekde tehnologiýa we sanly ulgamda işlemek üçin zerur bolup biljek başarnyklary gazanmagyny üpjün etmek, şeýle-de gender zorlugynyň soňuny çykmak zerur” diýip belledi.
Şu gün gyzlar hukuk bozulmalarynyň howplaryny ähli ýerde – internetde, mekdepde, öýde we jemgyýetde başdan geçirýär, bu olara fiziki, psihologiki we jemgyýetçilik taýdan uly täsir edýär. Hasabatda bellenilişine görä, kämillik ýaşyna ýetmedik çaga bilen durmuş gurmak we gyzlaryň jynsy beden agzalarynda geçirilýän zeper ýetiriji operasiýalary etmek ýaly howply tejribeler tutuş dünýäde millionlarça gyzlaryň saglygyna, ýaşaýşyna we mümkinçiliklerine zeper ýetirmegini dowam edýär. Her ýyl 12 million gyz çaga wagty durmuşa çykýar, 4 million gyz bolsa jynsy beden agzalarynda geçirilýän zeper ýetiriji operasiýalara sezewar edilýär. Dünýäde 15-19 ýaşly gyzlar we oglanlar erkekleriň öz aýallaryny urmagyny adaty zat diýip hasap edýärler.
Ondan başga-da, hasabatda iýmitleniş we saglyk ulgamynda gyzlar babatda 25 ýyl mundan öň göz öňüne getirmek kyn bolan ýaramaz ýörelgeler barada bellenilýär. Mysal üçin, globalizasiýa, adaty iýmitden gaýtadan işlenilen iýmite geçmek, zyýanly azyk önümler we çagalara gönükdirilen güýçli marketing tilsimleriniň ýaýramagy saglyga zyýanly önümleriň we düzüminde şeker bolan içgileriň giňden ulanylmagyna getirdi. Bu bolsa aşa semizlikden ejir çekýän çagalaryň we ýetginjekleriň sanynyň köpelmegine getirdi. 1995-2016-njy ýyllarda 5-19 ýaşly gyzlaryň arasynda aşa semizligiň derejesi iki esse diýen ýaly, ýagny 9-dan 17 göterime çenli ýokarlandy. Bu bolsa şu günki günde aşa semizlikden ejir çekýän gyzlaryň iki essä golaý köpelmegine getirdi, ýagny 1995-nji ýylda olaryň sany 75 million bolan bolsa, şu gün 155 milliona ýetdi.
Şol bir wagtda, soňky 25 ýylda sanly tehnologiýalaryň aşa köp ulanylmagy zerarly ýüze çykýan ruhy saglyk meseleleriniň ýaýramagy bellenilýär. Hasabata görä, häzirki wagtda 15-19 ýaşly gyzlaryň arasynda jana kast etmek enelik kesellerinden soň ölümiň sebäpleriniň ikinjisi bolup durýar. Ondan başga-da, gyzlaryň jyns gatnaşyklarynyň üsti bilen geçýän ýokanç kesellere, şol sanda AIW keseline uçramagynyň görkezijileri heniz hem ýokary bolmagynda galýar. AIW keseli bilen ýaşaýan 10-19 ýaşyndaky gyzlaryň sany şu gün 970 müňe deň, 1995-nji ýylda bolsa olaryň sany 740 müňe barabardy. Tutuş dünýäde ýetginjekleriň arasynda AIW keseliniň 4-den 3 ýagdaýy 10-19 ýaşyndaky gyzlara degişli.
Hasabat aşakdaky ugurlar boýunça herekete çagyrýar:
- Gelip çykyşyna, milletine, girdeji we durmuş ýagdaýyna garamazdan, ähli gyzlar üçin üýtgeşmeleri öňe sürmek we çözgütleri işläp taýýarlamak, özleriniň bedeni, jemgyýeti, bilim derejesi we geljegi bilen baglanyşykly gepleşiklere, platformalara we işlere gatnaşmagyň üsti bilen öz garaýyşlaryny we pikirlerini işjeň ýagdaýda beýan etmek babatda mümkinçilikleri döretmek we giňeltmek.
- Öňegidişlikleri tizleşdirmäge ýardam berýän we döwre laýyk nusgalary gyzlaryň bähbidine we olaryň gatnaşmagynda ulanmagy giňeltmek, şol sanda dördünji senagat öwrülişigini amala aşyrmak üçin olaryň başarnyklaryny ösdürmek we gender zorlugyny, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar bilen durmuş gurulmagyny hem-de jynsy beden agzalarynda geçirilýän zeper ýetiriji operasiýalary aradan aýyrmak ugrunda nesli ösdürmek maksady bilen, syýasata we maksatnamalara goýulýan maýa goýumlary artdyrmak.
- Ýaşa we jynsa baglylykda ýokary hilli maglumatlary toplamak, derňemek we ulanmak, şeýle-de gender zorlugy, 21-nji asyryň başarnyklaryny ele almak, ýetginjekleriň iýmitlenişi we ruhy saglygy ýaly bilimiň çäkli pudaklarynda ylmy-barlaglara maýa goýumlaryň goýulmagyny köpeltmek.
###
Redaktorlar üçin bellikler:
Multimedia materiallaryny bu ýere ýükläň.
Gender deňligi barada bu ýerde okaň.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.
ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.